Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmen hökümeti aýal-gyzlary ýurtdan çykarmazlyk meselesini maslahat edýär


“Nyýazowyň döwründe ýöredilen propoganda maksatly ‘milliçilik’ syýasaty aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny tas ýoga getirdi"
“Nyýazowyň döwründe ýöredilen propoganda maksatly ‘milliçilik’ syýasaty aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny tas ýoga getirdi"

Türkmen häkimiýetleri, ýurtda döwlet derejesinde aýal-gyzlara garşy ozal görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleriň girizilýän wagty, zenanlaryň ýurduň daşyna çykmagyny hem doly gadagan etmek meselesini maslahat edýärler. Bu barada Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn biri-birinden garaşsyz ygtybarly iki çeşmesi maglumat berýär.

“Aýal-gyzlary daşary ýurtlara goýbermezlik barada entek doly netijä gelinmedi, emma bu boýunça prezident we ozalky ýurtbaştutanynyň eýeleýän [Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň] başlygy derejesinde çynlakaý gürrüň edilýär. Deslapky plana görä, ähli zenanlaryň daşary ýurt pasportlaryny ellerinden almak meýilleşdirilýär. Bu düzgün, kadadan çykma hökmünde, döwlet komissiýasy tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça ýurtdan çykmaga rugsatnama alan ýa-da raýatlykdan çykan zenanlara degişli bolmaz” diýip, ozal hem ygtybarly maglumatlary beren Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi. Ol bu gadagançylygyň daşary ýurt okuw jaýlarynda okaýan gyzlara hem degişli boljakdygyny sözüne goşdy.

Azatlygyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Migrasiýa gullugyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Degişli hökümet edaralary, umuman, Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmesiniň sözlerine görä, türkmen emeldarlary ýüzlerçe müň türkmenistanly zenanyň durmuşyna täsir ýetirjek bu çäklendiriji taslamany, hamala, daşary ýurtlardaky türkmen gyzlarynyň “ýurdy abraýdan düşürýändigi” baradaky şahsy düşünjesi sebäpli girizmegi göz öňünde tutýarlar.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Migrasiýa gullugynda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň jenaýat hadysalaryny yzarlaýan ýörite toparlar bar. Olaryň sözlerine görä, soňky iki ýylyň dowamynda, daşary ýurtlardaky, hususanda Türkiýedäki türkmenleriň gatnaşmagyndaky jenaýat hadysalary, şol sanda aýal-gyzlaryň tenini satmagy ýaly ýagdaýlar köpelipdir. Görnüşinden, olaryň pikiriçe, diňe aýal-gyzlar Türkmenistana ysnat getirýärler we şol sebäpli olaryň ýoluny baglajak bolýarlar. Emma hiç kim gowy durmuşdan tenini satmaýar. Türkmen hökümetiniň ozalky, şol sanda pul ugratmak boýunça girizen çäklendirmeleri köp adamy juda agyr ýagdaýa saldy” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmen hökümeti we media serişdeleri ne daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany, ne-de olar bilen ilteşikli daşary ýurt metbugat serişdelerinde çykýan, şol sanda jenaýat we ölüm habarlary barada aç-açan çykyş edýärler.

Soňky döwürde daşary ýurtlardan, esasan hem Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, işlerini ýitirip, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi habar berilýär.

Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän köp adamyň her hili howply işlere baş goşmagyna hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.

Şol bir wagtda, çeşmämiz bu taslamanyň, häzir Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky keşbini bahanalap, olaryň hak-hukuklaryny çäklendirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli kampaniýanyň bir bölegidigini hem belledi.

Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Emma bu çäreler täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Iki nesil prezidentlik edýän Berdimuhamedowlaryň maşgalasyny ýakyndan tanan ozalky türkmen emeldarlarynyň biri, soňky çäklendirmeleriň 40 ýaşly Serdaryň maşgala terbiýesinden ugur alýandygyna ynanýandygyny aýtdy.

“Serdar entek çaga wagty, onuň kakasy, Gurbanguly, eýýäm hökümetde ýokary wezipeleri eýeleýärdi. Şol döwürler ozalky prezident [Saparmyrat] Nyýazow, resmileri wezipesinden aýyrmak üçin bahana hökmünde, olaryň maşgala agzalarynyň etmişlerini hem ulanmakdan çekinmeýärdi. Şol sebäpli, Serdary gaty berk tutdular we juda konserwatiw ýagdaýda terbiýelediler” diýip, türkmenistanly synçy anonimlik ýagdaýynda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, ol Serdaryň ozalky diktator Saparmyrat Nyýazowyň propoganda maksatly ulanan ‘milliçilik’ syýasatynda kemala gelendigini, ýurtdaky häzirki ornaşdyrylýan gadagançylyklaryň hem hut şol döwür ornaşdyrylan pikir-düşünjelerden ugur alýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Nyýazowyň döwründe ýöredilen propoganda maksatly ‘milliçilik’ syýasaty aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny tas ýoga getirip, olara ‘eje’ ýa-da ‘öý hojalykçy’ tagmasyny dakdy. Şol döwürler, öz ukyby bilen durmuşda orun tapan ýa-da ýokary derejelere ýeten zenanlara anomaliýa, kadadan çykma hökmünde garalýardy. Şu nukdaýnazardan, Serdaryň ‘ruhy atasynyň’ Nyýazow bolandygyny hem aýtsa bolar” diýip, ýerli synçy nygtady.

Çeşmämiz türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlara elmydama-da uly sarpa goýulandygyny, olaryň ‘sowetleşdirme’ döwri hem özleriniň taryhy, medeni gymmatlyklaryny saklap galmagy başarandyklaryny belläp, täze prezidentiň zenanlar babatyndaky çydamsyzlyk syýasatynyň onuň abraýyna ‘ýaramaz’ täsir ýetirjekdigini hem çaklady.

Azatlygyň ýerli habarçylary aýal-gyzlaryň arasynda häkimiýetleriň girizýän gadagançyklary boýunça nägilelikleriň barha atyp, gahar-gazaba çenli ýetýän halatlarynyň bolýandygyny hem aýdýarar.

Galyberse-de, Türkmenistanda aýal-gyzlara gönükdirilýän bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG