Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

218 million adam açlyk howpunyň alnynda. Özbegistanda çöregiň bahasynyň hasam ýokarlanmagyna garaşylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giňişleýin söweşi sebäpli, dünýäde aç galjak adamlaryň sany 218 milliona ýeter. Bu san dünýäniň ilatynyň 3%-ne deňdir. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) başlygynyň orunbasary Maurizio Martina Italiýanyň Corriere della Sera neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Şu nukdaýnazardan Özbegistanyň hökümeti şu ýylyň galla hasylynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1 million tonna köp bolmagyna garaşylýandygyny mälim edýär.

Bu aralykda, ýurduň bazarlarynda unuň bahasy birden ýokarlandy. Galla hasylyny ýygnamagyň öňüsyrasynda hökümetiň kararynyň ýerine ýetirilmegi bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň başlygynyň orunbasary Maurizio Martina Ukrainada barýan harby hereketler sebäpli, dünýäde aç adamlaryň sanynyň öňküden 18 million adam artar diýip duýduryş berdi.

BMG-niň täze hasaplamalaryna görä, uruş sebäpli Ukrainanyň deňiz portlarynda 6 million tonna bugdaý we takmynan 14 million tonna mekgejöwen galypdyr. Dünýädäki 55 ösýän ýurtdan, azyndan 36 döwlet Ukrainadan we Russiýadan bugdaý eksportyna baglydyr.

2022-nji ýylda Özbegistanda 1 million 27 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Oba hojalyk ministrliginiň şu ýylyň mart aýynda habar bermegine görä, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda 7 million 679 müň tonna hasyl alynmagyna garaşylýar. Ministrligiň hasabyna görä, bu görkeziji 2021-nji ýyldakydan 1 million tonna köp bolar.

Resmi maglumatlara görä, Özbegistan 2021-nji ýylda 6 million 656 müň tonna galla hasylyny ýetişdiripdi, şondan 2 million 533 müň tonna respublikanyň däne ätiýaçlyklary üçin, “Uzdonmahsulot” paýdarlar jemgyýetiniň sebit kärhanalarynda saklanyp, 4 million 123 müň tonna daýhanlaryň we ilatyň ygtyýaryna berlipdir.
Geçen ýylyň ahyrynda hususy sektora esasan Gazagystandan 2 million 771 müň tonna bugdaý dänesi we 357,7 müň tonna un import edildi, şeýle hem 26,8 müň tonna bugdaý dänesi (94% Täjigistana we 6% Gyrgyzystana) we ýene Owganystana eksport etmek üçin 949,1 müň tonna un (bugdaý hasabyndan 1 million 265 müň tonna) bölündi.

Oba hojalyk ministrliginiň bu maglumatlary barada, Transport ministrligine ýakyn bolan bir telekeçi teswir berip: “Bu sanlar dogry. Galla bilen baglanyşykly ýagdaý erbet däl. Hökümet galla meselesine aýratyn üns berýär” diýdi.

Kaşkaderýanyň “Kasani” fermerler hojalygyndan biriniň başlygy Normurad Allaýorow Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda, özüniň ýaşaýan etrabynda "bu ýyl galla ýetmezçilik eder diýen gorkynyň ýokdugyny" aýtdy.
– Hasyl gowy, ýene 2-3 günden bugdaý oragyna girişilýär – diýip, ferma hojalygynyň başlygy aýtdy.

Normurad Allaýorowyň aýtmagyna görä, şu ýyl Kasani daýhanlary her gektardan 40 sentner hasyl almagy umyt edýärler.

2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistan 28,8 million ABŞ dollary möçberinde, 92,6 müň tonna bugdaý ununy import etdi. Bu barada 10-njy maýda Döwlet statistika komiteti habar berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bugdaý ununyň importy 22 müň tonna artypdyr.

28-nji maýda Özbegistanyň prezidenti "Galla ösdürip ýetişdirmekde we satmakda bazar ýörelgelerini girizmek üçin goşmaça çäreler barada" atly karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 1-nji iýundan başlap, şu ýylky hasyl üçin, döwlet resurslaryna satyn alynýan 1 tonna bugdaýyň bahasy geçen ýylda 1,550 million sum bolanlygyndan, indi 3 million suma (270 dollara) çenli ýokarlanar, ýagny öňküsinden iki esse ýokarlanar.

Özbegistanyň Ykdysadyýet ministrligi "galla bazaryny liberallaşdyrmak üçin alnyp barylýan özgertmeleriň düýp mazmuny" barada analiz çap etdi. Ministrligiň seljermesinde şeýle sözler bar:

"Daşkende çöregiň arzanlygy sebäpli, ony goýun we mal üçin satyn alýanlaryň sany köpeldi, sebäbi bir çöregiň bahasy bugdaý iýiminden arzan."

Bu beýannama teswir berýän blogçylar çöregiň bahasynyň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG