17-nji martda Aşgabatda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Fazil-Mohammad Saberiň işe girişmegine bagyşlanan dabara boldy diýip, “Fergana” habar gullugy talyplar hökümetiniň metbugat sekretary Zabiulla Mujahediň twitter sahypasyna salgylanyp habar berýär.
Täze ilçiniň işe girişmegine bagyşlanan dabara Türkmenistan tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşypdyr.
Ynsan hukuklaryny, hususan-da aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny depelemekde tankyt dedilýän “Talyban” hökümeti şu wagta çenli daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmedi. Talyplar geçen awgustda Kabulda häkimiýeti ele geçirip, Günbatar goldawly Aşraf Gani hökümetini syndyraly bäri, daşary ýurt döwletlerinde Owganystana wekilçilik edýän diplomatik wekilhanalaryň işi gümürtikliginde galýar.
Ilkinji bolup Pakistan 2021-nji ýylyň oktýabrynda “Talyban” hökümetiniň ilçisini kabul etdi. “Fergana” neşirine görä, Hytaý hem “Talybanyň” bellän ilçisini kabul edipdir. AFP habar agentligi Hytaýyň "Talyban" wekilini kabul edendigini, ýöne onuň resmi ilçi hökmünde ykrar edilmändigini aýdýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan dünýäde talyplaryň wekil bellän üçünji ýurdy boldy.
Aşgabadyň “Talyban” ilçisini kabul etmegi Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlarynyň yz ýanyna we täze prezidentiň kasam kabul edip, işe girişmeginiň öň ýanyna gabat geldi.
Galyberse-de, Aşgabatda talyp ilçisi öz işine başlan güni, 17-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça ýardam missiýasynyň işiniň dowam etdirilmegine resmi taýdan rugsat bermek barada çözgüt kabul etdi. BMG-niň Owganystan boýunça ýardam missiýasy ynsanperwer ugurlarda, ynsan hukuklaryny, şol sanda aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny goramakda iş alyp barar.
Türkmenistan Owganystan bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýaly transmilli taslamalara gatnaşýar. Bu iri taslama köp ýyllyklaryň dowamynda sebitde bar bolan syýasy, ykdysady we howpsuzlyk meseleleri sebäpli durmuşa geçirilmän gelýär.
Owgan metbugatyna görä, 10-njy martda türkmen we talyp wekilleriniň ýene bir gezek duşuşyp, TOPH taslamasynyň geljegini maslahat etmegine garaşylýardy. Ýöne bu duşuşygyň geçirilip geçirilmändigi barada ne owgan metbugaty, ne-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Mundan ozal, Aziýanyň Ösüş Banky hem TOPH taslamasynyň maliýeleşdirilmegine ýardam bermäge isleg bildirip gelýärdi. Ýöne ýaňy-ýakynda Ösüş banky Owganystandaky “Talyban” hökümetiniň halkara derejesinde ykrar edilmezliginiň töweregindäki töwekgelçilikler sebäpli TOPH ýardamlaryny togtadýandygyny mälim etdi.
Muňa garamazdan, Owganystanyň dolandyryjylary TOPH taslamasy boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini wada berýärler. “Tolo News” owgan neşirine görä, 18-nji martda “Talybanyň” Daşary işler ministrligi TOPH taslamasynyň Owganystan böleginde gurluşyk işleriniň bahar aýlarynda täzeden dikeldiljekdigini yglan etdi. Taslamanyň owgan böleginiň düýbi 2018-nji ýylyň fewralynda tutuldy.
Ýöne soňky wagtlarda hatda Türkmenistanyň hökümet gözegçiligindäki maglumat çeşmeleri hem “Talybanyň” transmilli taslama gatnaşmak mümkinçiligine şübheli çemeleşip gelýär.
“Käbir ykdysatçylar sanksiýalar we daşary ýurt kömeginiň azalmagy sebäpli häzirki wagtda Owganystanyň TOPH taslamasyna gatnaşyp bilmejekdigine ynanýarlar” diýip, hökümetçi Orient neşiri käbir ykdysatçylara salgylanýar.
Aşgabatda täze “Talyban” ilçisi işe başlaýan mahaly, Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi web-saýty geçen iýuldan bäri täzelenmeýär. Türkmen paýtagtyndaky owgan ilçihanasynyň resmi web sahypasy hem täze wagtlaýyn ilçi barada maglumat çap etmedi.
Pakistan, Hytaý we Türkmenistan täze “Talyban” ilçisini kabul edýän mahaly, AFP habar agentligine görä, ýakyn wagtlarda Birleşen Ştatlardaky owgan ilçihanasyna we konsulhanalaryna ýapylmak howpy abanýar.
Galyberse-de, AFP “Talybanyň” goňşy Eýrandaky we Özbegistandaky owgan wekilhanalaryna hem öz adamlaryny belländigini aýdýar. Şol bir wagtda, Russiýa Owganystandan iki-üç sany täze diplomat kabul etmäge razyçylyk beripdir, ýöne şol bir wagtda Moskwa täze diplomatlara öňki owgan ilçisiniň ornuny eýelemezlik şertini goşupdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.