Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak derňew topary ýanwar wakalarynda 'gynamalaryň örän köp bolandygyny' aýdýar


“Akikat” (Hakykat) toparynyň ýanwar wakalaryny derňemek baradaky komissiýasynyň başlygy, aklawçy Aýman Umarowa, ýanwar wakalary boýunça derňew başlandan soň, "adam gynamalarynyň örän köp bolandygyny" aýtdy.

“Adaty günlerde beýle iş kän bolmaýar, şonuň üçin bu gynamalaryň nähili bolup geçýändigi kän bir göze ilmeýär, sebäbi olar ýuwaşlyk bilen amala aşyrylýar. Emma bu hili ýagdaýda gynamalar köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar” diýip, Umarowa ýerli habar sahypasy “Tengrinews” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Söhbetdeşlik 7-nji fewralda irden, häkimiýetler aşa artyk güýç ulanylmagynyň we derňew geçirmegiň kabul edilmeýän usullarynyň “mümkin bolan ýagdaýlaryny” boýun alanlaryndan birnäçe gün soň çap edildi.

Umarowanyň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleri köplenç "Adamlar ol ýere [ýygnanyşyga] baran bolsa, bu olaryň köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşandyklaryny aňladýar diýen netijä gelýärler".

"Adama diňe şol wagt şol ýerde bolany üçin terrorçylyk ýa-da köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşmak aýyplamalary bildirilýär" diýip, Aýman Umarowa aýtdy.

Gazagystanyň Baş prokuraturasy 4-nji fewralda prokuratura edaralaryna "bikanun derňew usullarynynyň" ulanylmagy boýunça 148 şikaýat arzasynyň ýazylandygyny aýtdy. Olaryň azyndan 105-si boýunça jenaýat işi açyldy.

Şeýle-de, Baş prokuraturanyň 7-nji fewraldaky beýanatynda aýdylmagyna görä, ýanwar aýynda bolan wakalarda "parahatçylykly ýörişler dürli güýçler tarapyndan ulanyldy".

XS
SM
MD
LG