Rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainany “harbylasyzlaşdyrmak” boýunça “ýörite” operasiýany yglan etmeginden soň, Kiýewde we ýurduň beýleki sebitlerinde partlamalaryň we ýaraglaryň sesleri eşidildi. Putiniň bu hereketi Ýewropada Ikinji Jahan urşundan soňky iň uly söweşi öjükdirip biler.
24-nji fewralda irden Günbataryň ençeme habar gulluklary birnäçe şähere hüjüm edilendigi barada maglumat berdiler. CNN partlamalaryň ýurduň azyndan ýedi şäherinde eşidilendigini aýdýar.
Russiýa operasiýany yglan edenden soň, Kiýewdäki esasy Baryspil aeroportunyň golaýynda ok atyşyklaryň sesleri eşidildi. Haýsy güýçleriň çaknyşýandygyny entek doly aýdyň däl.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kulebe “Russiýanyň Ukraina garşy doly derejeli hüjüme geçendigi” barada özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hüjümi dessine ýazgardy, şeýle-de dünýäniň “Russiýany jogapkärçilige çekjekdigini” duýdurdy.
Habar doldurylýar...