Lebap welaýatynyň çägindäki pagtanyň çigidini täzeden işleýän Türkmenabadyň ýag zawody eýýäm üç aý töweregi wagtdan bäri işlemeýär, onuň 250-ä golaý işgärine hem zähmet haky tölenmeýär. Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri ýurduň iň iri ýag zawodlarynyň biriniň işiniň togtap galmagyna çyg mal ýetmezçiliginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
“Türkmenistanyň Azyk önümçiligi birleşigine degişli Türkmenabadyň ýag zawodunyň işi tomusyň başyndan bäri togtadyldy. Zawodyň 320 töweregi işgäriniň 250-sini tölegsiz zähmet rugsadyna ugratdylar. Häzirki wagtda sakçy, şeýle-de zawodyň gündelik iş tertibini üpjün edýän hünärmenleriň, ussalaryň diňe 70 töweregi işledilýär” diýip, bu zawodyň işçileriniň biri anonimlik şertinde 11-nji awgustda gürrüň berdi.
Ol mejbury tölegsiz rugsada iberilen işgärler möwsümleýin işgärler däldigini aýtdy, şeýle-de zawodyň işiniň togtap galmagynyň sebäbini zerur bolan pagta çigidiniň ýoklugy bilen düşündirdi.
“Çigit gutardy. Çyg mal ýok. Iýulyň aýaklaryna welaýatyň etraplaryndan 250 tonna pagta çigidini toplap getirdiler. Üç günüň dowamynda öndürilen ýagy ýörite çelekli ulaglar bilen dessine Ahal welaýatyna äkitdiler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz belledi.
Ol onsuz hem ýurtdaky ýiti ykdysady çökgünligiň, azyk ýetmezçiliginiň arasynda üç aýlap zähmet hakyny alyp bilmän, juda kösenýändiklerini hem sözüne goşdy.
“Ýolbaşçylar 25-nji awgustdan başlap tölegsiz zähmet rugsadyna ugradylan işgärleri täzeden işe çagyrjakdyklaryny aýdýarlar. Pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen, sentýabryň 15-25-i aralygynda zawodyň işini täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.
Ol ozalky ýyllarda zawoduň işiniň kadaly bolandygyny, emma soňky birnäçe ýyldan bäri pagta çigidiniň ýetmezçiligi sebäpli, zawoduň işiniň doly togtadylýan ýagdaýlarynyň ýygjamlaşandygyny hem aýtdy.
“1990-njy ýyllaryň aýaklarynda we 2000-nji ýyllarda bu zawodda gündelik 150-200 tonna pagtanyň çigidi işlenýärdi. Indi bolsa sebitiň iň iri zawodyndan diňe bir boş at galdy. Ol ne önüm öndürýär, ne-de işgärleriniň zähmet hakyny töläp bilýär” diýip, bu zawodda onlarça ýyl bäri zähmet çekýändigini aýdýan söhbetdeşimiz belledi.
Azatlyk emele gelen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň ýag zawodunyň özünden resmi kommentariýa alyp bilmedi.
Habarçylarymyz we çeşmelerimiz soňky döwürde ýyllaryň gurak gelmegi, şeýle-de oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleler, şol sanda suw ýetmezçiligi sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna uly zyýan ýetirendigini aýdýarlar.
Bu aralykda, sebitdäki iri ýag kärhanasynyň öz işini togtatmagy bilen, ýerli ilatyň arasynda meşhurlyga eýe bolan, pagta ýagy hem satuwdan aýryldy.
Ýerli çeşmelerimiziň maglumatyna görä, pagta ýagy ilata degişlilikde arzan bahadan berilýän paýok paýyndan, şeýle-de bazarlaryň we hususy dükanlaryň tekjelerinden hem doly ýitirim bolupdyr.
Türkmenistandaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisi, azyk gytçylygyny we gymmatçylygyny boýun almaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri, Lebapda ýerli pagta ýagynyň eýýäm ençeme aý bäri paýlanmaýandygyna hem düşündiriş bermeýärler.
Azatlyk Radiosy häkimiýetleriň ýurduň oba hojalyk pudagynda ýol berýän kemçilikleri, daýhanlaryň dökün, tehnika we suw ýetmezçilikleri barada yzygiderli habar berýär.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary pagtaçylykda mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygyny, adamlaryň ujypsyz pul üçin tomsuň yssy howasynda we gyş aýlarynda hem meýdana çykyp, pagta ýygmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.
Şu ýyl Türkmenistan 580 müň gektar meýdana gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum