Mary welaýatynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, gözegçilikler berkedi. Mary şäheriniň esasy köçeleriniň ugrunda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, iýunyň 16-dan 17-ne geçen gije giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu başagaýlyklar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň sebite etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.
"Gözegçilikler, öňki gezekler bilen deňeşdirilende, has-da berkedi. Irdenden bäri şäher ýaşaýjylarynyň aglabasy öýlerinden çykmaly däl, penjirelerini açmaly däl. Esasan-da merkezi köçelere has güýçli gözegçilik edilip, her jaýyň girelgesinde eli rasiýaly bir organ işgäri dur. Hiç bir adam öýünden çykyp bilmeýär. Işe gidýän adamlar yzyna, öýüne gaýtarylýar. Şähere barýan ähli ýollar ýapyk" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 17-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
Berk gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, Lebap welaýatyndan Mara polisiýa işgärleri hem getirildi. "Prezident Lebaba sapar edende, Marydan polisiýa işgärlerini alyp gidipdiler. Indi aňyrdan bu ýere getirýärler" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran polisiýa işgäri aýtdy.
Ýerli kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, gözegçilikleriň güýçlendirilmegi, prezidentiň we onuň kakasynyň, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýunda Mara etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.
"Bu gezek döwlet baştutanynyň iki bolup gelýändigi, ýagny onuň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gelýändigi aýdylýar. Ýöne bizde [Türkmenistanda] adatça bolşy ýaly sapar amala aşýança, olaryň geljekdigi ýa gelmejekdigi, birmi ýa iki bolup geljekdigi anyk belli bolmaýar" diýip, kanun goraýjy aýtdy.
Sapara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, 16-njy iýunda gije giň gerimli arassaçylyk işleri hem geçirildi. Mary welaýatynyň aeroportundan iki gapdala ugur alýan iki köçe dolulugyna diýen ýaly süpürilip ýuwuldy.
Bu köçeleriň biri aeroportuň golaýyndan Hoja Abdylla gonamçylygyna gidýän ýoldan Wekilbazar etrabynyň Täze-durmuş geňeşligine barýar. Bu köçäni ýuwup arassalamak işleri daňdana çenli dowam etdi. Ýoluň hatardan çykan ýerleri abatlandy.
"Bu berk taýýarlyklar prezidentiň Täze-durmuş geňeşligindäki bugdaý meýdanlaryna baryp görmegine garaşylýandygy bilen baglanyşykly" diýip, kanun goraýjy edaradaky çeşmämiz belledi.
Gijesi bilen ýuwulyp, arassalanan köçeleriň ikinjisi aeroportdan gaýdýan Mollanepes köçesinden başlap, tä welaýatyň baş metjidine çenli aralygy öz içine alýar. Köçäniň ugrundaky yşyklandyryş çyralary bejerildi.
"Baş metjitde işleýän işgärleri, şol sanda mollalary ýatymlaýyn alyp galyp, olary azyk bilen üpjün etdiler. Bu işler häkimlik tarapyndan guramalaşdyryldy. Prezidentiň baş metjitde sadaka bermegine hem garaşylýar" diýip, çeşmämiz belledi.
Bu aralykda, habarçymyzyň 17-nji iýunda öýlän sagat 3 töwereginde beren maglumatyna görä, metjitde sadaka berildi. Ýöne habarçymyza bu barada häzirlikçe goşmaça maglumat almak başartmady.
17-nji iýunda irden polisiýa işgärleri şähere giren awtoulag sürüjileriniň tas ählisini saklap, "Arkadag gelýär, şäherde ulag sürmek bolanok" diýip, olaryň ulaglaryny ýol polisiýasynyň awtoduralgasyna alyp gitdiler.
"Polisiýa 17-nji iýunda şäherde ulag sürmeli däldigi barada öňünden duýduryş bermedi. Köp adam "siz bizi bir gün öňünden habarly etseňiz bolmaýarmy? Biz häzir ulag duralgada durany üçin her gününe 50 manat tölemeli bolýarys. Siz öňünden aýdan bolsaňyz, biz öýden çykman oturardyk. Siz bizi diňe bergä sokýaňyz" diýdi we baş metjidiň daşynda gitdigiçe köp adam üýşdi. Polisiýa bu adamlary köşeşdirmek üçin rasiýada polisiýa bölümine çykyp, 'resminamalary alnan adamlaryň dokumentlerini yzyna beriň' diýdi we olary şäheriň ýol polisiýasyna iberdi. Adamlar ynanyp gitdiler, ýöne olaryň hiç biriniň sürüjilik şahadatnamasy we ulagy yzyna gaýtarylyp berilmedi" diýip, maryly sürüjileriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu sapar we oňa görülýän taýýarlyklar barada, adatça bolşy ýaly, ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri resmi derejede habar berýärler. Şol sebäpli bu saparlaryň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy, şeýle-de anyk kimiň ýa-da kimleriň sebite geljekdigi soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Marynyň häkimiýetleri bu taýýarlyklara tas 10 gün ozal başladylar. Habarçylarymyz 9-njy iýunda başlanan taýýarlyklaryň çäginde köçelerde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini, ýollaryň süpürilip ýuwulýandygyny, haşal otlaryň çapylýandygyny, ýol belgileriniň, käbir jaýlaryň üçekleriniň, derwezeleriň we haýatlaryň reňklenýändigini habar beripdiler.
Ýöne 15-nji iýunda daňdan Mary welaýatynda turan güýçli ýel görlen taýýarlyklary puja çykardy. Habarçylarymyz jaýlaryň, dükanlaryň üçeklerindäki örtükleriň gopandygyny aýdyp, "öňki taýýarlyklardan zat galmandygyny" habar beripdiler.
"Mary şäheriniň köçelerindäki bannerler, plakatlar ýykylyp, köçede ýatyr. Ýel köşeşenden soň, jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri täzeden arassaçylyk işlerini geçirip başladylar. Köçelerdäki swetaforlar, arça agaçlary ýuwulýar. Ähli edara-kärhanalar, dükanlar we bazarlar ýowar geçirýär. Hamana, tutuş şäher boýunça ýowar yglan edilen ýaly. Bu işlere welaýat häkimliginiň işgärleri gözegçilik edýärler" diýip, habarçymyz gürrüň beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.