Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilerden diwarlary reňkläp, bag nahallaryny ekmek talap edilýär


Aşgabatda abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Illýustrasiýa suraty
Aşgabatda abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän hususy dükanlaryň we ofis jaýlarynyň eýeleri hem-de kärendeçileri täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olardan jaýlaryň diwarlaryny we agaçlaryň düýplerini reňklemek hem-de töwerekde bag nahallaryny ekmek talap edilýär. Bu talaplaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, bu talaplar soňky iki hepdäniň dowamynda geçirilen reýdleriň çaginde güýçlendi. Bu reýdler häkimligiň we jaý dolandyryş edarasynyň işgärleri tarapyndan geçirilýär.

"Ýerzeminlerdäki dükanlaryň we ofis jaýlarynyň eýeleri, kärendeçileri nobatdaky gezek basyş astynda bolup, olar jaýlaryň diwarlaryny we agaçlaryň düýplerini reňklemäge mejbur edilýär. Şeýle-de, olardan öz dükanlarynyň we ofisleriniň golaýyndaky meýdançalarda bag nahallaryny we gülleri oturtmak hem talap edilýär" diýip, telekeçileriň biri aýtdy.

Habarçymyz bu işleriň heniz hem dowam edýändigini, talaplary berjaý etmedik telekeçileriň dükanlarynyň we ofis jaýlarynyň gapylarynyň möhürlenýändigini hem belleýär.

"Jaý dolandyryş edarasynyň käbir işgärleri öňünden hiç hili duýduryş bermezden käbir iş ýerlerini möhürlediler. Käbirleri bolsa, kärendeçilerden para talap etmek derejesine çenli baryp ýetdi" diýip, telekeçi belledi.

Onuň sözlerine görä, häkimligiň we jaý dolandyryş edarasynyň işgärleri bu talaplaryň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler. Olar diňe bu çäreleri "etrapçalary tertibe salmak we abadanlaşdyrmak" işleri diýip düşündirýärler.

Ýöne habarçymyzyň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň we kärendeçileriň aglabasy bu çäreleri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, öňünden habar bermezden, etrapçalara aýlanýandygy baradaky gürrüňler bilen baglanyşdyrýarlar.

"Häzirki wagtda öňki prezidentiň etrapçalara duýdansyz aýlanyp, şäherdäki jaýlary, dükanlary, baglary barlaýandygy barada gürrüňler giňden ýaýrady. Soňky iki hepdäniň dowamynda etrapçalaryň arasyndaky agaçlaryň şahalary hem kesildi" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabadyň häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji maýda eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda köçeleri süpürmek, baglaryň düýplerini we ýollary ak reňke boýamak, şeýle-de bag nahallaryny satyn almak we ekmek işleriniň telekeçileriň we býujet işgärleriniň hasabyna amal edilýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem onlarça gezek habar beripdi.

Türkmenistanda mart aýynda geçirilen "ählihalk bag ekmek dabarasynda" millionlarça düýp nahal oturdyldy. Şonda habarçylarymyz baglaryň adatça bolşy ýaly býujet işgärleriniň maddy serişdesiniň hasabyna satyn alynýandygyny aýdyp, olardan geçen ýyllardaky ýaly bu ýyl hem pul ýygnalandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda döwlet ýolbaşçylary ýurdy, hususan-da, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň we bagy-bossanlyga öwürmegiň üns merkezinde saklanýandygyny aýdýarlar. Ýöne bu işleriň raýatlaryň fiziki güýjüniň we maddy çykdajylarynyň hasabyna amal edilşi, şol sanda olardan ýygnalýan pullar barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG