Türkmenistanyň gündogarynda welaýat ýaşaýjylarynyň hereket etmegine çäklendirmeler hasam güýçlendirilýär. Lebap welaýatynyň käbir etraplary indi doly ýapyldy, ýaşaýjylara sebitiň içine hem daşyna gatnamak düýbünden gadagan. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary welaýatdaky soňky ýagdaýlary gürrüň berdiler.
Etraplaryň ýaşaýjylaryna öz ýaşaýan ýerinden daşary gatnamak düýbünden gadagan edildi. Hususan-da, Farap etrabynda ýaşaýjylara ýurduň beýleki ýerlerine girmek üçin zerur kagyzlar indi düýpden berilmeýär.
Farabyň ýaşaýjylary, Amyderýanyň beýleki tarapynda golaýda ýerleşýän sebit merkezine - Türkmenabada baryp bilmeýärler, sebäbi olara munuň üçin zerur şahadatnama berilmeýär. Bu sebitiň ilaty üçin goşmaça kynçylyklar döredýär, sebäbi köpüsi Türkmenabatda işleýär.
Habarçylaryň maglumatlaryna görä, ýerli resmiler koronawirusa garşy sanjymyň üç dozasyny alan adamlara 15-nji fewraldan soň syýahat şahadatnamalarynyň berlip başlanjagyny aýdýarlar. Häkimiýetler 15-nji fewralda Lebap welaýatynyň ilatynyň 90% -ine waksina etmegi planlaşdyrýarlar diýip, habarçy belleýär.
Türkmenistanyň içinde gatnamak üçin ilatdan ýörite saglyk şahadatnamalary, koronawirusyň ýokdugyny görkezýän negatiw synagyň nusgasy talap edilýär, üstesine, 2021-nji ýylda hökmany waksinasiýa girizilenden soň, zerur kagyzlara sanjym şahadatnamasy hem goşuldy.
Ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Lebap welaýatyna giriş çäklendirildi. Bu, söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň tutuş ýurt boýunça ýapylmagynyň nobatdaky tapgyrynyň yzýany boldy.
Özbegistan bilen serhetleşýän Lebap welaýaty pandemiýa başlaly bäri ýurduň esasy howa derwezesi bolup durýar. Halkara uçuşlar Türkmenabadyň howa menziline gelýär we ýolagçylar sebitdäki ýörite zolaklarda we lukmançylyk edaralarynda üç hepdelik karantine ýerleşdirilýär. Ýanwar aýynyň ahyrynda welaýatyň ýene bir iri şäheri Kerkide täze karantin zonasynyň gurlandygy mälim boldy. Bu şäherde hem halkara aeroporty ýerleşýär.
3-nji fewralda Azatlygyň habarçysy Kerkidäki karantin zonasyna adam ýerleşdirilip başlandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, ýerli resmiler munuň Türkmenabatda karantinlere düşýän agramyň ýuwaş-ýuwaşdan azalmagyna we şäheriň özündäki karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmegine täsir etjegine garaşýarlar.
Häzirki syýahat gadaganlygy, ýurduň häkimiýetleriniň henizem boýun almaýan COVID-19 hadysalarynyň ýene-de köpelen wagtynda ýüze çykdy. Etraplaryň arasyndaky ýollaryň köpüsi petiklendi. Öz ýaşaýan ýerinden daşary gatnamak üçin ýaşaýjylar aýlawly we köplenç howply ýollardan peýdalanmaga çalyşýarlar.
Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny inkär edýän Türkmenistan, BSG-niň wekiliýetiniň saparyndan soň, 2020-nji ýylyň iýulynda koronawirusa garşy berk talaplary girizdi. BSG-niň resmileri türkmen ýolbaşçylaryna ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi.
Şol ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan öz ilatyndan “möhüm sebäp” bolmazdan ýurduň içinde gatnamagy gadagan etdi, soňra 50 ýaşdan geçen adamlaryň şäherara we sebitara ugurlarda syýahat etmegine gadagançylyk girizdi.
Bu aralykda, BSG Türkmenistanyň guramanyň başga bir möhüm talapyny ýerine ýetirmändigini we nusgalary garaşsyz barlaglar üçin halkara laboratoriýalaryna ibermändigini mälim etdi. Dekabr aýynda Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistanyň ýurtda koronawirus keseliniň ýoklugy baradaky beýanatyny ýene bir gezek sorag astyna aldy we koronawirusy has gowy gözlemegi maslahat berdi.
Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky habarly çeşmelere görä, ýurtda bu keseliň resmi hasaby ýöredilýär, şoňa görä-de, pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19-dan azyndan 25 000 adam ýogalypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.