Soňky günlerde Aşgabadyň ýol polisiýasy dürli bahanalar bilen, sürüjilere jerime ýazmak we olaryň ulaglaryny polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek işlerini batlandyrdy. Şeýle-de, polisiýa hususy taksileri hem nyşana alyp, Aşgabatda hasaba alynmadyk döwlet belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmelerini ýene-de güýçlendirdi. Bu çäreler Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendiren mahaly möwjeýär.
"Olar raýatlaryň ulaglaryny tas ähli zat üçin ýygnaýarlar, ýagny polisiýanyň jerime duralgasyna alyp gidýärler. Olaryň arasynda ulagyň yzky böleginde iki adamdan, şol sanda çagadan köp adam bolmaly däl diýen ýaly dürli bahanalar bar. Şeýle-de, maskanyň dogry geýilmändigini bahanalaýarlar, awtoulaglaryň arassalygy barada yrsaraýarlar. Mysal üçin, ýagşyň yzy bar ýa tozan basypdyr, ýa-da guşuň hapasy bar diýýärler. Bularyň islendigini bahanalap, ulaglary 10 günlük polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gidýärler" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly sürüji gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň ýol polisiýasy hususy awtoulagynda kireý edýän taksilere gözegçiligini hem güýçlendirdi. Raýat geýimli polisiýa işgärleri müşderi ýaly bolup, hususy taksilere münýärler we olara jerime salýarlar.
"Hususy taksileri köpçülikleýin tutýarlar. Olara taksi sürmek gadagan edilýär. Hususy eýeçilikdäki taksiler müşderi almaýarlar. Sebäbi şäherde raýat geýimli polisiýa işgärleri gaty köp" diýip, hususy ulagynda kireý eden taksi sürüjisi aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda öz hususy ulaglary bilen adam gatnadyp, gazanç edýänleriň işine yzygiderli dürli çäklendirmeler girizilýär. Häkimiýetler bu işi amal etjek raýatlardan ýörite kärhana döredip, rugsatnama almagy talap edýär. Emma raýatlar býurokratiki bökdençlikler sebäpli bu rugsatnamany almagyň tas mümkin däldigini aýdýarlar. Muňa garamazdan, synçylar ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda öz ýeňil ulaglarynda, kiçi awtobuslarda adam, ýük gatnadyp, gazanç etmäge synanyşýan adamlaryň köpelmese, azalmaýandygyny aýdýarlar.
Habarçymyz gözegçilikleriň güýçlenmegi bilen, şäher ilatynyň arasynda, transport meselesiniň ýüze çykandygyny, döwlet eýeçiligindäki taksileriň ýetmezçilik edýändigini hem habar berýär.
Mundan başga-da, paýtagtda hasaba alynmadyk döwlet belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmeleri-de ýene güýçlendirildi. Bu gezek paýtagtyň polisiýasy Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary saklaýar we olary polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gidýär. Polisiýa işgärleri gadagançylygyň sebäbini düşündirmeýärler.
"Bu gadagançylyk sebäpli ahallylaryň köpüsi öz hususy ulaglary üçin Aşgabatda hasaba alnan döwlet belgilerini satyn alyp başladylar" diýip, ýagdaýdan habarly ahally ýaşaýjy ýakynda paýtagtda hasaba alnan belgili ulaglaryň-da Änew şäherine goýberilmändigini sözüne goşdy.
Habarçymyz bu gadagançylyklara we çäklendirmelere gözegçilikleriň güýçlendirilmeginiň arasynda, Aşgabadyň ýol polisiýasynyň "jerime awtoduralgasyndaky" ulaglaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini hem habar berýär.
"Awtoduralga ulaglardan doldy. Bu ýagdaý alym-berimiň, korrupsiýanyň gülläp ösmegine getirdi. Polisiýa işgärleri ulaglaryny yzyna almaga howlugýan raýatlary talaýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabadyň ýol polisiýasyndan, şeýle-de ýurduň Içeri işler ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 5-nji maýda telefon arkaly yzygiderli eden synanyşyklary netije bermedi.
Aşgabatda ulag sürýän raýatlara, hususy taksilere we Ahal belgili ulaglara gözegçilikleriň güýçlendirilmegi, ýurtda raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara garşy gadagançylyklaryň güýje girizilen mahalyna gabat geldi.
Şeýle-de, ilatyň mobil telefonlaryna SMS iberilip, olara ulag tizligine degişli düzgünleri bozmazlyk we pyýadalar üçin geçelgeleri ulanmak barada duýduryş edildi.
Bu çäreler täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.