Bahar aýlarynyň gelmegi bilen Lebap welaýatynyň Farap etrabynda erkek çagalary sünnet etdirmek möwsümi bat aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, etrap häkimiýetleri çagalaryň diňe döwlet saglyk edaralarynda sünnet etdirilmegini talap edýär.
Bu talabyň fonunda, habarçynyň tassyklamagyna görä, etrap hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde sünnet üçin lukmanlar ene-atalardan para soraýar we bu ýagdaý ene-atalarda nägilelik döredýär.
Habarçy sünnet üçin hassahananyň ene-atalardan saglyk kepilnamasyny hem-de razyçylyk hatyny talap edýändigini habar berdi. Habarçy sünnet üçin, şol sanda munuň üçin zerur bolan resminamalar üçin ene-atalaryň 300 manat çykdajy etmeli bolýandygyny aýtdy.
“Resminama taýýarlamak islemeýän adamlar 1000 manat hirurgyň jübüsine salmaly” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, häkimiýetler tebipleriň çagalary öýlerde sünnet etmegini gadagan edýär.
“Hukuk goraýjy işgärler çagalaryň öýlerde sünnet edilmezligi barada tebiplerden dilhat aldylar” diýip, faraply ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda erkek çagalaryň sünnet edilmegi dini däp-dessurlar esasynda amala aşyrylýar we kanunçylyk tarapyndan düzgünleşdirilmeýär.
Ýurtda däp bolşy ýaly, sünnet möwsüminde häkimiýet wekilleri çagalaryň halk tebipleri tarapyndan öýlerde sünnet edilmezligi barada düşündiriş işlerini geçýärler.
Ozalky ýyllaryň tejribelerinde häkimiýetler çagalary öýlerde sünnet edýän tebiplere 3 müň manat möçberinde jerime salynjakdygy barada duýduryş berdi. Eger-de bu hadysa ikinji gezek gaýtalansa, onda tebipleriň tussag ediljekdigi duýduryldy.
2018-nji ýylyň martynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda çagalary öz öýünde sünnet edýän pensiýadaky bir lukman howpsuzlyk gulluklary tarapyndan saklandy.
Türkmen maşgalalarynda erkek çagalaryň sünnet etdirilmegi dabaraly ýagdaýda ýörite çäre bilen bellenilýär.
Erkek çagalaryň sünnet etdirilmegi dünýäde esasan musulman ýurtlarda hem-de ýewreýleriň arasynda giň ýaýrandyr. Barlaglara görä, dini sebäplerden daşgary, saglyk we medeni sebäpleriň esasynda erkekleriň sünnetlenýän ýurtlary hem bar.
Barlaglara görä, musulman ýurtlarynyň ençemesinde, şol sanda Türkmenistanda erkekleriň 90 göterimden hem köpüsi sünnet etdirýär.
Worldpopulationreview.com saýtynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda we Merkezi Aziýa ýurdy bolan Täjigistanda erkekleri sünnetlemegiň derejesi 99 göterime barabardyr. Özbegistan we Türkmenistan ýaly beýleki käbir musulman ýurtlarynda bolsa bu san 90 göterimden ýokarydyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.