Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda tebiplere çagalary sünnet etmek gadagan edildi


Daşoguzda häkimiýetler raýatlardan ogullaryny döwlet hassahanalarynda sünnet etdirmeklerini talap edýärler.
Daşoguzda häkimiýetler raýatlardan ogullaryny döwlet hassahanalarynda sünnet etdirmeklerini talap edýärler.

Daşoguzda ogullaryny sünnet etdirmekçi bolýan ene-atalar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başladylar.

Ýurduň demirgazyk welaýatynda soňky bir aýyň dowamynda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri ýerli tebipleri ýygnap, olaryň mundan beýläk çagany sünnet etmeli däldiklerini, ýogsa-da agyr jerime salynjakdygyny duýdurýarlar.

“Eger-de ýekejäňiziň sünnet edeniňizi eşitsek, birinji sapar 3 müň manada çenli jerime salarys, ondan soň hem [türmä] basarys’ diýip, haýbat atdylar” diýip, Akdepe etrabynda tebipçilik bilen meşgullanýanlaryň biri Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Beýle ýagdaýyň fonunda, ýerli häkimiýetler raýatlardan mundan beýläk ogullaryny döwlet hassahanalarynda sünnet etdirmeklerini talap edip başladylar. Emma ýaşaýjylar sebäbi düşündirilmeýän bu täze talabyň netijesinde, özleriniň uly kynçylyklar, şol sanda goşmaça çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdyp zeýrenýärler.

“Döwlet hassahanasynda sünnet etdirjek bolsaň, ilki kassa 30 manat töledýärler. Soňra umumy bahasy 50 manatdan hem geçýän dermanlaryň sanawyny berip, olary hem öz hasabyňa aldyrýarlar. Mundanam başga, sünnete ýatyrylýan çaga hirurgiýa bölüminde narkoza meňzeş, agyryny azaldýan bir sanjym urýarlar. Mundan soň, çaga bir aý çemesi aňsyz ýaly gezýär. Şeýle-de, sünnet eden lukman ‘el hakym’ diýip, 200 manat soraýar. Ozaldan tebipler sünnet üçin 100 manat alardylar. Goşmaça çykdajylar maşgalamyza gaty uly urgy bolýar” diýip, ýakynda ogluny döwlet hassahanasynda sünnet etdiren, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylarynyň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Şol bir wagtda, ogullaryny sünnet etdirmekçi bolýan daşoguzlylaryň bar harjy diňe goşmaça çykdajylar bilen çäklenmeýär. Çagany sünnet etmäge mümkinçilik berýän hirurgiýa bölümli hassahanalar welaýatyň diňe sanlyja etraplarynda bolup, ýaşaýjylar ol ýere aşmak üçin, kä halatlarda ýüzlerçe kilometr ýol geçmeli bolýarlar.

“Hirurgiýa bölüminde urologiýa bolan hassahanalar Daşoguz şäherinde we Saparmyrat Nyýazow etrabynyň merkezinde bar. Ruhybelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylary ogullaryny sünnet etdirmekçi bolsa, 150 kilometr aralygy geçmeli. Sünnet edilen çagany sowuk howada awtobusda hem äkidip bolmaýar. Onuň üçin ýene goşmaça çykdajy edip, hususy taksini hakyna tutmaly bolýar” diýip, ýakynda ogluny sünnet etdiren Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Bu aralykda, geçen hepde Daşogzuň Akdepe etrabynda çagalary öz öýünde sünnet edýän, pensiýa çykan bir hirurg-urolog lukman howpsuzlyk gulluklary tarapyndan saklanyp, häzir onuň işi suda geçirildi.

Galyberse-de, Daşogzyň saglygy-saklaýyş edaralaryndan bu täze talabyň girizilmeginiň sebäplerini ýa-da maksatlaryny anyklamak synanyşyklary netije bermedi.

XS
SM
MD
LG