1-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy 127 türkmenistanlynyň Özbegistan bilen aradaky Farap serhet geçelgesinden Türkmenistana aşandygyny habar berdi. Ol ýene müňlerçe türkmenistanlynyň serhediň özbek tarapynda garaşýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň bolsa olar barada aňtaw maglumatlaryny seljerýändigini habar berdi. Azatlygyň Özbegistandaky çeşmeleri indi türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň Özbegistanyň üsti bilen ýurda aşmagyna rugsat bermeýändigini habar berýärler.
Azatlygyň habarçysy apreliň başynda beren maglumatynda serhediň özbek tarapynda garaşýan müňlerçe türkmenistanlynyň ençemesiniň Türkiýeden we Russiýadan Özbegistana baran raýatlardygyny hem-de olaryň özbek-türkmen guryýer serhediniň üsti bilen Türkmenistana aşmaga synanyşýandygyny habar berdi.
Munuň yz ýany, Azatlygyň çeşmelerine görä, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň bu tagallalarynyň öňüne geçýärler.
“Soňky günlerde türkmen raýatlary Özbegistan respublikasynyň çäginden Türkmenistana geçmäge synanyşýarlar. Ýöne Türkmenistan olary öz çägine goýbermeýär... Dubaýdan we Stambuldan Daşkent howa menziline gonup, soňra Alat (özbek tarapy – Alat, türkmen tarapy – Farap) gümrükhanasynyň üsti bilen Türkmenistana geçmekçi bolan 4-5 raýat öz ýurduna goýberilmedi. Olaryň yzyna, gelen ýurtlaryna gaýdyp gidendikleri mälim boldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi 11-nji aprelde habar berdi.
Bu hadysanyň diňe 4-5 adama mahsus ýagdaýdygy ýa-da däldigi barada türkmen häkimiýetleri düşündiriş bermeýärler. Ýöne 10 gün mundan ozal, Azatlygyň habarçysyna görä, häkimiýetler daşary ýurtlarda galan 127 raýaty Farap guryýer serhediniň üsti bilen Türkmenistana kabul etdiler. Habarçy özbek serhedinde garaşýan raýatlaryň ençemesiniň Türkiýeden we Russiýadan Özbegistana baran türkmenistanlylardygyny habar berdi.
Iki ýarym ýyl töweregi mundan ozal dünýäde COVID-19 keseli ýüze çykaly bäri, öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almandygyny öňe sürýän türkmen hökümeti pandemiýanyň ilkinji günlerinden başlap, raýatlaryň halkara hereketini çäklendirdi. Galyberse-de, öz çäginde berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Häkimiýetler COVID-19 bilen baglylykda Türkmenistana girmegiň tertip-düzgünini berkitdi.
Bu aralykda, pandemiýanyň fonunda Türkmenistanyň ençeme raýaty halkara hereket çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda galdy. Türkmen hökümeti pandemiýanyň başlaryndan bäri daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylary ýurda getirmek üçin ýörite uçar gatnawlaryny guraýandygyny aýtsa-da, ýurduň daşyndaky türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň ýurda dolanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Çarter gatnawlary Türkmenistan howa ýollary kompaniýasy tarapyndan guramalaşdyrylýar we daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň düzen sanawlary esasynda ýolagçylary kabul edýär.
“Konsulhananyň habary bolmasa, raýatlaryň özge ýurtlardan Özbegistana gelip, soňra Türkmenistana geçmek synanyşyklary başa barmaýar. Sebäbi diňle konsullygyň üsti bilen nobata ýazylmaly” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Özbegistandaky çeşmeler Dubaý-Daşkent aralygynda howa gatnawlarynyň bardygyny habar berýärler.
Özbegistan Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edýär. Ýöne Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap sebitleriniň ýaşaýjylary Özbegistanyň Horezm we Buhara welaýatlaryna; şeýle-de, Garagalpagystanyň Amyderýa, Hojaýli, Şumanaý we Goňrat etraplaryna, Tahýadaş şäherine; Kaşkadarýa welaýatynyň Daýhanabat, Guzar, Nişon we Myrişkor etraplaryna; hem-de, Surhandarýo welaýatynyň Şirabat we Murabat etraplaryna bir aýyň dowamynda üç gün möhlet bilen wizasyz kabul edilýärler.
Azatlyga gowşan maglumata görä, Dubaýdan ýa-da Stambuldan Daşkende baryp, ol ýerden Türkmenistana aşmaga synanyşýan türkmenistanlylar kösenýärler. Bu raýatlary Türkmenistanyň kabul etmeýändigi sebäpli özbek gümrükçileri hem türkmenistanlylaryň öz gümrük nokatlaryndan geçmeklerine rugsat bermeýärler.
“Bizi siziň gümrükden geçmegiňize rugsat bererdik, ýöne barybir türkmen gümrügi size rugsat bermez” diýip, Özbegistandaky çeşme özbek gümrükçisiniň sözlerini getirýär.
“Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana aşmakçy bolýan raýatlar köpeldi. Ýöne olar serhetden geçip bilmän, biderek pul harçlaýarlar, maddy zyýan çekýärler. Gaharlanyp yzyna gidýän adamlar has köpeldi” diýip, Özbegistandaky çeşme aýtdy.
Bu aralykda, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň Türkmenistan boýunça 6-njy aprelde täzelän maglumatyna görä, howa ulaglary arkaly ýurda girmegiň berk düzgünleri saklanyp galýar. Täzelenen maglumata görä, howa ulaglary bilen Türkmenistana barýan ýolagçylardan şu aşakdakylar talap edilýär:
- Möhleti 48 sagatdan az bolmadyk negatiw COVID-19 PZR test netijesi
- Möhleti 48 sagatdan az bolmadyk COVID-19 antitela (IgM, IgG) test netijesi
- COVID-19 garşy sanjym alandygyny tassyklaýan güwähat
- Ýolagçy ýörite saglyk blankasyny doldurmaly
- Türkmenistana barandan soňra ýolagçy COVID-19 barlagyndan geçmeli
- Ýolagçy 21 gün möhlet bilen karantinde bolmaly
Türkmenistanyň transport edaralary, şol sanda “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy bu düzgünler boýunça öz raýatlaryna köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly jikme-jik bildiriş bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.