Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen awtoduralgalaryň aýlyk tölegi duýdansyz 150% gymmatlady. Bu gymmatlama barada häkimiýetler tarapyndan öňünden hiç hili bildiriş edilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, awtoduralgalaryň tölegleri ýanwar aýynda 60 manat bolan bolsa, fewral aýynda 150 manada ýokarlandy.
"Adat bolşy ýaly, awtoulag eýeleri fewral aýynyň başynda aýlyk töleglerini tölediler. Ýöne aradan birnäçe gün geçensoň, olara jaň edip, olardan goşmaça töleg talap etdiler" diýip, ýagdaýdan habarly awtoulag eýeleriniň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Emma redaksiýamyzyň 11-nji fewralda ýerli wagt bilen ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.
Ýatlatsak, bu awtoduralgalaryň tölegleri soňky gezek 2017-nji ýylyň ahyrynda gymmatlapdy. Şonda habarçylarymyz awtoduralgalarda bir ulag üçin bir aýlyk tölegiň sentýabrda 30 manat, oktýabrda 37 manat 20 teňňe, dekabr aýynda bolsa 60 manat bolandygyny habar beripdiler.
Türkmenistanda ýaşaýjylardan ulag serişdelerini ýöriteleşdirilen awtoduralgalarda goýmak talaby 2013-nji ýylda güýçlenip başlady. Şonda ulag serişdelerini ýaşaýyş jaýlaryň öňünde, ýanýodalarda we döwlet tarapyndan bellige alynmadyk beýleki ýerlerde goýmak gadagan edildi. Bu baradaky bildirişler ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde asyldy.
Etrap häkimlikleri, şol sanda Köpetdag etrap häkimligi tarapyndan asylan bildirişlerde ulag serişdesiniň ýöriteleşdirilen awtoduralgada goýulmalydygy aýdylypdy. Bu talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda, ony bozanlaryň kanuna laýyklykda administratiw jogapkärçilige çekiljekdigi hem duýdurylypdy.
Bu bildirişlerden soň, Aşgabadyň polisiýasy ulaglaryny köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň öňünde, ýanýodalarda we döwlet tarapyndan bellige alynmadyk beýleki ýerlerde goýan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirdi. Ulaglary ýöriteleşdirilen awtoduralgalarda goýmadyk ulag eýelerine 100 manatdan 400 manada çenli pul jerimesi salyndy.
Ulag eýelerinden edilýän bu talap 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda has-da güýçlenipdi. Şondan soň raýatlaryň tas ählisi diýen ýaly ulaglaryny awtoduralgalarda goýup başlady.
Aşgabatda daşyna demir germew aýlanan we açyk meýdanda ýerleşýän awtoduralgalaryň, şeýle-de üsti ýapyk, köp gatly awtoduralgalaryň sany onlarça bolup, olar şäher häkimligi ýa ministrlikler tarapyndan guruldy.
Ýöne 2020-nji ýylyň oktýabrynda hökümetçi "Türkmenportal" neşiri Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen köp gatly awtoduralgalaryň hususylaşdyrylýandygyny habar berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara şol ýylyň 29-njy oktýabrynda gol goýdy. Ýöne neşir olaryň anyk snayny we nirelerde ýerleşýändigini aýdyňlaşdyrmady.
Aşgabatda ýöriteleşdirilen awtoduralgalaryň töleginiň duýdansyz iki ýarym esse gymmatlamagy ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň, azyk ýeter-ýetmezçiliginiň we gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň barha ýaramazlaşýan mahalyna gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.