Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan koronawirus çäklendirmelerini uzaltdy, karantin zolaklarynda derman we test ýetmezçiligi artýar


Saglyk öýi, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Saglyk öýi, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan ýene-de koronawirusa garşy çärelerini, şol sanda köpçülik ýerlerinde maska dakynmak talaplaryny, ýurduň bir ýerinden başga ýerine gatnamak çäklendirmelerini uzaltdy. Bu aralykda, maddy ýetmezçilik sebäpli lukmançylyk edaralarynda we karantin zolaklarynda COVID-19 keselini anyklamak üçin testler we derman serişdeleri ýetmezçilik edýär.

Azatlygyň Türkmenistanyň saglyk edaralaryndaky çeşmelerine görä, testleriň we derman serişdeleriniň ýetmezçiligi, hususan-da karantin zolaklarynda saklanýan adamlary üpjün etmekde, test geçirmekde we lukmançylyk kömegini bermekde kynçylygyň döremegine getirýär.

"Ýurda gelenler karantine ýerleşdirilýär. Karantinde olary günde üç gezek gyzgyn nahar we zerur lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Bu mugt bolmaly. Emma Saglyk ministrliginde bu talaplary kanagatlandyrmak üçin zerur serişdeler ýok" - diýip, Saglyk ministrligindäki çeşme Azatlyk Radiosyna anonim gürrüň berdi we ýylyň başyndan bäri COVID testlerini we wirusa garşy dermanlary satyn almak üçin döwlet býujetinden ýeterlik puluň goýberilmeýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, birnäçe lukmançylyk edaralary testleri öz hasabyna satyn alýarlar.

Saglyk pudagyndaky çeşmeler lukmançylyk edaralarynda maliýe kynçylyklarynyň býujetden berilmeli serişdeleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydygyny habar berýärler.

Saglyk ministrliginiň wekilleri häzirki problemalar barada resmi derejede düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň resmi düşündiriş almak üçin birnäçe gezek eden synanyşyklary şowsuz boldy.

Türkmenistan 1-nji aprelden başlap, köpçülik ýerlerinde maska dakynmak talaplarynyň we ýurduň içindäki syýahat çäklendirmelerini öz içine alýan karantin çäreleriniň möhletini ýene-de uzaltdy. Habarçylara görä, koronawirus çäklendirmeleri ýene iki aýa, 1-nji iýuna çenli uzaldylypdyr.

Habarçylaryň we çeşmeleriň aýtmagyna görä, saglyk edaralarynyň, şol sanda karantin zolaklarynyň maddy mümkinçiliginiň gowşaklygy daşary ýurtlardan gelýän raýatlary kabul etmek meselesine hem öz täsirini ýetirýär.

Habarçylar goňşy Özbegistanyň çäginden her gün onlarça adamyň Türkmenistana gelýändigini habar berdiler. Gelýänler hökmany üç hepdelik karantinde bolmaga mejbur edilýär. Hususan-da, Lebapdaky çeşmeler Farapdaky serhet gözegçiligi nokadyndan adamlaryň çäkli san bilen geçirilýändigini habar berdiler.

"Türkmen hökümeti öz raýatlaryny gaty çäkli sanda kabul edýär" -diýip Azatlygyň lebaply çeşmesi aýdýar. Ol 1-nji aprelde azyndan 75 adamyň türkmen-özbek serhedinden geçendigini aýtdy. Özbegistanyň üsti bilen gelenleriň ikisi Moskwadan, galanlary Täjigistandan barypdyr.

Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlarynyň daşary ýurlardan gitirilmeginiň örän çäkli bolup galmagynyň, karantin zolaklarynyň kabul ediş ukybynyň çäkliligi bilen bagly bolup-bomazlygy barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny aç-açan ykrar etmedik Türkmenistanyň hökümeti, pandemiýa başlanaly bäri COVID-19-a garşy göreşmek üçin birnäçe ýurtdan we halkara guramalardan ençeme gezek maliýe we maddy kömegini aldy. Türkmenistan BSG-dan, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan, hususan-da lukmançylyk enjamlaryny, testleri, dermanlary we medisina geýimleri hem-de ellikleri ýaly zatlary mugtuna aldy. Şol serişdeleriň ilata we medisina işgärlerine mejburlyk bilen satylandygy barada ençeme maglumat gowuşdy.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmeleri türkmen resmileriniň ýurtda COVID-19 keseli henizem ýok diýip aýtmagyna garamazdan, ölenlerini snayny ýöredýändigini aýdýarlar. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ýüze çykan maglumatlara görä, pandemiýanyň başyndan geçen ýylyň güýzüne çenli Türkmenistanda koronawirusdan ölen 25 000 adam hasaba alnypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG