Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýokuşmalaryň öňüni sanjymlar we polisiýa bilen 'almagyny' dowam etdirýär


Gözegçiligi ýene we ýene berkitmek tabşyrygy berildi.
Gözegçiligi ýene we ýene berkitmek tabşyrygy berildi.

Mary welaýatynda saglyk işgärlerine koronawirusa garşy sanjym urmak işleri dowam etdirilýär. Emma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasynda “Ýiti öýken sowuklama keselini dörediji koronawirus ýokanjy (COVID-19)” hakynda juda az maglumat berlip, ilata edilýän sanjymlar, bu işiň paýtagtda we sebitlerde alnyp barlyşy barada tasdan hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de, saglyk edaralarynyň dürli telefonlary arkaly, günüň dowamynda birnäçe gezek jaň edilse-de, türkmen resmilerinden ýurtda ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan göreş barada goşmaça maglumat alyp bolmaýar.

Emma muňa garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmek häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýar”.

“Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär” diýip, Türkmenistanyň prezident 25-nji ýanwarda, sanly ulgam arkaly sebitiň ýurtlary bilen ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna gabat gurnalan Merkezi Aziýa-Hytaý sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Hytaý lideri bolsa, öz gezeginde sebitiň bäş ýurduny şu ýyl COVID-19 waksina dozalarynyň 50 milliony bilen üpjün etmegi wada berdi.

Resmi maglumatdan hem belli bolşy ýaly, urulýan sanjymlar Orsýetiň we Hytaýyň önümleri bolup, hususan-da ýokanç keselliler hassahanalarynyň, “Tiz kömek” gullugynyň, şeýle-de, agyr näsaglaryň bejergi alýan bölümleriniň ähli işgärine waksina edilýär diýip, Marydaky habarçymyz 26-njy ýanwarda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ilat arasyndaky sanjym işleri hem dowam etdirilýär we entek hiç hili sanjym almadyk adamlar hem az däl.

“Henize-bu güne çenli hiç hili sanjym almadyk adamlar hem bar, sebäbi waksina ýeterlik däl” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri aýtdy.

Köçelerdäki arassaçylyk işleri dowam etdirilýär, günde diýen ýaly ýokardan, uçar bilen düzümi näbelli ergin sepýärler, köçelere hem suwuk ergin sepilýär, hojalyklaryň köpüsinde dümewlän näsag bar, emma ýaşaýjylar saglyk edaralaryna gidip, analiz tabşyrmaga gorkýarlar, sebäbi wirus tapylsa, göni ýokanç keselliler hassahanasyna iberýärler diýen gürrüň bar diýip, habarçy belledi.

“Geçen wirus tolkunlarynda kesel ýokuşyp, ýokanç keselliler hassahanasyna düşenleriň arasynda ölýän köp bolansoň, indi adamlaryň lukmanlara we umuman saglyk edaralaryna ynamlary ýok” diýip, habarçy bu ýagdaýy tassyklaýan ýa inkär edýän resmi maglumatyň elýeterli däldigini, ýöne gorkynyň saklanyp galýandygyny hem sözüne goşdy.

Maska we aralyk düzgünleriniň berjaý edilişine edilýän gözegçiligiň doly güýjünde saklanmagyndan çen tutulsa, häkimiýetler wirus howpuna örän çynlakaý garaýar: polisiýa ofiserleri köçelere awtobusly aýlanyp, düzgüni bozan adamlary saklaýarlar we polisiýa edaralaryna äkidip, şol ýerde jerime salýarlar.

Her edara-kärhana berkidilen polisiýa işgärleri bolup, olar özlerine degişli ýerlere duýdansyz aýlanyp, işgärleriň maska, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişlerine berk gözegçilik edýärler. Eger-de işgär maskasyz tutulsa, edara başlygy bilen bilelikde düşündiriş ýazmaly bolýar we olaryň hersine nagt görnüşinde 40 manat jerime töledýärler.

Jerime salynýan adamlar esasan işgär adamlar bolup, olar iş ýerini yitirmezlik üçin karza, bergi-borja girýär. Jerime töläp bilmedik adamalar uzak gün polisiýanyň arka howlusynda saklanyp, üç gün içinde jerimesini tölemek şerti bilen, gije goýberilýär. Soňra olara, alnyp galynan şahsy maglumatlary esasynda, uçastok polisiýasy gözegçilik edýär.

Ozallar bu ýagdaýlara gaharlanyp, nägile bolýan we sesini gataldan adamlar hem bolardy. Ýöne indi adamlar garşylyk görkezeniň 10-15 gün wagtlaýyn tussaghana salynjagyny, polisiýa boýun egmezlikde, paýyş söz aýtmakda aýyplanyp, taksi edip ulanýan awtoulaglarynyň hem alnyp galynjagyny, soň ony bir hepdeläp alyp bolmajagyny gowy bilýärler we esasan öýde zeýrenip oňýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de habarçy welaýatlar, etraplar arasyndaky ýollaryň ýapyklygyna galýandygyny aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň ozal hem habar berşi ýaly, welaýatdan welaýata geçmek üçin migrasiýa gullugyndan güwänama aljak bolsaň, saparyň sebäbi, wagty we boljak ýerleriň barada doly düşündiriş berip, ýola çykmazyňdan öň koronawirus boýunça saglyk synagyndan geçmeli.

“Saglyk synagyndan geçmek üçin uzakly gün nobata durmaly we 200 manat tölemeli” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi. “Nobata durýanlaryň sany azyndan 100 adam we ondan hem kän bolýar, hepdede Aşgabada iki uçar uçýar, beýleki welaýatlara uçar gatnawy ýok”.

Welaýatdan çykmagyň kynlaşdyrylmagy, birnäçe edaradan güwänama almak talaby gyssagly işi ýa möhümi çykan ýaşaýjylaryň “gizlin” ýollara ýüz urmagyna, gije birden soň ýola çykýan taksileri ulanmagyna sebäp bolýar, ýöne bu diňe ‘garyplar’ diýilýänlere degişli, elinde puly bar adamlara hiç bir karantin täsir etmeýär diýip, habarçy belledi.

Pandemiýa döwründe ýokanç keselden ýogalan adamlaryň sanynyň 25 müň çemesi bolandygy baradaky näresmi maglumata garamazdan, Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysalarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk ýurt bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG