Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa pyýadalara jerime salýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat

10-njy iýun güni Mary welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleri köçe ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda, geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden kesip geçmekde aýyplanýan pyýadalara jerime ýazmak işlerini ýygjamlaşdyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Azatlygyň habarçysy polisiýa işgärleriniň pyýadalary “duýdansyz awlaýandygyny” habar berýär.

“Mary şäheriniň dürli köçelerinde öz hususy awtoulaglarynyň içinde gizlenip oturýarlar we kim pyýada ýol geçelgesini [bikanun] kesip geçse, ony tussag edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Maglumata görä, köçe ýol hereketini bozmakda aýyplanyp tussag edilýän adamlaryň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik ýaş ýetginjekler hem bar.

Habarçymyz köçede polisiýa tarapyndan saklanýan adamlaryň Mary şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän polisiýa bölümine alnyp gidilýändiklerini habar berýär. Ol ýerde polisiýa saklanan adamlara jerime salýar.

Mary welaýatynda polisiýanyň köçe ýol hereketine gözegçiligi güýçlendirmegi “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine” üýtgeşme girizip, ýol hereketini bozýanlara salynýan jerimeleriň mukdarynyň artdyrylmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Bir aý ozal, 11-nji maýda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazeti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary çap etdi.

Goşmaçalara laýyklykda pyýadalaryň geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, olaryň gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Has ozal, bu jerime binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi hökmünde kesgitlenipdi.

Türkmen metbugatyna görä, binýatlyk mukdar Türkmenistanda 100 manat möçberinde kesgitlenýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy anna güni ýol hereketiniň kadalaryny bozmakda, ýoly geçmesiz ýerden kesip geçmekde aýyplanýan raýatlara 40 manat möçberinde jerime salnandygyny habar berýär.

“Saklanan adamlaryň ellerinde 5-6 manat pullary bar. Bu adamlara 40 manat jerime ýazýarlar. ‘Meniň ýanymda hiç hili pul ýok’ diýip aýtsalar. ‘Onda öýüňe jaň et, tölemeseň goýberemzok’ diýip, şäher polisiýasynyň arka tarapynda, yssy howada daşarda saklaýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Polisiýa tarapyndan ýol kadalaryny bozmakda aýyplanyp ele salnan ýaşaýjylaryň hossarlary olaryň soralýan jerimäni töländen soňra hem bir sagat töweregi polisiýa bölüminde saklanandyklaryny habar berýär.

“Ýol kadalaryny bozmakda aýyplanyp saklanan adamlary surata düşürýärler, pasportlarynyň göçürmesini kompýutere geçirýärler we ýene bir gezek tutulsalar 100 manat möçberinde jerime salynjakdygyny aýdýarlar” diýip, jerime tölegini töläp, polisiýa bölüminden boşan bir tussagyň hossary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse” girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara görä, ýol kadalaryny bozmakda, geçmesiz ýerden geçmekde aýyplanýan pyýadalar bu hereketi alty aýyň dowamynda ikinji gezek gaýtalasa binýatlyk mukdar möçberinde jerime tölemeli edilýärler.

“Tussaglaryň arasynda 14-15 ýaşly ýetginjekler hem bar. Olar gorkup aglaýarlar. Okuwçy ýaşyndaky çagalary hem tussag edip, olaryň ene-atasyna 40 manat möçberinde jerime töletdirýärler” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Kabul edilen täze üýtgetmelere görä, on alty ýaşa ýetmedik ýetginjek pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy – ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy polisiýa bölümine eltilen adamlaryň arasynda welosipedli adamlaryň hem bardygyny, olaryň kellelerine kasga geýmänsoň, ele salnandyklaryny habar berýär. Kasga geýmezlikde aýyplanyp, ele salnan welosiped sürüjilerine 50 manat möçberinde jerime töletdirilýär.

Şeýle-de, habarçymyz polisiýa işgärleriniň Mary şäherinde ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň arasynda aýlanyp, çilim çekýän adamlary tutýandygyny we olara 100 manat möçberinde jerime ýazýandyklaryny habar berdi. Eger-de bu ýagdaý ikinji gezek gaýtalansa, polisiýa işgärleri jerimäni iki esse köp ýazmak haýbatyny atýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy ýazylýan jerimeleriň üç günüň içinde tölenilmeginiň talap edilýändigini habar berýär. Ýogsa, ýol kadalaryny bozmakda aýyplanyp saklanan adamlara administratiw temmi hökmünde otag otatmak, ýa-da beýleki işlerde zähmet çekdirmek haýbaty atylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG