Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Hatyra” kitabynyň nobatdaky neşiri çapdan çykdy


TDH-nyň fotosuraty
TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistanda “Hatyra” kitabynyň nobatdaky neşiri çapdan çykdy, onda Daşoguz sebitinden 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda we ýaralanyp, soň hassahanalarda wepat bolan, dereksiz ýiten esgerler barada maglumat berilýär.

Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan bu urşa 200 müňden gowrak esger çagyrylypdyr. TDH-nyň “Hatyra” kitabynyň täze neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Daşoguz sebitinden urşa 30 müňe golaý adam çagyrylyp, olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.

Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar, esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar görkezilýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň neşire taýýarlan kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenipdir.

Öňki sowet ýurtlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşy, adamlaryň uruşda we tylda gören görgüleri we bu agyr betbagtçylygyň düýp sebäpleri barada sowet döwründäki propaganda-wagyz çemeleşmelerinden başgaça, täze nukdaý nazar bilen, töwerekleýin ýazylan işler çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG