Türkmenistanyň hökümeti henizem ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýär. Häkimiýetler koronawirusyň iş ýüzünde ýaýrandygyny, ilat arasynda görlüp-eşidilmedik derejede keselçiligiň we ölümiň ýaýramagyna sebäp bolandygyny resmi taýdan ykrar etmediler. Şeýle-de bolsa, ýurt koronawirusa garşy göreşini ýene güýçlendirýär.
Türkmenistanyň günbatarynda, Türkmenbaşyda ilatyň maska režimini berjaý etmegine degişli talap ýene-de güýçlendirildi. Ýerli häkimiýetler ilatyň ähli ýerde maskaly ýörmegini talap edip, muny koronawirusyň, pnewmoniýanyň ýaýramagynyň täze tolkuny bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, çäklendirmeleriň hasam güýçlenmegi, hususan-da daşary ýurtdan gelen raýatlarda COVID-19-yň "Delta" görnüşiniň tapylmagy bilen baglanyşykly. Bu aralykda, ýerli harby bölümde öýken keseliniň köpelmegi ýüze çykypdyr.
"COVID-19 çarter reýsi bilen gelen raýatlardan tapyldy. Regionda pnewmoniýa hem ýene ýaýrady. 53 harby gullukçy Balkanabadyň keselhanasynda berk bejergi alýar" - diýip, Balkanabatdaky çeşme Azatlyga gürrüň berdi.
Azatlygyň çeşmelerine we sebitdäki habarçysyna görä, karantin zonasynda saklanýan adamlaryň arasynda koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaý bu edara gözegçiligiň güýçlenmegine sebäp bolupdyr.
"Türkmenbaşydaky karantin zolagy gözegçilik astynda saklanýar. Polisiýa işgärleri we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bu ýerde nobat çekýär" -diýip çeşme habar berdi.
Şeble-de, onuň sözlerine görä, koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly karantin zonasynda saklanýan adamlar we işgärler 35 günlük izolýasiýa salnypdyr.
Türkmenistandaky resmi düzgüne görä, koronawirus karantini üç hepdeläp dowam edýär.
Bu aralykda, ýerli çeşmelere görä, karantin zolagynda dermanlar, lukmançylyk we dezinfeksiýa serişdeleri ýetmezçilik edýär.
"Karantinde gorag serişdeleri ýok. Lukmanlar we şepagat uýalary lukmançylyk eşiklerini, ellikleri we maskalary öz hasabyna satyn almaga mejbur bolýarlar" -diýip çeşme aýdýar.
Mundan öň Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary karantin zolaklarynda COVID-19 üçin testlerň we dermanlaryň ýetmezçiligi barada habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, birnäçe lukmançylyk edarasy hatda koronawirus üçin testleri hem öz hasabyna satyn alýarlar.
Saglygy saklaýyş ministrliginiň işgärleri häzirki problemalar barada resmi taýdan düşündiriş bermeýärler. Saglyk ministrliginiň anonim şertde gürrüňdeş bolan çeşmeleri bolsa, lukmançylyk edaralarynda medisina serişdeleriniň ýetmezçiliginiň býujetden ýeterlik serişde berilmeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky çäklendiriji çäreleriň bir bölegi hökmünde kafeler, restoranlar, myhmanhanalar we seýilgähler ýene ýapylýar. Hyzmat ugrundan işleýän bu hususy kärhanalar, uzak arakesmeden soň ýaňyja aprel aýynyň başynda işe başlapdy.
Hökümet tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda girizilen karantin çäklendirmeleri aýyň başynda bölekleýin ýatyrylyp başlapdy. Hususan-da, söwda we hyzmat kärhanalarynyň işine täzeden girişmegine mümkinçilik döräpdi, ýöne köpçülik ýerlerinde maska dakynmak we ýurduň içinde we daşyna syýahat çäklendirmeleri saklandy.
Pandemiýa Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplüginiň maddy ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi. Koronawirus çäklendirmeleri köp sanly türkmen raýatyny girdeji çeşmelerinden mahrum etdi.
Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny ykrar etmedik Türkmenistan, ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçiligini ep-esli çäklendirdi, yzygiderli uçuşlary ýatyrdy we koronawirusa garşy waksinany hökmany etdi. Türkmenistanda keseliň resmi hasabynyň ýöredilýändigi Azatlyk Radiosyna oktýabr aýynda mälim boldy. Türkmenistanyň saglygy ulgamyndaky ygtybarly çeşmelere görä, pandemiýa başlanaly bäri Türkmenistanda COVID-19-dan 25 000 adam ýogalypdyr.
BSG, türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýoklugy barada aýdanlaryny ençeme gezek sorag astyna aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.