Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Lysyçanske zarba ýagdyrýar, Donbasda ukrain güýçlerini izolirlemäge synanyşýar


Rus güýçleriniň Ukrainadaky weýrançylyklary
Rus güýçleriniň Ukrainadaky weýrançylyklary

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň Donbas sebitine zarbalary ýagdyrmagyny dowam etdirip, Luhansk sebitiniň hüjüm astyndaky Lysyçansk we Sewerodonetsk şäherleriniň daşyny doly gabawa almaga synanyşýarlar.

Luhanks regionynyň harby administrasiýasynyň ýolbaşçysy Serhiý Haýdaýyň sözlerine görä, häzirki wagt Lysyçanskde ukrain güýçlerine garşy rehimsizlik bilen “köpçülikleýin” artilleriýa toplary atylýar.

“Olar bu ýerde ähli zady weýran edýärler... Olar binalary ýer-ýegsan etdiler. Gynansakda ýitgiler hem bar” diýip, ol Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 22-nji iýunda ýaýradan gündelik aňtaw brifinginde urşuň netijesiniň aglaba söweşýän taraplaryň rezerw goşunlaryny esaslandyryp, olary fronta çekip bilmek mümkinçiliklerine bagly boljakdygyny belledi.

Britaniýanyň aňtaw gulluklary Donetskde söweşýän Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky “çenden aşa” diýip häsiýetlendiren adam ýitgilerine ünsi çekdi. Separatistleriň özleriniň çap eden sanlaryna görä, 2 müň 100-den hem aşa adam heläk bolupdyr, 8 müň 900-sy hem ýaralanypdyr.

Hasabatda separatistleriň könelişen rus ýaraglary we serişdeleri bilen üpjün edilendigine çalym edýändigi hem nygtalýar.

Mundan başga-da, rus harbylarynyň hem uly adam ýitgilerini çekýändigine meňzeýändigi aýdylýar. Rus häkimiýetleri uruşda wepan bolan raýatlary barada soňky gezek 25-nji martda hasabat beripdi.

Ukraina çaknyşyklarda çekýän adam ýitgileri barada maglumat bermeýär. Emma käbir ukrain resmileri, şol sanda prezident Wolodymyr Zelenski urşuň her gününde 100-e çenli ukrain esgeriniň wepat bolýandygyna ünsi çekipdiler.

Uruş meýdanyndaky ýagdaýlar barada aýdylanda, rus güýçleri Luhansk sebitiniň hüjüm astyndaky Lysyçansk we Sewerodonetsk şäherleriniň golaýynda iki şäherçäni ele geçirdi diýip, ukrain goşuny 21-nji iýunda aýtdy.

Ele geçirilen Pidlisne we Myrna Dolyna şäherçeleri Toşkiwa-Pidlisnäniň ugrunda ýerleşýär diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştaby agşam beren hasabatynda aýtdy.

Şeýle-de, ukrain serkerdeligi rus güýçleriniň Horske sebitiniň Bila Hor ugry boýunça “bölekleýin üstünlik” gazanandygyny aýtdy, ukrain esgerleri bolsa Wysokiý ugry boýunça edilýän hüjümleri üstünlikli yza serpikdirdi.

Has ozal, Ukraina Russiýanyň front çyzygynda ýerleşýän Toşkiwa obasyny alandygyny tassyklady.

Britaniýanyň aňtaw gulluklary Russiýanyň, adam ýitgilerine garamazdan, “görnüşinden Donbasa goşmaça güýçlerini ibermäge taýýarlyk görýändigini” belledi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Luhansk sebitinde harby ýagdaýlaryň örän kyndygyny aýtdy, Russiýa möhüm sebitlerden ukrain güýçlerini çykarmak işlerini artdyrdy.

“Bu hakykatdan-da iň kyn ýer. Basybalyjylar güýçli basyş edýär” diýip, Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Lysysançsk we onuň ekiz şäheri bolan Sewerodonetsk şäherlerine zarbalary dowam etdirýän rus güýçleri “weýrançylykly” zyýan ýetirdi diýip, biraz öň ukrain resmileri aýtdy.

Ukrain goragçylary 500 asuda raýatyň pena tapan ýeri bolan Azot himiýa zawodyny goramagy dowam etdirýärler.

Harkiw regional administrasiýasynyň başlygy 21-nji iýunda Russiýanyň zarbalary netijesinde asuda ilatyň arasyndan azyndan 15 adamyň ölendigini habar berdi.

Şeýle-de Harkiwiň eteginde alty adam we şäherden 40 km günortada ýerleşýän Çuhuiw obasynda alty adam wepat boldy. Harkiwiň 40 km demirgazyk-günbataryndaky Zoloçiw sebitinde üç adam öldi.

Ukrain harbylary Russiýanyň Kramatorsk, Bahmut, Awdiýiwka, Nowopawlowsk we Zaporožýe sebitlerine hem zarba urýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG