Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kazyýet we adalat edaralarynyň işgärleri synagdan geçirilip, olardan hünär derejelerini ýokarlandyrmak talap edilýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde aýdylmazlygyny soran çeşmämiziň maglumatlaryna görä, synagdan geçip bilmedik işgärler işlerinden boşadylýar.
Çeşmelerimiziň maglumatyna görä, hukuk edaralarynyň işgärleri ýanwaryň başlaryndan bäri hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklaryna gatnaşdyrylýarlar.
Hünär derejesi bilen bagly güýçlenýän talaplar Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda giňişleýin howpsuzlyk mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerurlygyny nygtamagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
“Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, kazylaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenip, kanuny çözgüdiň kabul edilmegi üçin zerur tagallalar edilmelidir... Kazyýet edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak çaltlandyrylmalydyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi öňki prezidentiň howpsuzlyk mejlisinde aýdan sözlerini sitirledi.
Azatlygyň çeşmesi welaýatlarda we paýtagt Aşgabatda hukuk edaralarynyň işgärleriniň sanly ulgam arkaly synaglara gatnaşandyklaryny we olara paýtagtdan göni ýaýlym arkaly gözegçilik edilendigini habar berdi.
“Synagdan geçip bilmedik işgärler işden boşadyldy. Bäş welaýatyň hem-de Aşgabat şäheriniň adalat bölümlerinde geçirilen synaglara onlaýn gözegçilik edildi” diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky bir çeşmesi maglumat berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýygnaklarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada yzygiderli gürrüň edilýär.
Türkmenistanyň kanunçylygynda “kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykatlaryndan gollanýarlar” diýilýär. Ýöne adam hukuklary boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň garaşsyz däldigi nygtalýar. Döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda adyl döwlet häkimiýetiniň hem-de kanunyň rüstemliginiň höküm sürýändigini gaýtalaýar.
Türkmenistanda Ýokary kazyýet, Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri hereket edýär.
Ýokary kazyýetiň başlygyny Halk Maslahatynyň razylygy bilen Türkmenistanyň prezidenti wezipä belleýär. Häzirki wagtda ýurduň Ýokary kazyýetine Guwançmyrat Ussanepesow ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi. Howpsuzlyk mejlisiniň dowamynda täze prezident Ussanepesowa öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy, ýöne onuň bu wezipä gaýtadan bellenip-bellenilmändigi baradaky karar döwlet metbugatynda çap edilmedi. Ýogsa, ýokary derejeli beýleki howpsuzlyk resmilerini wezipä bellemek baradaky kararlaryň ählisi döwlet metbugatynda çap edildi.
Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky wagtlarda ýurduň diňe bir harby we hukuk goraýjy edaralarynda däl eýsem beýleki edaralarynda hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işler alnyp barylýar.
Maglumata görä, hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklaryna gatnaşan döwlet işgärleri okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnama almaly.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.