Türkmenistanda itler we pişikler köpçülikleýin tutulýar we öldürilýär. Haýwanlaryň soňky hepdede zalymlyk bilen tutulmagynyň dowam etdirilmegi, haýwanlaryň öldürmegini bikanunçylyk diýip, kesgitleýän täze kanunyň kabul edilmegine gabat geldi.
Türkmenabatda itleriň ýok edilmegi dowam etdirilýär. Azatlygyň ýerli habarçysy öý dolandyryş edaralaryna idegsiz itleri tutmak baradaky buýrugyň jemagat hyzmatlary gullugy tarapyndan berlendigini habar berdi. Haýwanlary tutmaga gatnaşýan her bir işgär gündelik planyny ýerine ýetirmeli.
"Günde 7 iti tutmak düzgüni kesgitlediler. Käbir öý dolandyryş edarasy buýrugy ret edýär. Emma iň işjeň başlykly ýerine ýetiriji edara Himki etrabynda ýerleýär" - diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy aýdýar.
Azatlyk Radosy habarçynyň beren telefon belgilere jaň edip, şäheriň jemagat hyzmatlary edarasy bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma şu wagta çenli düşündiriş alyp bilmedi.
Bu aralykda, Türkmenabatda öý itleri hem tutulýar. Azatlygyň habarçysyna mälim bolan wakalaryň birinde dükanyň öňünde eýesi tarapyndan gysga wagtlyk daňylan bir it urlup öldürilipdir.
Azatlygyň habarçysy bolup geçýän ýagdaýlara gaharly it eýeleriniň bilelikde häkimiýetlere ýüz tutandyklaryny habar berdi.
"Aýallar itlerini alyp gaýtmak üçin Himki etrabyndaky jaý dolandyryş edarasyna geldi. Olara agşam sagat 5-de gelmelidigi aýdylýar, ýöne aldanýar. Şol wagta enli haýwanlaryň hemmesi ýok edilýär. Jemagat gullugynyň başlygy bolsa olar täze kanun bilen süpürinmegi maslahat berýär" diýip, habarçymyz aýdýar.
Soňky günlerde Türkmenabatda surata düşürilen birnäçe wideo Azatlyga elýeterli boldy. Olaryň birinde itleriň saklanýan birnäçe ýerleri görkezilýär. Olar ýykan ýumran, içi we daş töweregi hapa. Ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän demir gözenekli kapasalarda daşy polietilen bilen örtlen haýwanlaryň jesetlerini görüp bolýar. Wideoda ýagdaý barada gürrüň berýän ses töwerek-daşda elhenç ysyň bardygyny habar berýär.
Şuňa meňzeş ýagdaý soňky günlerde paýtagtda hem göze ilýär. Bu ýerde-de itleri tutmak we ýok etmek dowam edýär. Pişikler hem öldürilýär. Habarçylar geçen hepdäniň ahyrynda Çoganlyda itleriň köpçülikleýin ýok edilendigini habar berdier.
Aşgabatdaky habarçylar öýlerde saklanýan haýwanlaryň hem tutulýandygyny habar berýärler.
"Düýn Aşgabatda jemagat hyzmatlary gullugynyň işgärleri howlularyň birinden bir öý itini alyp gitdiler. Olar onuň eýesiniň bardygyny bilýärdiler. Eýesi ony angardan yzyna alyp bildi. Ondan 100 manat pul alyp, itini berdiler. Şu gün eýesi itini weterinara görkezmek üçin alyp gitdi. Bir-iki günlükde tutulyp diri galan haýwany halas edilip bolýar, eger-de ol [angarda] has uzak durup, soň halas edilse, olar köplenç ölýär "- diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy 29-njy iýulda gürrüň berdi.
Çoganlydaky angara baryp gören aşgabatly söhbetdeşlerimiziň ýene biri ol ýerde ölüm halyndaky itleriň köpdügini aýdýar. Haýwanlary goraýjylar we rehimli ýaşaýjylar olary satyn almagy köplenç ýetişmeýärler ýa-da başarmaýarlar.
Öýlerde saklanýan haýwanlary alyp gitmek ýaly ýagdaýlar mundan öňem köp ýüze çykypdy. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, haýwanlary tutmak işine çekilýän jemagat gulluklarynyň işgärleri gündelik planlaryny berjaý etmek üçin idegsiz haýwanlary tapman öýlerdäki itleri we pişikleri dürli ýollar bilen awlapdy. Şeýle hem olar it-pişikleri tutmak işine ýerli ilaty, şol sanda çagalary çekipdi.
Türkmenabatdaky habarçy köpleriň haýwanlara görkezilýän rehimsizligi ýazgarýandyklaryny, ýöne öý dolandyryş edaralaryna yzygiderli ýüzlenmäge mejbur bolýan ýaşaýjylaryň ýerli häkimiýetler bilen tersleşmekden howatyr edýändigini aýdýar. Hususan-da, köp maşgala öý dolandyryş edarasyndan alynýan resminamalara, şol sanda azyk satyn almak üçin sprawkalara garaşly bolýar.
"Türkmenabatda kemsidiji paýok düzgüni henizem saklanýar: bir towuk budy, bir kilogram şeker we bir çüýşe günebakar ýagy satyn almak üçin her bir maşgala her aýda öý dolandyryş edarasyndan resminama almaly bolar. Onam başlyk birnäçe sagat garaşdyryp berýär"- diýip, habarçymyz aýtdy.
Bu aralykda, haýwanlary goraýjylar we sosial media ulanyjylary bolup geçýän wakalary ara alyp maslahatlaşýarlar we häkimiýetleriň täze kanuny döwlet edaralarynyň haýwanlara edýän rehimsizligini bes etmek üçin däl-de, eýsem haýwanlary goraýanlary yzarlamak üçin ulanmagyndan howatyrlanýarlar.
Adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmeleriň biri, şu wagta çenli itleri we pişikleri awlamak we ýok etmek baradaky ähli buýruklaryň ýokardan gelendigini aýtdy.
Türkmenistanyň dürli şäherlerinde itlere gökezilýän rehimsizlik haýwanlary goramak baradaky kanunyň kabul edilmegine gabat geldi.
Ýatlatsak, 24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" täze kanun 26-njy iýulda metbugatda çap edildi. Kanun itlere rehimsizligi gadagan edýär.
Kanunyň 24-nji maddasyna laýyklykda, itlere rehimsizlik etmek, bilkastlaýyn öldürmek, olara şikes ýetirmek, ýa-da biperwaý garamagyň netijesinde itlere howp salmak ýa-da saglygyna uly zyýan ýetirmek ýaly zatlar bikanun hereketler diýlip kesgitlenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum