Günbatar metbugaty Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystany harby çozuşyň indiki nyşany hökmünde saýlajakdygy meselesine analiz berýär. Şeýle hem metbugat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady integrasiýa üçin, nämeler etmelidigi baradaky soraglara jogap tapmaga synanyşýar. Söwdany ösdürmek we Gazagystanyň dünýä galla bazarynda esasy rol oýnap biljekdigi baradaky meselä hem ünsi çekýär.
UKRAINADAN SOŇ, GAZAGYSTANA NOBAT ÝETERMI?
Russiýanyň Ukraina çozmagy Ýewraziýada täze bir hakyky ýagdaýyň döredilendigini we Moskwanyň öz bähbitleri üçin, köp zatlara gitmäge taýýardygyny görkezýär. Häzir Ukrainada harby hüjümler ýaýbaňlanýar, şonuň üçinem Merkezi Aziýa döwletleri sowuk dem alyp, Moskwanyň indiki nyşanynyň kim boljakdygyna howsala bilen garaşýarlar diýip, Prinston uniwersitetiniň howpsuzlyk meseleleri boýunça barlagçysy Sajid Farid Şapun National Interest atly Amerikan neşirinde ýazýar.
Alymyň pikirine görä, Russiýa Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ýitirilen "beýik güýçli döwlet statusyny" ýaňadan dikeltmäge synanyşýar. Şeýle etmek bilen Moskwa goňşy ýurtlaryň howpsuzlyk arhitekturasyna zyýan ýetirýär we Sowuk uruşdan soňky dünýä tertibine täzeden garaýar.
Putiniň etniki ruslary goramak üçin harby güýç ulanmagyň kanunydygy baradaky aýdanlary goňşularyň arasynda alada döredýär, bu esasanam köp sanly etniki ruslar we rus dilli milletler bolan Merkezi Aziýanyň post-Sowet respublikalarynyň arasynda, howatyrlanmany emele getirýär. Bilermenler Merkezi Aziýanyň Moskwa üçin, "ýakyn daşary ýurtlar özüne çekiji hem-de töwekgelçiligi pes nyşany" bolup biler diýip hasaplaýarlar.
Sajid Farid Şapunyň ýazmagyna görä, "goramaga borçly" adamlary kesgitlemek üçin, Moskwa tarapyndan ulanylýan "watandaş" sözüne giňişleýin çäkde garap bolar. Russiýanyň "daşary ýurtdaky watandaşlar" baradaky kanunyna Sowet Soýuzynda doglan we SSSR-iň bir bölegi bolan döwletlerde ýaşaýan adamlar topary degişli edilýär. Barlagçy Moskwanyň Gazagystanyň ýolbaşçylaryny syýasy ulgamy gazaklaryň peýdasyna üýtgedip gurmak synanyşygynda aýyplaýandygyny we Nur-Sultanyň dil syýasatyny tankytlaýandygyny ýatladýar. Awtor etnik ruslaryň köplükde ýaşaýan Gazagystanyň demirgazygynda, nägilelikler we bidüzgünçilikler ýüze çykan halatynda, Putin harby gatyşmagy aklamak üçin, özleriniňkini goramak zerurlygyna salgylanyp biler.
Bilermenleriň pikirine görä, Russiýanyň Gazagystana çozup girmegi çalt bolup biler, sebäbi ýurduň ýaragly güýçleri ýeterlik garşylyk görkezip bilmeýär. Döwletiň gowşaklygy geografiki faktor bilen hem baglanyşykly: olaryň Russiýa bilen dünýäde iň uzyn serhedi bar. Mundan başga-da, häzirki wagtda Günbatardan harby kömek alýan Ukrainadan tapawutlylykda, NATO Gazagystany goldap bilmese gerek.
Her niçigem bolsa, syýasatçy alym Ukraina bilen Gazagystanyň arasynda köp tapawut barlygy sebäpli, Russiýanyň çozmak mümkinçiliginiň örän pesdigine ynanýar. Kreml Ukrainanyň "Russiýanyň bähbitlerine" howp abandyrýandygyny öňe sürdi we Kiýewiň NATO goşulmak isleginden soň, oňa garşy duşman keşbini döretdi.
Sajid Farid Şapu Gazagystanyň Russiýanyň gözüniň alnynda, Krym we Ukraina ýaly simwoliki we geosyýasy ähmiýetiniň ýokdugyny aýdýar.
Näme üçin rus syýasatçylary Gazagystandan «rusofobiýany» gözleýärler we näme sebäpden «denasifikasiýa» çagyrýarlar?
Gazagystanda ýöredilýän syýasatyň netijesinde, "rus azlyklarynyň çetleşdirilmeginden" gaça durmaga mümkinçilik boldy diýip, awtor sözüni dowam etdirýär. “Mundan başga-da, Russiýanyň Gazagystandaky etniki rus ilatyny öz bulaşyk işleri üçin gural hökmünde ulanmak mümkinçiligi, görnüşinden örän çäkli, sebäbi etniki rus ilatynyň Gazagystanyň milli aýratynlyklaryny kabul etmäge taýýardygy görünýär” diýip, syýasy barlagçy ýazýar.
Sanksiýalaryň netijelerinde Russiýanyň ykdysadyýeti ejir çekýär. Eger nebit embargosy-da girizilse, Moskwa täze harby awantura girişip bilmez diýip, alym çaklaýar. Mundan başga-da, Ukrainada ýitirilen goşuny dikeltmek üçin edilýän çykdajylar Russiýanyň beýleki ugurlara hüjüm etmek ukybyny ep-esli çäklendirer. Russiýa öz ýolbaşçylygyndaky integrasiýa gurluşlaryndaky ýurtlaryň GDA-dan we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginden (ÝAYB) çykmagyna ýol bermezlige ünsi güýçlendirse, ol Gazagystana garşy harby çäre görmekden gowy bolar diýip, alym aýdýar.
DÜNÝÄNIŇ GALLA BAZARYNDA IŇ IRI SÖWDAGÄR BOLMAK ÜÇIN, GAZAGYSTAN NÄME ETMELI?
Russiýa, Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa boýunça halkara töwekgelçilik barada maslahat beriji Risk Advisory Group firmasynyň bilermeni Sofiýa Nina Burna-Asefiniň ABŞ-da neşir edilýän Diplomat žurnalynda çykan makalasynda, global galla bazarynda, Gazagystanyň täsirli oýunçysy bolmagy üçin, ýeňip geçmeli päsgelçilikleri seljerilýär.
Gazagystanyň hökümeti 16-njy aprelde un we galla eksportyny üç aýlap çäklendirdi. Galla eksportynyň mukdary indi aýda bir million tonnadan, un önümleri 300 müň tonnadan geçmez. Şol bir wagtyň özünde, bugdaýy eksport edijiler Azyk şertnamalary korporasiýasynyň göwrüminiň 10 göterimini arzan bahadan satmaga borçly edildi.
Russiýa 10-njy martda ÝAYB ýurtlaryna galla eksportyny togtatmak kararyndan soň, Gazagystan hem galla eksportyna kwota girizdi. Moskwanyň bu çäresi Gazagystanyň bazaryna täsir etdi: bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 117-den 150 müň tengä çenli ýokarlandy. Netijede, un öndürijiler arzan çig mal alyp bilmediler we un öndürýän birnäçe kärhana işini togtatdy.
Şeýle-de bolsa, Moskwa 31-nji martda ÝAYB galla eksport etmek baradaky gadaganlygy ýatyrdy, ýöne Bileleşigiň agza ýurtlary Russiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň rugsady bilen rus bugdaýyny import edip bilerler.
Makalanyň awtory Gazagystanyň galla ykdysadyýetiniň iki sebäbe görä Russiýa baglydygyny ýazýar. Birinjiden, ÝAYB agza bolany hem-de ýakyn geografiki ýerleşişi sebäpli arzan rus dänesi Gazagystanyň içerki bahalaryny durnuklaşdyryjy hökmünde çykyş edýär. Ikinjiden, Gazagystanyň däne eksportynyň esasy ugry Russiýanyň üsti arkaly, bar bolan demir ýol ulgamlaryndan geçýär we Ukraina, Belarusa, Ýewropa Bileleşigine aşyrylýar.
Gazagystan öz gallasyny Hazaryň üsti bilen Eýrana, Günorta Kawkaza we Russiýanyň üstünden Gündogar Ýewropa daşaýar. Möhüm satuw bazary Merkezi Aziýanyň ýurtlary – Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystandyr. Galla Owganystana hem getirilýär.
Deňze çykalgasy bolmadyk Gazagystan üçin halkara serhetlerinden geçmegiň kynçylyklary artýar hem-de transport gatnawlaryny kadalaşdyrmak meselesi çuňlaşýar. Netijede, importyň bahasy ýokarlanýar, eksportyň bäsdeşlik ukyby peselýär we göni daşary ýurt maýa goýumlary azalýar. Bu meselede Ukraina bilen Russiýanyň has köp artykmaçlygy bar, emma Ukrainadaky konfliktiň netijesinde, harytlaryň Gara deňiz sebitine we ondan daşary çykmagy has çylşyrymlaşýar we bahalary ýokarlandyrýar. Häzirki dörän ýagdaýda, Gazagystan üçin taryhy mümkinçilikler açylýar, ýöne global däne pudagynda täsirli oýunçy bolmak mümkinçiligine garamazdan, ýurt ilki bilen köp kynçylyklary ýeňip geçmeli bolar.
Barlagçynyň pikirine görä, gallany esasy üpjün ediji bolmak üçin, Gazagystan täze eksport ýollaryny gözlemeli, üpjünçilik aragatnaşyk zynjyrlaryny gurmaly hem-de galla isleglerini öňe sürmek arkaly, ony ýerli hojalyklardan amatly bahadan satyn almaly.
MERKEZI AZIÝADA SÖWDANY «KANUN ÇÄKLENDIRÝÄR»
Merkezi Aziýada söwda ösüşini infrastruktura däl-de, eýsem kanunlar çäklendirilýär diýip, Swenýa Petersen Eurasianet neşiri üçin ýazan makalasynda aýdýar. Ol Berlinde ýaşaýan syýasy ykdysatçy we Bütindünýä bankynyň geçen aýda ýapylan Moskwadaky ofisinde barlagçy bolup işledi.
Bilermen Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň häzirki wagtda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girendigi üçin, köp alada edýändiklerine ünsi çekýär. Günbataryň Russiýa garşy sanksiýalaryny güýçlendirmegi Merkezi Aziýadan, harytlara bolan islegi azaldar. Şol sebäpli-de, Bişkek bilen Nur-Sultanyň täze bazar gözleýändigini we görünmeýän söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga çalyşýandygyny awtor nygtaýar.
Söwda potensialynyň analitiki gözlegleri köplenç halatda fiziki infrastrukturalara – ýollara, demir ýol ulgamlaryna bagly bolýar. Emma ÝAYB ýurtlarynyň Russiýanyň yzy bilen bir çuňluga düşmegi mümkin, söwda bilermenleri oňa "hil infrastrukturasy", ýagny Quality Infrastructure, gysgaça QI diýýärler. Şol QI – kanuny we kadalaşdyryjy ülňüler, şol sanda harydyň barlaglary hem oňa berilýän baha şahadatnamalary "söwda hyzmatdaşlaryna, ine, bu alma, bu şem – ol ýakmak üçin, bu hut şol ýakylýan şem diýip ylalaşmaga mümkinçilik berýär".
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi döredilen wagtynda, onuň agzalary Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan ähli düzgünleri kabul etdi, bar zady kadalaşdyrar ýaly; mineral suwdaky minerallardan başlap, kosmetika serişdelerinde ulanmak gadagan edilen maddalara çenli hemme zady kadalaşdyrmak göz öňünde tutuldy. Şeýle ölçeg ülňüleri Bileleşikdäki bitewi bazara ýol açmalydy.
“Emma hakyky iş ýüzünde, EAC standartlary kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryny izolýasiýa saldy. Geň zat, mysal üçin, Gyrgyzystana goňşy Özbegistan bilen däl-de, Russiýa bilen söwda etmek has aňsat. Bu ýagdaý eksport statistikasynda-da öz beýanyny tapdy" diýip, Petersen ýazýar.
ÝAYB agzasy bolmadyk Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan öz milli standartlaryny ulanýarlar, şonuň üçin olara Merkezi Aziýada söwda etmek kynlaşýar. Mysal üçin, goýaldylan süýdüň eksporty üçin, ony import ediji ýurda akkreditasiýa edarasy tarapyndan berlen şahadatnamany görkezmeli. Köp halatlarda beýle edaralar asla ýok; eger bolaýanda-da, goňşy ýurtlar ol şahadatnamalary ykrar etmezligi mümkin.
Swenýa Petersen Merkezi Aziýada "hil infrastrukturasynyň" (QI) bolmazlygy sebitiň dünýä söwda bazaryna gatnaşmagyna päsgelçilik döredýändigini we ykdysady ösüşi çäklendirýändigini aýdýar. Awtoryň pikirine görä, sebitdäki ýurtlar daşary ýurtlarda ykrar edilen şahadatnamalary almaga çalyşmalydyr.
“Söwdadaky päsgelçilikler – harydyň hili we görnüşi meselesine bagly. Merkezi Aziýanyň hökümetleri dünýä ykdysadyýeti bilen birleşmek ýoluny we biri-biri bilen söwda etmegi saýlap bilerler, belki-de, olaryň Russiýanyň çalt peselýän ykdysadyýetinde, öňi bagly kynçylykda ýüz urmagy-da mümkin. Olar halkara ülňülerini durmuşa geçirmek bilen özlerini bu zynjyrlardan azat edip bilerler" diýip, awtor sözüni jemleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.