Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar çagalaryny sünnet etdirmek üçin 5 müň manada çenli "para bermeli bolýar"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda erkek çagalary sünnet etdirmek möwsümi başlady. Dini däp-dessurlar esasynda amal edilýän bu hirurgik çärä-de para giňden ornaşdyryldy diýip, lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

"Keselhanalaryň hirurgiýa bölümlerinde nobatlar emele gelip başlady. Lukmanlar bir çaganyň sünnet kesimi üçin 1000 manatdan 5000 manada çenli para soraýarlar. Bu hirurgik amalyň döwlet bahasy 50 manada barabar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ene-atalaryň biri gürrüň berdi.

Habarçymyz parany bermedik çagalaryň dürli bahanalar bilen sünnet edilmeýändigini, ene-atalardan dürli resminamalaryň talap edilýändigini we olaryň "tejribesiz" lukmanlara ugrukdyrylýandygyny aýdýar.

Azatlygyň habarçysynda bu keselhanalaryň we lukmanlaryň atalary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçymyz kähalatlarda tejribesiz lukmana duşan käbir çagalaryň ikinji sapar “operasiýa” edilmeli bolýandygyny hem habar berýär.

"Biz agtygymy sünnet etdirmek üçin Türkmenabat şäherindäki bir meşhur hirurgyň öýüne bardyk Biz daňdan sagat 4-de nobata durduk we gije sagat 11-de öýümize gaýdyp geldik. Hirurgyň meşhurdygyna garamazdan, çaganyň kesilen ýarasynda çiş we ganamak alamatlary emele geldi. Şondan soňra biz etrap lukmanymyza ýüz tutmaly bolduk" diýip, Farap etrabyndan özüni Saýýara diýip tanyşdyran ýaşaýjy anonimlik şertinde 15-nji martda gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýatynyň Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji martda günüň ikinji ýarymynda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda erkek çagalaryň sünnet edilmegi dini däp-dessurlar esasynda amala aşyrylýar. Ýöne ýurtda munuň amal edilşini düzgünleşdirýän haýsydyr bir kanunçylyk göze ilmeýär.

Soňky ýyllarda Azatlygyň habarçylary käbir çagalaryň halk tebipleri ýa-da pensiýadaky lukmanlar tarapyndan sünnet edilýändigi barada enceme gezek habar berdiler. Bu habarlaryň arasynda, häkimiýet wekilleri halk tebiplerine we çagalary öýünde sünnet edýän lukmanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wgatal güýçlendirýärler.

Geçen ýylyň martynda Farapdaky habarçymyz etrap häkimiýetleriniň çagalaryň diňe döwlet saglyk edaralarynda sünnet etdirilmegini talap edýändigini habar berdi. Şeýle-de, ol kanun goraýjy işgärleriň çagalaryň öýlerde sünnet edilmezligi barada tebiplerden dilhaty alýandygyny hem aýtdy.

Erkek çagalaryň sünnet etdirilmegi dünýäde esasan musulman ýurtlarda hem-de ýewreýleriň arasynda giň ýaýrandyr. Türkmen maşgalalarynda erkek çagalaryň sünnet etdirilmegi dabaraly ýagdaýda ýörite çäre, ýagny "Sünnet toýy" bilen bellenilýär.

Bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär. Habarçylarymyz we türkmenistanlylar korrupsiýanyň ýurduň tas ähli pudagynda giňden ýaýrandygyny yzygiderli habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG