Şu günler Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda arzan banan, sogan we kartoşka ýaly gök we miwe önümleriniň söwdasy bolady. Ýöne alyjylar elýeterli önümleriň hilinden şikaýat edýär. Käbir önümleriň gapdaly bilen adamlardan bedre we taňňyr satyn almak soralýar. Elýeterli miwe önümleri Aşgabadyň 6 belgili bazarynda-da peýda boldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji ýanwarda habar berdiler.
Maryly habarçynyň sözlerine görä, şu günler regionyň döwlet dükanlary ‘arzan gök önüm’ diýen ýazgyly bildiriş asyp, elýeterli gök we miwe önümlerini satuwa çykarýarlar. Ýöne alyjylar bu önümleri ‘satyn alar ýaly däldigini’, olaryň zaýadygyny aýdýarlar.
“Şu gün Baýramalynyň öňler asla döwlet nyrhyndan hiç zat satmadyk döwlet dükanlary hem ‘arzan gök önüm’ diýip, ýazgy asypdyr” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
“Bananyň dagy gabygy garalyp gidipdir” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy habarça gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda arzan gök we miwe önümleriniň satuwa çykarylandygyny eşiden maryly ýaşaýjylar öz aralarynda guramalaşyp, bu barada birek-birege habar berdiler.
“Adamlar ‘arzan azyk satylýar’ diýip, biri-birlerine habar berip dükanlara barýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy. Ol döwlet dükanlarynda satuwa çykan gök we miwe önümlerini sowuk urandygyny çaklady.
“Bir banany açyp, dadyp gördüm. Bananda tagam ýok, sabyn iýen ýaly. Ony çagalara berip bolmaz” diýip, ýene bir ýaşaýjy zaýalanan harytlara üns çekdi.
“Daşy garalyp giden bananyň 1 kilogramy 30 manat, ýany bilen sowuk uran sogan ýa-da kartoşka satyn almaly” diýip, ol sözüne goşdy.
Kähalatlarda satyjylar bananyň gapdaly bilen adamlara bedre we taňňyr hödürleýärler. Ýöne olar hem gymmat.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, bananyň gapdaly bilen satylýan soganyň we kartoşkanyň 1 kilogramy 6 manat.
“Dükandan banan alyp çykan adamyň elinde sogan hem bardy. Ýöne sogan tas eräpdir diýen ýaly. Çüýräp zaýalanan soganyň ysy pakediň daşyna urup dur. Beýleki bir adam bananyň ýany bilen kartoşka alypdyr. Onuň pakedinde erän kartoşkanyň suwy bananyň üstüne damyp dur” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Gapdaly bilen goşulyp satylýan zaýa harytlardan ýüz öwrüp, diňe banan satyn aljak bolsaň, onuň 1 kilogramy 36 manat. Ýöne zaýa sogany we kartoşkany satyn almakdan boýun towlaýan adamlara satyjylaryň ýene-de bir teklibi bar. Olar alyjylara, eger sogany kartoşkany halamasalar, bananyň gapdaly bilen plastik bedreleri ýa-da taňňyrlary satyn almagy teklip edýärler. Onuň bahasy harydyň bedredigine ýa-da taňňyrdygyna garamazdan, 20 manat.
“1 kile banan 30 manat, bedre 20 manat. Jemi 50 manat bermeli. Bularyň 20 manatdan satmakçy bolýan bedreleri hususy dükanlarda 14 manat” diýip, bir maryly hasap ýöretdi.
Onuň sözlerine görä, satyjylar “banan, sogan, kartoşka, taňňyr, bedre” diýip, söwdany bulaşdyrýan mahaly, hiç zat satyn alman, nägile bolup, dükandan çykyp gaýdýan adamlar hem bar.
Ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanlarynda peýda bolan elýeterli harytlaryň Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany bazarlarda bolçulygy döredilmäge synanyşalan önümlerdigini aýdýarlar.
Ýatlasak, Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň "Gülüstan", "Gündogar" we "Paýtagt" bazarlarynda, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, arzan bahadan miwe önümleri, şol sanda alma, armyt, banan we nar satuwa çykaryldy.
“Täze ýyldan şu güne çenli howanyň doňakçylyk bolany sebäpli, ýük ulaglarda geçmän galan harytlary döwlet zyňdyrman, olary beýleki önümleriň gapdaly bilen halka arzan bahadan satdyrmakçy bolýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy gök we miwe bolçulygynyň mümkin bolan sebäpleri barada pikir ýöretdi.
Azatlyk Radiosy munuň şeýledigi ýa-da däldigi barada Marynyň söwda resmilerinden kommentariýa alyp bilmeýär.
Häzir 1 kilogramy 36 manatdan satylýan banan we başga-da käbir miweler, ýatlasak, Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtyň bazarlarynda 1 kilogramy 5-10 manat aralygynda satylypdy.
“Mundan öň azyk önümleriniň gapdaly bilen ýarym-zaýa haryt satyp öwrenişipdirler, indi tutuşlygyna zaýa harytlary satmakçy bolýarlar” diýip, ýene bir ýaşaýjy pikir beýan etdi.
Bu aralykda, şu günler paýtagtyň 6 belgili bazarynda-da 1 kilogramy 15 manatdan miwe önümleri satuwa çykaryldy. Olaryň hatarynda mandarin, nar ýaly önümler bar. Olaryň bahalary tapawut etmeýär, ýöne gapdalyndan hökman banan satyn almak talap edilýär. Bu barada aşgabatly habarçy 15-nji ýanwarda habar berdi.
Tapawudy ýok, näme satyn alsaň kilesi 15 manat diýip, bir paýtagtly gürrüň berdi.
“Ýöne bu önümleri satyn almak üçin, hökman gapdaly bilen banan satyn almaly” diýip, ol sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy satuwa çykarylan bananlaryň suratlaryny ugratdy. Olarda gabygy garalan bir salkym banan we gara gabygy açylan aýrybaşga ýene bir banan görkezilýär.
Onuň maglumatlaryna görä, 6 belgili bazarda 1 kilogramy döwlet bahasyndan, ýagny 24 manatdan düýe eti hem satuwa çykaryldy, ýöne ol çäkli möçberde, adam başyna 2 kilogramdan satylýar.
Zaýalanan gök we miwe önümleriniň döwlet dükanlarynda satylmagyna gahary gelen käbir maryly ýaşaýjylar bu harytlary özleriniň satyn almajakdygyny aýdýarlar. “Çagalarymyzyň posobiýa puluny zaýa harytlara bermejek bolarys, onuň deregine bize un bersinler” diýip, bir aýal Azatlygyň habarçysyna gürüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.