Bu waka dartgynly ýagdaýda başlandy, ýokary derejeli halkara dawa hökmünde dowam etdi, ahyry nikany bozmak işleri boýunça taryhdaky iň iri işiň biri bolup, Londonyň Ýokary Kazyýetinde tamamlandy. Gaçgak, 47 ýaşly şazada Haýa bint al-Huseýn Ýordan patyşasynyň aýal dogany we Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministri, ýagny Dubaýyň emiri şeýh Muhammed bin Reşid al-Maktumyň öňki aýaly adamsyny zorluk ulanmakda, haýbat atmakda we adam alyp gaçmakda aýyplady hem bu işde nikasy resmi taýdan bozulandan soň, ondan 554 million iňlis funt sterlingini aldy.
Londonyň Ýokary kazyýeti 72 ýaşly emir Muhammede, geljek üç aýyň dowamynda, şazada Haýa 251,5 million iňlis funt sterlingini tölemeli diýen karary çykardy. Kazy karary yglan etmek bilen bu pul serişdesiniň köpüsiniň olaryň bilelikdäki nikadan bolan iki çagasy – 14 ýaşly gyzy Jeliläniň hem 9 ýaşly ogly Zaýediň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin harçlanjakdygyny aýtdy we olara “öz kakasy tarapyndan çynlakaý howpuň" abanýandygyny mälim etdi.
Şeýle hem kazy Dubaý emiriniň her bir çaga ýylda 5,6 million funt sterling tölemelidigini, kepillik hökmünde bir gezeklik 290 million funt sterling töleg etmelidigini kesgitledi. Mundan başga-da, Londonyň Ýokary kazyýeti Muhammed bin Reşid al-Maktuma 2019-njy ýylda ýazan "Sen ýaşadyň, sen öldüň" atly kemsidiji hem haýbat atyjy poemasyny ähli internet sahypalaryndan aýrylmalydygyny aýratyn tabşyrdy. Aslynda şol poema peýda bolanyndan soň, bütin dünýä Dubaýy dolandyryjynyň maşgalasynda bolup geçen waka bilen tanyşdy. Emir muny başarypdy.
Kazyýetiň gutarnykly kararynda esaslandyryşy ýaly, şa gyzy Haýa Angliýadaky öz eýeçiliginde durýan, bahasy birnäçe million funt bolan iki emlägini saklamak üçin çykdajylary ýapmaga "ýeterlik mukdarda" pul gerek bolar. Ol gozganmaýan emläkler Londonyň Kensington köşgüniň golaýynda, onuň esasy rezidensiýasy Surreýi graflygynda ýerleşýär. Şeýle hem ol pul “howpsuzlyk çykdajylary” (özi hem çagalary üçin sowutly awtoulaglar) üçin gerek, hyzmatkärlere aýlyk tölemek, olaryň dynç alşyny götermek, ilkinji nobatda hem şepagat uýasy bilen terbiýeçi enekeleri saklamaga, dürli öý haýwanlaryny idetmäge gerek.Ilkibaşda Haýa bint al-Huseýniň özi öňki ýanýoldaşyndan geljekki hyzmatlar üçin, pul aljak bolmady, ýöne çagalaryň çykdajylaryny tölemäge pul talap etdi, olaryň ömrüni goramak, BAE-de galan ýa-da Angliýada "mätäçlikden" satylan egin-eşikleriniň we şaý-sepleriniň bahasynyň öwezini dolmagy öňe sürdi. Onuň talaplarynyň umumy mukdary bir ýarym milliard funt sterlinge golaý boldy. Dubaýda ýaşan wagtynda, şazada Haýa jaýlary abat saklamak üçin, ýylda 85 million funt, ownuk çykdajylary üçinem 9 million funt sterling alýardy.
Patyşa gyzy Haýa bint al-Huseýn Ýordanyň häzirki patyşasy Abdalla Ikinjiniň ganybir aýal doganydyr, ol 2004-nji ýylyň 10-njy aprelinde, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti hem premýer-ministri, Dubaýyň emiri şeýh Muhammed bin Reşid al-Maktuma durmuşa çykypdy. Haýa köp wagtlap emiriň kanuny ýagdaýda ýaşaşýan alty aýalynyň arasynda, iň bir göze görnüklisi boldy. Sebitara hem halkara çäreleri geçirilende, ony adamsynyň ýanynda görmek bolýardy. Olar daşary ýurtly liderleri bilelikde garşy alýardylar. Munuň özi Pars aýlagyndaky hökümdarlaryň maşgala şertinde geň ýagdaýdy.
BAE-niň resmi çärelerinde ol kada laýygrak geýnip, başyny ýeňiljek ýaglyk bilen örtse-de, daşary ýurt saparlarynda onuň geýnişi Günbatar liderleriniň iň ýokary gatlak hanymlarynyň geýnişinden birjik-de pes däldi.
Şa gyzy Haýa başlangyç bilimi öz ýurdy Ýordanda aldy, orta hem ýokary bilimi – Beýik Britaniýada. Badmintondaky gyzlar mekdep-internatyny okap gutardy, şol okuw jaýynda Hindistanyň premýer-ministri bolan, merhum Indira Gandi hem okapdy. Oksfoddaky Mukaddes Hildy kollejinde filosofiýadan, syýasatdan hem ykdysadyýetden bilim aldy, onuň bakalawrlyk diplomy bar, iňlis hem fransuz dillerini erkin bilýär, beýleki dört dile, şol sanda rus diline-de düşünýär.
Haýa bint al-Huseýniň ömrüniň baş güýmenjesi atçylyk sporty boldy (ol häzirem şeýle). Eýýäm 13 ýaşyndan öz ýurduny halkara derejesinde tanadyp başlady, 1992-nji ýylda Panarap Oýunlarynda şahsy ýaryşda bürünç medal gazanyp, bu oýnuň bütin taryhynda aýallardan medala eýe bolan ilkinji şahsa öwrüldi. Şa gyzy Haýa 2000-nji ýylda Awstraliýada geçen Olimpiada oýunlarynda, Ýordan delegasiýasynyň baýdak göterijisi boldy hem konkur at ýaryşyna gatnaşdy. 2002-nji ýylda bolsa Ispaniýanyň Heresinde geçen halkara at ýaryşynda arap ýurtlaryndan gatnaşan ilkinji aýal maşgala boldy. 2006-njy ýylda şa gyzy Haýa Halkara atçylyk sportynyň prezidenti wezipesine hem-de Halkara olimpiýa komitetiniň agzalygyna saýlandy.
Ýöne 2019-njy ýylyň tomsunda başga bir hereketi – çagalaryny alyp, Ýewropa (Germaniýanyň üstünden Beýik Britaniýa) gaçmak bilen özüni bütin dünýä tanatdy. Şa gyzy Haýa Dubaýy dolandyrýan maşgaladan gaçan üçünji aýal boldy, özem şowly gaçmak diňe oňa başartdy. Onuň aýtmagyna görä, adamsynyň aşa gazaply daraşmagy sebäpli, öz janyndan howatyr edip, BAE-ni taşlapdyr, sebäbi Muhammed ony yzarlap başlapdyr. Emiriň beýleki aýallaryndan bolan iki gyzynyň ozal gaçandygy, olaryň zor bilen Dubaýa gaýtarylyp getirilendigi köplere mälim. Iki gyz – şeýh Latifa hem şeýh Şamsy şondan soň iň berk öý tussaglygyna höküm edilipdir.
Eýsem-de, bu dörän wakanyň başgarak sebäpleri-de bar. 2019-njy ýylyň iýun aýynda, Dubaýy dolandyryjy maşgalanyň ýygy-ýygydan bolup gidýän ýeri bolan Londonda, emir Muhammed aýalyna müňkürlik döräp başlapdy, oňa ýaş howpsuzlyk işgäri, Britaniýanyň SAS ýörite gullugynyň öňki ofiseri bilen baglanyşykly şübhe bildirdi. Hamana, uzak ýyllaryň dowamynda, Haýa oňa gymmatbaha sowgatlar berip gelipdir hem äriniň şübhelenmegine öňräkden esas döredipdir. Şeýh Muhammed garaşylmadyk ýagdaýda, Londondaky Kensington köşgüne gelip, olary “paş ediji” ýagdaýynda görüpdir. Şeýh aýalynyň bolşuna erbet geň galypdyr. Ol aýalyndan derrewiň özünde Emirlige dolanmagy dil üstünden talap edipdir. Şazada oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüpdir.
Hut şol döwürde Dubaýyň hökümdarynyň arap dilinde ýazan (soň iňlis diline terjime edilen) "Sen ýaşadyň, sen öldüň" goşgusy Instagramda we beýleki sosial ulgamlarda peýda boldy. Ol eser "Sen atyň jylawyny gowşatdyň" ady bilenem tanalýar, emir onda "ýakyn ýan ýoldaşynyň dönükligini we ýalançylygyny" ýazgarýar.
Şeýh Muhammed syýasy wezipesinden daşary-da, arap dünýäsinde şahyr hökmünde bellidir. Ol belli wakalar barada goşgy ýazyp, hadysalara seslenip durýar. Onuň Haýa baradaky goşgusy musulman ýurtlarynda köpleri tolgundyrdy; belli arap hökümdarynyň açyklygy akyla sygmajak ýagdaý bolsa gerek, araplarda aýal bilen dörän dawa aýdylmaýar, ol bolsa bütin dünýä adýulteriň – aýalynyň dönükliginiň pidasy bolandygyny aýdýar.
Şeýle-de bolsa, synçylaryň aglaba köplüginde şazada Haýanyň haýsydyr bir ahlak günäsi bilen baglanyşykly şübhelerden başga-da sebäpleriň bolandygy hakda pikirler bar. Ýokarda-da aýdylyşy ýaly, owaly bilen Dubaýyň emirinden gaçan ilkinji zenan ol däl. Beýleki iki Dubaý şazadasynyň başdan geçirenleri düýbünden başga, has pajygaly hem agyr ýagdaý bilen gutardy.
2018-nji ýylyň fewralynda Muhammediň asly aljirli ikinji aýalyndan bolan gyzlaryndan biri şeýh Latifa bint Muhammed al-Maktum deňiz üsti bilen Dubaý köşgünden gaçmaga synanyşdy. Ýedi ýylyň dowamynda meýilleşdiren gaçmak usulynyň şowsuz tamamlanmagy romanyň ýa-da çeper filmiň özeni bolup bilerdi. Owaly bilen Latifanyň Finlýandiýanyň graždany, öz jorasy Tina Jauhiainen bilen goňşy Omana baryp ýetendigini aýtmak ýeterlikdir, ol ýerden göni açyk okeana çykmak üçin, iki suw motoryna münüp, öňki harby deňiz işgäri we fransuz daşary aňtaw gullugynyň wekili Herwe Jaubertiň ekipažy bilen okeandan geçýärler.
Olar bilelikde ýüzüp, Hindistanyň kenaryna ýetýärler. Maksatlaryna ýetip barýarkalar, Goanyň golaýynda olaryň "Nostromo" ýahtasyna dikuçarlar, ses we tüsse granatlary bilen hüjüm edilýär. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Hindistanyň ýörite güýçleri (kuwwatly şeýh Muhammed bilen gatnaşyklary bozmazlyga karar beren bolsa gerek) bilelikde hereket edýär.
Eger käbir wideo ýazgy dünýä ýaýramadyk bolsa, bolan iş gizlinligine galardy, ol wideoda Latifa kakasynyň buýrugy bilen “altyn türmede” oturandygy, öý şertlerindäki zorluk hem öz göwün-islegine bakylmaýandygy hakda gürrüň berýär.
Haýa bilen Latifanyň başdan geçirenlerinden has öňräk, Muhammediň başga bir gyzy – şeýh Şamsy al-Maktumyň başdan geçirenleri hem köpçülige aýan boldy. Ol gyz 2000-nji ýylda Angliýanyň günortasyndaky Surreýidäki maşgala mülkünden alnyp gaçylyp, zor bilen yzyna äkidilipdi. Şondan bäri onuň ykbaly hakda hiç zat aýan däl.
Londonyň Ýokary kazyýetiniň häzir mälim edişine görä, şazada Haýa Angliýa geleninden soň hem näbelli adamlardan "biz seni islendik ýerden tapyp bileris" ýaly haýbat atmalar dowam edipdir. Ol soňky iki ýylyň dowamynda çagalarynyň alnyp gaçylyp, Dubaýa iberilmeginden gorkup, howpsuzlyk gulluklary üçin, ummasyz köp pul sarp edipdir.
Şeýle hem Dubaýyň emiriniň meşhur Pegasus içaly programmasyny ulanyp, şazada Haýanyň, onuň janpenalarynyň we aklawçylarynyň jübi telefonlaryny döwdürendigini Iňlis kazyýeti anyklady. Şeýh Muhammed bu aýyplamalary ret etdi, ýöne London Ýokary Kazyýetiniň Maşgala bölüminiň wekili oňa garşy pikiri öňe sürdi. Netijede, şazada Haýa we onuň çagalaryna "örän çynlakaý" töwekgelçiligiň bolandygy nazarda tutuldy.
Kazyýetiň kararynda Haýanyň ozal öz garawullary tarapyndan haýýarlyk edilendigini görkezýän subutnamalar hem bar, bu aýratyn-da, biri bilen gatnaşygy meselesinde, oňa haýbat atylypdyr. Haýa onuň sesini çykarmazlygy üçin, töleg tölemäge mejbur bolupdyr, üstesine-de, çagalarynyň hasaplaryndan pul çykaryp beripdir, emma howpsuzlyk işgäri bary bir ony adamsyna “satypdyr”. Munuň basyş astynda edilendigi ýa-da has köp pul üçin edilendigi belli däl. Haýýarlyk edeni köşeşdirjek bolup, şazada Haýa 1 million fund sterlingden gowrak şaý-seplerini satandygyny aýtdy.
Kazyýetiň karary yglan edilenden soň, BAE-niň premýer-ministri, Dubaýyň emiri, şeýh Muhammed bin Reşid al-Maktum ýakyn wagtda Haýa maşgalada degişli bolan ähli gymmat bahaly şaý-seplerini hem-de oňa berlen ýa-da sowgat edilen beýleki gymmat bahaly zatlaryny meýletin iberjekdigini aýtdy. Şol sanda, mysal üçin, Haýa ýaş gyz wagtynda Margot Fontain hem Rudolf Nuryýew tarapyndan sowgat hökmünde berlen balet köwşüni gaýtarjakdygyna söz berdi. Ol Haýa hiç wagt zyýan bermek islemeýändigini we geljekde hem muny etmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.