Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda täze, döwrebap hassahanalar açyldy


TDH-nyň suraty
TDH-nyň suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH 27-njy maýda habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki neşir ýurtda "dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleriniň” gurulmagyny döwletiň ýurduň ilatynyň saglygy üçin edýän uly aladalarynyň subutnamasy hökmünde görkezýär we şeýle binalaryň diňe bir paýtagtda däl, ýurduň iň alys künjeklerinde-de gurulýandygyny nygtaýar.

Habarda tassyklanmagyna görä, bu desgalar näsaglara “ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredip, ilatyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam edýär”.

Bu desgalar prezidentiň sebitdäki suw kynçylyklaryny resmi ýagdaýda tassyklap, degişli pudagyň ýolbaşçysyna berk käýinc beren gününiň ertesi açyldy.

Azatlygyň habarçylary Daşoguzdaky, şol sanda beýleki sebitlerdäki suw kynçylyklary, azyk ýetmezçiligi, işsizlik, goly ýuka näsaglaryň zerur saglyk kömeklerini almakda çekýän kynçylyklary barada yzygiderli habar berýärler.

Mundan başga, saglyk edaralaryndaky korrupsiýa, öz işini gowy bilýän lukmanlaryň ýeterlik bolmazlygy, pandemiýadan öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, türkmenistanly näsaglaryň, käte bergi-borja batyp, daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gitmeginiň esasy sebäpleri boldy.

Emma türkmen hökümetinde we metbugatynda bu meseleler gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG