Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini talap etdi. Şeýle-de, Berdimuhamedow ýygnagyň dowamynda Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrdy.
Döwlet telewideniýesine görä, çarşenbe güni geçirilen howpsuzlyk mejlisinde 2021-nji ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.
“Internet ulgamy boýunça edilýän gözegçilik işleri talabalaýyk alnyp barylmady” diýip, prezident geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan howpsuzlyk mejlisinde aýtdy.
Türkmenistanda iri sosial torlar, şol sanda Facebook, Twitter we YouTube, şeýle-de Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz habar saýtlary ýyllarboýy petik astynda galýar. Galyberse-de, Türkmenistan Internetiň tizligi boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunda galýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginden Internet ulgamynda ýurduň konstitusion gurluşyna, jemgyýete garşy hakykaty ýoýýan, terrorçylygy, ekstremizmi, milletçiligi we beýleki bikanun hereketleri wagyz edýän Internet çeşmelerini ýüze çykarmagy we ýurduň içinde olary çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi talap etdi.
Şeýle-de, döwlet baştutany howpsuzlyk mejlisinde eden çykyşynda MHM-den sebit ýurtlarynda bolup geçýän syýasy, harby we howpsuzlyk ýagdaýlaryny öwrenmegi hem-de olaryň Türkmenistana ýetirmegi ahmal täsirleriniň seljerilmegini talap etdi.
Prezidentiň bu çykyşy goňşy Gazagystanda ilatyň ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy protest geçirip, munuň soňy zorluk bilen utgaşandan soňra, gazak ýolbaşçylarynyň ganly gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň harby güýçlerini ýurda çagyrmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Şeýle-de, Berdimuhamedow ýygnagyň dowamynda daşary ýurda gidýän türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt gulluklarynyň, syýasy-ekstremistik we radikal dini toparlaryň täsirine düşmekden goralmagyny tabşyrdy.
Berdimuhamedow ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýol berlen käbir kemçiliklere aç-açan üns çekdi. Olaryň hatarynda Azatlyk Radiosynyň ozal habar beren ýöne resmiler tarapyndan şu wagta çenli ne tassyklanyp, ne-de inkär edilen; şol bir wagtda, döwlet metbugaty tarapyndan habar berilmedik birnäçe maglumat agzalyp geçildi.
“Täze ýyl bilen bagly güýçlendirilen tertibe geçilen hem bolsa, ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynda emeli usulda partlaýjy serişde ýasalyp, onuň ýarylmagy adam pidasyna we ýaralanmasyna getirdi. Bu bolsa tertip-düzgüni üpjün etmekde heniz hem işleriň gowşak alnyp barylýandygyny subut edýär” diýip, Berdimuhamedow howpsuzlyk mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Azatlyk Radiosy täze ýyla geçilen gije Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda emeli usulda ýasalan partlaýjynyň ýarylmagy netijesinde dört adamyň heläk bolandygyny 30-dan gowrak adamyň ýaralandygyny habar berdi.
Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň jemleri boýunça gürrüňe dowam edip, ýol-hadysasyna sezewar bolan harby awtoulag bilen bagly heläkçilikli hadysany ýatlatdy. Ýöne bu hadysanyň nirede we haçan bolandygyny aýdyňlaşdyrmady.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosy iýul aýynda Aşgabadyň eteginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň golaýynda harby awtoulaglaryň ýol-ulag hadysasyna sezewar bolup, bu hadysada birnäçe harby gullukçynyň heläk bolandygyny habar berdi.
Şeýle-de, prezident ýylyň dowamynda serhet gullugyna degişli bir dikuçaryň heläkçilige uçrandygyny we bu hadysanyň netijesinde adamlaryň heläk bolandygyny tassyklady. Ýöne bu heläkçiligiň nirede, haçan we nähili şertlerde bolup geçendigini aýtmady.
Azatlyk Radiosy geçen ýylyň başlarynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Serhet gullugyna degişli bir dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde üç serhetçiniň ölendigini habar berdi.
Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň harby awtoulagynyň gatnaşmagynda bolup geçen ýol-ulag hadysasyny “serkerdäniň jogapkärçilik duýgusynyň pes bolmagy, ýa-da gulluk borjuna çynlakaý garamazlygy” bilen düşündirdi. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem-de Serhet gullugyna harby tehnikalaryň abatlyk ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy.
Şeýle-de, prezident prokuratura edaralaryna azyk üpjünçiligine prokuror gözegçiligini ýerine ýetirmegi, ykdysady jenaýatlara we korrupsiýa garşy göreşmegi, azyk harytlarynyň bahalarynyň ara tapawutlaryny seljermegi we bahalary durnukly saklamak işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Prezident öz çykyşynyň ahyrynda döwletiň harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini wada berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.