Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň saparyna taýýarlanýan Türkmenabatda suw üpjünçiligi çäklendirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň käbir etrapçalarynda suw üpjünçiligi kesildi, käbir köp gatly jaýlarda bolsa, agyz suwunyň basyşy azaldyldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy bu bökdençligiň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etjek sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

3-nji ýanwarda Mary welaýatyna sapar eden türkmen prezidentiniň 4-nji ýanwarda Lebaba barmagyna garaşylýar. Onuň bu saparyna görülýän giň gerimli taýýarlyklaryň çäginde 4-nji ýanwarda irden sagat 10-da Türkmenabadyň käbir etrapçalarynda ilatyň suw üpjünçiligi çäklendirildi.

"Türkmenabadyň "Merkezi" we "Dostluk" etrapçalarynda, şäheriň merkezinden 20 kilometr uzaklykdaky "Azatlyk" posýologynda suw wagtal-wagtal kesildi. Bu posýologyň "Melirator" obasynda bolsa, irden sagat 9:30 bilen öýlän sagat 15:00 arasynda ilata suw berilmedi" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz ilatyň suw üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleriniň prezidentiň welaýata edýän saparlary döwründe, indi ençeme ýyl bäri gaýatlanýandygyny aýdýar.

Eýse, prezidentiň sapary bilen ilatyň suw üpjünçiliginiň arasynda nähili arabaglanyşyk bolup biler?

Habarçymyz munuň sebäplerini şäheriň agyz suw desgasyna degişli esasy turbanyň prezidentiň geçjek Bitarap Türkmenistan köçesiniň aşagynda ýerleşýändigi, şäheriň demirgazygyndan günortasyna tarap takmynan 25 kilometr uzap gidýändigi bilen düşündirýär.

Ýagdaýdan habarly çeşmämiziň habarçymyza gürrüň bermegine görä, şäheriň agyz suw geçiriji turbalarynyň aglabasynyň möhleti geçip, könelişendigi sebäpli, olar ýygy-ýygydan hatardan çykýar, köçeleri suw basýar.

Onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler suw basan köçeleri tiz wagtda arassalap we abatlap bolmaýandygyny aýdyp, prezidentiň sapary döwründe şeýle hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga çalyşýar.

"Şol sebäpli olar, edil häzirki pursatda bolşy ýaly, suw üpjünçiligini doly kesýärler ýa-da suwuň basyşyny azaldýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Çeşmämiz Bitarap Türkmenistan köçesinde suw geçiriji turbanyň hatardan çykyp, ýarylmagy bilen bagly hadysanyň 2017-nji ýylda özbek prezidentiniň Türkmenabada eden saparynyň öň ýanynda ýüze çykandygyny hem ýatlatdy.

"Şol ýylyň martynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Berdimuhamedow Türkmenabatda Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmazdan öňüsyra, Bitarap Türkmenistan köçesiniň Mukaddes Ruhnama köçesi bilen kesişýän çatrygynda uly basyşly turba ýaryldy. Bu waka agyz suw we jemagat hojalygy işgärlerine iş boldy" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada Türkmenabadyň agyz suw edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň we suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy. Munuň bilen bir wagtda, şäher ýerlerinde turbalary täzelemek ýa abatlamak boýunça ýygy-ýygydan gazuw işleri hem geçirilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar we şäher ýerlerinde suw hem-de ýyladyş turbalarynyň hatardan çykmagy bilen bagly wakalar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Azatlyk bu barada yzygiderli habar berýär.

Habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär. Olar 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda, hatda 2000-nji ýyllaryň ortalarynda gurlan jaýlarda-da infrastrukturanyň, şol sanda ýyladyş turbalarynyň sandan çykandygyny gürrüň berdiler.

Noýabryň başynda “Aşgabatýylylyk” trestiniň hünärmenleri şäheriň ýyladyş ulgamyndaky tehniki ýagdaýlary, ýerasty turbalaryny "weýrançylykly" häsiýetlendiripdi.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary aç-açan boýun alyp, resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG