Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda ilat häkimiýetleriň bazardan gitmek talabyna boýun bolmady, uly ýoly petikledi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

31-nji ýanwarda Marynyň Baýramaly etrabynyň ilaty, häkimiýetleriň sebitiň esasy bazarynyň ýapylmagy sebäpli çölde esaslandyrylan emeli söwda nokadyny dargatmak synanyşyklaryna garşy çykyp, uly ýoluň hereketini böwetledi. Bu raýatlaryň barha ýitileşýän ykdysady çökgünligiň arasynda häkimiýetleriň girizýän dowamly çäklendirmelerine garşy geçiren nägilelikli protestleriniň ýene biri boldy. Bu aralykda, häkimiýetler howpsuzlyk gulluklary bilen birlikde ýerli ýaşululary we mollalary hem çekip, raýatlaryň hökümete garşy çykyşlarynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Gepiň gerdişine türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem resmi hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmeleri bilen birlikde, dürli çäklendiriji düzgünleri girizýändigini, şol sanda bazarlaryň, dükanlaryň hem işini çäklendirýändigini, munuň bilen baglylykda hususy telekeçileriň çekýän zyýanynyň öwezini dolmaýandygyny, raýatlara ygtybarly alternatiwalary hem hödürlemeýändigini belleýäris.

“16-njy ýanwarda Baýramalynyň esasy bazary ýapylandan soň, onuň ertesi güni söwdagärler ‘Medeniýet’ ýolunyň ugrundaky açyk çöllük bir meýdanda emeli bir bazary esaslandyrdylar. Aradan iki hepde töweregi wagt geçenden soň, ýagny 31-nji ýanwarda häkimligiň işgärleri polisiýa bilen gelip, onlarça söwdagäri we alyjyny bu ýerden zor bilen dargatjak boldular” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 1-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz adamlaryň häkimiýetleriň bu hereketine garşy çykandygyny hem belledi.

“Adamlar boýun bolmakdan ýüz öwürdüler. Söwdagärler dessine harytlary bilen gatnawly ‘Medeniýet’ ýoluny böwetlediler. Olaryň arasynda göze görnüp duran lider bolmasa-da, adamlar jebis durdular we [emeli] bazary ýapdyrmajakdyklaryny aýtdylar” diýip, bu wakalaryň şaýady gürrüň berdi.

Ol mundan soň, ýerli häkimligiň işgärleriniň ozalky haýbatly çykyşlaryna derek, protestçileri köşeşdirmäge synanyşandyklaryny nygtady.

“Häkimligiň işgäri ‘fewralyň başky günlerinde esasy bazar açylar. Biz size şu hoş habary ýetirmek üçin gelipdik. Siz indi ol ýere dolanyp bilersiňiz, bu ýerden gaýdyň’ diýip, adamlary köşeşdirjek boldy. Emma görnüşinden adamlar indi häkimiýetleriň sözlerine we wadalaryna ynanmagyny bes etdiler. Olar häkimiýetleri açyk tankytlap, ýerlerinden bytnamajagyny, diňe bazaryň gaýtadan açylanyna göz ýetiren halatynda, bu ýerden gitjekdiklerini aýtdylar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Ol mundan soň, häkimligiň işgäriniň ‘bolar, bu günlükçe söwdaňyzy uly ýoldan çetde dowam etdiriň, ýöne soňy bilen esasy bazara dolanyň” diýip, bu sebiti terk edendigini we netijede adamlaryň hem ýoldan çekilendigini sözüne goşdy.

Türkmen mediasynda beýan edilmedik bu protest barada Marynyň we Baýramalynyň degişli häkimliklerinden, şeýle-de kanun goraýjy edaralaryndan hem maglumat ýa düşündiriş almak başartmady.

Bellesek, bu türkmen raýatlarynyň ýitileşýän maliýe çökgünliginiň, şeýle-de azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň arasynda türkmen hökümetine garşy geçiren açyk protest çäreleriniň ýene biri boldy. Mundan öň, Azatlyk ilat arasynda öz-özünden dörän nägilelikli çykyşlar, ýaşaýjylaryň sebit we etrap häkimliklerine köpçülikleýin ýüzlenmeleri barada habar beripdi. Nägilelik hereketleri häkimiýetleriň ýagdaýy düzetmek wadalary ýa-da az mukdarda un we çörek paýlamak ýaly hereketleri bilen tamamlanypdy.

Emma soňky günlerde häkimiýetleriň resmi derejede ilatyň Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmek tagallalary bilen birlikde, resmiler ýerli ýaşululary we mollalary hem propaganda-wagyz işlerine çekip, hususanda ýaşlary hökümete garşy çykyşlary tomaşa etmezlige, şeýle-de birek-biregini şugullamaga itekläp başladylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurdy hasaplanýan Türkmenistanyň bu ugurdaky zorlukly çärelerini ýanwaryň başynda Gazagystanda ilatyň ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy protest geçirip, munuň soňy zorluk bilen utgaşmagyndan soň hasam güýçlendirendigine meňzeýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky ykdysady krizisi, munuň bilen baglylykda ilatyň nägilelikli çykyşlary barada maglumat bermeýärler, munuň deregine ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini ynandyrmaga synanyşýarlar we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň propagandasyny güýçlendirýärler.

Hökümetiň halkyň zerurlyklaryna göz ýummagy, ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň pese gaçmagyna sebäp boldy. Azatlygyň habarçylarynyň habar berşi ýaly öýsüz-öwzarsyzlaryň, dilegçileriň sany köpelýär, jenaýatçylyk artýar. Adamlaryň emlägini satýan we zatlaryny iýmite çalşýan halatlary has köp duş gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG