Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler ‘goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’


Söhbetdeşlerimiz hepdede 70 sagatdan hem artyk işledilýändiklerini aýdýarlar. (arhiw suraty)
Söhbetdeşlerimiz hepdede 70 sagatdan hem artyk işledilýändiklerini aýdýarlar. (arhiw suraty)

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň Lebap welaýatyndaky böleginiň gurluşygynyň ýygjamlaşmagy netijesinde, bu işlere çekilen ýerli hünärmenler zähmet şertleriniň hem juda ýaramazlaşandygyny aýdýarlar. Habarçylarymyz 2019-njy ýylda gurluşygy başlanan we türkmen gaznasyndan 2 milliard 300 million dollar goýberilen bu awtobanyň gurluşygynyň şu günler ‘gije-gündiz’ dowam etdirilýändigini belleýärler.

“Resmi kagyz ýüzünde iş wagy sekiz sagat diýlip görkezilse-de, adaty işgärler günde 12 sagat işläýmeli. Munuň ýörite hasaby ýöredilýär. Kanunda göz öňüne tutulanyndan, hatda talap edilýäninden hem artyk wagt işlesek, hiç hili goşmaça töleg bermeýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran hünärmenleriň biri aýtdy.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde iş wagtynyň kadaly dowamlylygynyň hepdede 40 sagatdan ýokary geçmeli däldigi aýdylýar. Emma söhbetdeşlerimiz hepdede 70 sagatdan hem artyk işledilýändiklerini aýdýarlar.

Olaryň maglumatyna görä, günde 12 sagat işleýän asfalt tekizleýäne aýda 2 müň 200 manat, ýük ulag sürüjisine 3 müň 100 manat, ýol ugrunda sazak, haşal otlary arassalaýana 1 müň 800 manat kesgitli hak tölenýär.

“Hatda baýramçylyklarda hem işlänimiz üçin goşmaça töleg bermeýärler. Bu baradaky arz-şikaýatyňy eşitdirmek aňyrda dursun, tabşyrylan işi ýetişdirip bilmeseňem dessine işden çykarýarlar. Ýolbaşçylar ‘bu şertlere razy bolmasaň, çar tarapyň açyk’ diýýärler we dowamly ‘boluň, işläň, çaltrak dynyň’ diýip azgyrylýarlar” diýip, söhbetdeşimiz 14-nji iýulda belledi.

Ol anomal yssy howanyň arasynda gurluşyk sebitlerinde iýmitlener, dem-dynç alar ýaly sowadyjyly ýörite ýerleriň hem ýokdugyna ünsi çekdi.

Ýokarda aýdylanlar barada uzynlygy 600 km bolmaly awtobanyň gurluşygyny alyp barýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden kommentariýa alyp bolmady. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem bu kärhananyň işgärleriniň hukuklarynyň depelenýändigi baradaky maglumatlar boýunça soraglara jogap bermekden ýüz öwürdi.

Gepiň gerdişine bellesek, ýoluň gurluşygyny alyp barýan, ozal kän tanalmaýan “Türkmen Awtoban” kärhanasynyň eýesiniň prezidentiň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebowdygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Garaşsyz turkmen.news neşiri Rejebowyň hem ýurt içinde, hem-de daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän biznes toplumyna ýolbaşçylyk edýändigi barada habar beripdi.

Ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy 2019-njy ýylda başlap, ony 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Ýoluň gurluşygy Aşgabat – Tejen, Tejen – Mary we Mary – Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Döwlet metbugaty täze magistralyň Aşgabat – Tejen böleginiň geçen oktýabrda ulanylmaga berlendigini habar berdi. Ýöne deslapky meýilnamada ýoluň Aşgabat – Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda dynmak göz öňünde tutulupdy. Munuň bilen ýoluň birinji tapgyry meýilnamadan 10 aý giç tamamlandy.

Plana görä, ýoluň Tejen – Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabrynda, Mary – Türkmenabat bölegi hem 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmaly.

Täze awtoban Türkmenabatdan aňry Çärjew etrabynyň uly awtomobil ýoly bilen sepleşdirilýär. Çärjewden aňry Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farap gümrükhanasyna barýan ýola birikdirilýär. Munuň bilen, täze ýol Türkmenistanyň gündogar serhedini Aşgabat bilen birikdirer.

Resmi metbugat Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýol gurluşygyna uly üns berilýändigini yzygiderli habar berýär. Emma ýaşaýjylar şäherara, etrapara, oba ýollarynyň, köprüleriniň indi 30 ýyla golaý wagt bäri düýpli idege mätäçdigini, ýollarda we köprülerde heläkçilikli hadysalaryň az bolmaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG