Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda protokol köçeleriniň gabadynda goýlan ulaglar boýunça gözegçilik güýçlendi


Polisiýa işgärleri we awtoulag sürüjisi. Illýustrasiýa suraty
Polisiýa işgärleri we awtoulag sürüjisi. Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherinde protokol köçeleriň, ýa-da bu köçelere ýanaşyk ýollaryň ugrunda awtoulaglary goýmak boýunça häkimiýetleriň girizen gadagançylygy öz güýjünde dowam edýär we soňky döwürde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň bu düzgün boýunça gözegçiligi güýçlendirendigini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 29-njy martda ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Gürrüňi edilýän mesele boýunça Azatlyk Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş bolanda, ol bu ýagdaýlary tassyklap gadagançylygyň dowam edýändigini gürrüň berdi:

“Aşgabat şäherinde protokol köçeleriniň ugrunda hem-de protokol köçelerine ýanaşyk, ýagny birikýän köçeleriň ugrunda awtoulaglary goýmaklyga gadaganlygyň girizilenine indi ençeme ýyl boldy. Adamlar indi, dogrusy, bu çäre bilen öwrenişiberdilerem” diýip Bugaýew aýtdy.

Paýtagtly synçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp beren gürrüňinde, agzalýan köçeleriň ugrunda goňşuçylykda ýaşaýan adamlaryň birek-birekden ulaglaryny köçeleriň ugrunda goýmazlygy haýyş edip başlandygyny, sebäbi şeýle ýagdaýda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gije-gündiz ses gataldyjy enjam bilen goh-galmagal edip park edilen ulaglary aýyrdýandygyny, bu ýagdaýyň ýerli ilaty birahat edýändigini aýtdy.

“Awtoulagy kimdir biriniň getirip goýanyny görse, ol ýa-da beýleki ýaşaýjy çykyp, [ulaglary goýmazlygy] haýyş edýär. Ýogsam, şol köçelerde awtoulagy goýmagyň gadagandygyny görkzeýän köçe-ýol herketiniň döwlet tarapyndna ykrar edilen belligi ýok. Elbetde, esasy protokol köçeleriň ugrunda bu bellikler bar” diýip, Bugaýew belledi.

Soňky döwürde bu gözegçiligiň has-da güýçlenendigini sözüniň üstüne goşan synçy, protokol köçelerinden hatda ençeme ýüz metr daşlykdaky köçleriň ugrunda goýlan ulaglaryň-da mejbury aýyrdylýandygyny aýtdy.

“Awtoulaglar goýlan bolsa, gijäniň bir wagty hem bolsa 1 maşyn üçin 2-3 sany maşyn birdenkä gelip, ses gataldyjy [enjam] bilen uly gopgun etmekleri has güreldi” diýip, Bugaýew habar berdi.

Geçirilýän gadagançylyk çäreleriniň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada soralanda ýerli synçy efirde adynyň tutulmazlygyny soran polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň iki ofiseriniň sözlerine salgylanyp, Parahat etrapçalarynda gurlan awtoduralgalaryň işgärleriniň gije sagat 11:00 töwereklerinden soňra etrap häkimliklerine ýa-da gönüden-göni polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyna jaň edip, ýerli ýaşaýjylaryň agzalýan köçeleriň ugrunda buky ýerlerde ulaglaryny goýýandygyny, awtoduralgalarda bolsa ýerleriň boş galýandygyny habar berýändigini, olaryň döwlet baştutanynyňam ulaglaryň awtoduralgalarda goýulmalydygyny talap edýändigini ýatladýandygyny, şeýlelikde polisiýanyň işgärleriniň ulaglary aýyrtmaga mejbur bolýandygyny aýdandyklaryny habar berdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda agzalýan awtoduralgalaryň töleglerine-de degip geçen paýtagtly synçy her ulag üçin günde 2 manat tölegiň talap edilýändigini aýtdy.

“Her näçe geň galdyrýanam bolsa, awtoulag eýesiniň eline şol puluň alynandygy barasynda kwitansiýa berilmeýär. Näme üçin kwitansiýa bermeýändikleri soralanda “Ynha biz öz depderimize bellik etdik, arkaýyn bol!” diýip jogap berýärler” diýip, paýtagtly synçy sözüniň üstüni ýetirdi.

“Gijäniň bir wagty ýörite jaň edilip getirdilýän awtoulaglardanam alynmaly 2 manady alýarlar, ýöne olar awtoduralgada öň duran ulaglaryň sanawyna girmeýändigi üçin olaryň tölän töleginden bir köpügem döwlet gaznasyna geçirilenok” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Şeýle-de, agzalýan tölegiň döwletiň gaznasyna geçirilmän awtoduralganyň işgärleriniň aýlygyna galp gazanç hökmünde goşulýandygyny ýerli synçy gürrüň berdi.

Ýagdaýyň anygyna ýetmek üçin meseläniň yzyny çalandygyny aýdan Bugaýew Parahat etrapçasynda ýerleşýän iki awtoduralganyň işgärleri bilen hem gürrüňdeş bolandygyny, ýöne olaryň bolýan wakalary tersinden düşündirýändigini aýtdy.

“Ýok, tersine, gije sagat 11-12:00-den soňra awtoinspeksiýanyň işgärleriniň özleri gelip, “siziň ýerleriňiz doly däl ekeni, häzir jaýlaryň arkasynda buky ýerde goýlan maşynlary şol ýerlerden aýyrar ýaly edip gopgun turuzarys, soňundanam aýlanarys” diýip gidýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Aradan 40-50 minut geçensoň awtoduralga mejbury getirilen 60-a golaý maşynyň eýelerinden alynýan tölegleri ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň awtoduralganyň işgärleri bilen bölüşmegi talap edýändigini ýerli synçy duralgalaryň işägerleine salgylanyp gürrüň berdi.

Gysgaça jemläp aýdanymyzda, paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Parahat etrapçasynyň töwereklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda goýlan ulaglary ýol gözegçilik gullugy giçden soň awtoduralga geçirmegi talap edýär. Olar goh-galamagal turuzýar. Ilat birahat bolýar. Polisiýanyň işgärleri bu mesele boýunça awtoduralganyň işgärlerini aýyplaýar. Awtoduralganyň işgärleri bolsa öz gezeginde polisýany aýyplaýar. Iki arada halk ynjalyksyz bolýar, üstesine ulag eýeleri ýok ýerden çykdajy edýär, galyberse-de döwletiň gaznasyna girmeli töleg ýa awtoinspeksiýanyň işgärleriniň jübüsine ýa-da awtoduralgalaryň işgärleriniň jübüsine girýär.

XS
SM
MD
LG