Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärlerden nobatdaky gezek pul ýygnalýar. Bu gezek Mary welaýatynyň býujet işgärleri sebitde gowaça ekilen meýdanlarda otag işlerini geçirmek üçin pul bermäge mejbur bolýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, şu günler gowaça meýdanlarynda otag, ýagny olaryň düýbüni ýumşadyp, olary haşal otlardan arassalaýyş işleri geçirilip başlandy. Munuň bilen bagly, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärlerden pul toplamak işine hem girişdiler.
"Bu ýyl býujetçiler pagta otag möwsümi üçin, edaranyň göwrümine görä, 40-50 manat tabşyrmaly edildiler" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde 13-nji maýda gürrüň berdi.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, häkimiýetler her bir edara-kärhanany azyndan bäş adam hakyna tutmaga we olary otag işlerini geçirmek üçin gowaça meýdanlaryna ibermäge hem borçly etdi.
"Her ýekşenbe güni her bir gowaça meýdanynda 10-15 sany hakyna tutulan işgär işlemeli edildi. Olara her gün üçin 20-30 manat hak tölenýär. Olara gözegçilik etmek işi edara-kärhanalaryň başlyklarynyň hut özlerine tabşyryldy. Olar ýekşenbe günleri pagta meýdanlaryna aýlanýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Şol bir wagtda, habarçymyz gowaça meýdanlarynyň aglabasynda pagtanyň düýbünden gögermändigini habar berýär. Pagtaçy kärendeçiler habarçymyz bilen söhbetdeşlikde muňa sebitde ýiti suw ýetmezçiliginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
"Ekilýän tohumlaryň hiliniň juda pes bolmagy hem muňa täsir ýetirýän faktorlaryň biridir" diýip, maryly kärendeçileriň biri anonimlik şertinde belledi.
Ýatlatsak, Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki, şol sanda Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary bugdaý we gowaça meýdanlarynda ýiti suw ýetmezçiligi we bu pudakdaky para-berim barada soňky aýlarda ençeme gezek habar berdiler. Şonda daýhanlar diňe ýolbaşçylara ýüzlerçe manat para beren kärendeçileriň ekin meýdanlarynyň ösüş suwuna tutulýandygyny aýdyp, zähmetleriniň puja çykmagyndan we döwlete bergili çykmakdan howatyrlanýandyklaryny gürrüň beripdiler.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada ýerli häkimiýetlerden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Soňky aýlarda Azatlygyň habarçylary ýurt raýatlaryndan, hususan-da býujet işgärlerinden we telekeçilerden dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnalýandygy barada habar berýärler.
Şu hepdäniň başynda Balkandaky we Marydaky habarçylarymyz häkimiýetleriň täze metjitleri gurmak üçin býujet işgärlerinden we telekeçilerden pul ýygnaýandygy barada maglumat berdiler.
Şeýle-de, Marynyň Garagum etrabynyň häkimiýetleriniň zeýkeşleri gazmak we arassalamak üçin ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden pul ýygnaýandygy hem mälim boldy.
Şu günler orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalary soňky jaň dabaralary üçin müňlerçe manat goşmaga mejbur bolýan bolsa, geçen aýyň ahyrynda mekdep remontlary üçin-de 40-100 manat aralygynda pul bermeli boldular.
Häkimiýetler raýatlardan ýygnalýan bu pullar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan çykyş etmeýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň ençemesi özlerinden ýygnalýan pullar sebäpli ýylyň azyndan üç aýynda zähmet we talyp haklarynyň diňe ýarysynyň özlerine galýandygyny gürrüň berdi.
Häkimiýetleriň ilatdan, hususan-da, býujet işgärlerinden yzygiderli pul ýygnamak çäreleri, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk ýeter-ýetmezçiliginiň we bankomatlarda nagt gytçylygynyň arasynda, barha köp maşgalanyň gurpdan düşýän mahalyna gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.