Britaniýa Russiýa garşy sanksiýalar sanawyny giňeltdi. Oňa, hususan-da, Wladimir Putine ýakyn diýilýän Russiýanyň Olimpiýa çempiony Alina Kabaýewa we häzirki wagtda Oçeretnaýa familiýasyny dakýan Russiýanyň prezidentiniň öňki aýaly Lýudmila goşuldy.
Umuman sanksiýalar sanawyna Wladimir Putiniň garyndaşlary ýa-da britan häkimiýetleri onuň "içerki töwereginiň" bir bölegi hasaplaýan adamlar bilen birlikde 12 adam goşuldy. Kabaewa Milli Media toparynyň baş müdiri wezipesine baglylykda resmi taýdan sanawda goşuldy. Britan häkimiýetleriniň sözlerine görä, bu media toparyna girýän media serişdeleri (olaryň arasynda 1-nji kanal) Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine zyýan ýetirýär. Aýdylyşyna görä, Lýudmila Oçeretnaýa, Putinden aýrylandygyna garamazdan, Russiýanyň häkimiýetlerinden biznesi üçin artykmaçlyklary almagyny dowam etdirýär.
Dürli habar beriş serişdeleri çeşmelerine salgylanyp, birnäçe ýyl bäri Kabaewa hakda Putiniň ýakyn dosty hökmünde ýazýarlar we hatda onuň Putiniň çagalarynyň ejesidigini öňe sürýärler. Hususan-da, Şweýsariýanyň "SonntagsZeitung" gazetinde 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Kabaýewanyň iki ogul dogurandygyny we olaryň çak edilýän kakasynyň Putin diýip atlandyrandygyny öňe sürdi. Kreml bu habarlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.
Amerikanyň “The Wall Street Journal” gazetiniň ady agzalmadyk çeşmelere salgylanyp ýazyşy ýaly, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşi ýakynda Kabaýewa garşy sanksiýalary girizmegi bes etdi. Makalada Amerikanyň ýokary derejeli resmileriniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň reaksiýasyndan we Russiýa bilen gatnaşyklaryň hasam agyrlaşmagyndan howatyrlanýandygy aýdylýar. Britaniýa Kabaýewa garşy sanksiýalary girizen ilkinji Günbatar ýurt boldy. Ozal Putiniň özi we uly ýaşly gyzlary sanksiýalara sezewar edilipdi.