Lebapda noýabr aýy üçin zähmet haklary tölenip başlandy. Dekabryň aýlygyny 15-nji dekabra çenli tölemek göz öňünde tutulýar. Aýlyk töleg işlerini Täze ýyl baýramyna çenli doly tamamlamak planlaşdyrylýar. Şol bir wagtda, şu günler sebitde döwlete pagta tabşyran daýhanlar bilen hasaplaşyk işleri geçirilýär. Bu aralykda, bankomatlaryň öňünde uly nobatlar emele gelýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Habarçymyza görä, etraplaryň bankomatlarynda nobata garaşýan adamlaryň sany käbir etraplarda müňlerçe adamdan geçýär. Galyberse-de, ýerli ýaşaýjylar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin bir hepde töweregi öňünden nobata ýazylmaly bolýarlar.
“Noýabr aýynyň aýlyk haky geçip başlady. Dekabryň aýlygyny hem 15-nji dekabra çenli doly tölemeli diýýärler. Täze ýyla çenli aýlyk haklaryny doly tölemek üçin işler alnyp barylýar. Daýhanlara hem pagta üçin girdeji tölegleri amala aşyrylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, hususan-da welaýatyň Halaç we Saýat etraplarynda ýerleşýän bankomatlaryň öňünde has uly nobatlar emele gelýär.
Noýabr aýlyk hakynyň tölenilmegi, dekabryň aýlyk haklarynyň öňünden geçirilmegi we daýhanlar bilen hasaplaşyk işleriniň ýygjamlaşmagy bilen onsuz hem köp adamly bankomatlara has köp agram düşýär.
“Müňlerçe adam bankomatlarda nobata ýazylýar. Bir hepdede zordan nobat ýetýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Saýat we Halaç etraplarynda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak nobatlary obama-oba gezekleşdirilýär: bir gün bir obanyň ýaşaýjylaryna pul nagtlaşdyrmaga rugsat berilse, beýleki gün beýleki bir obanyň ýaşaýjylary bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bilýär.
Bir gezekde nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi 800 manat hökmünde çäklendirilýär.
“Puluň galan möçberini nagtlaşdyrmak üçin ýene 15-20 gün töweregi garaşmaly bolar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Sebäbi 800 manat alansoň, bank kartyndan şol günüň dowamynda başga pul alyp bolmaýar. Ertesi güni pul nagtlaşdyrmak nobaty başga oba geçirilýär. Galan puluňy ertesi güni hem alyp bolmaýar” diýip, oba ýaşaýjysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, pul nagtlaşdyrmak üçin nobata garaşýan daýhanlar pullaryny doly nagtlaşdyryp bilmedik daýhanlara öz obalaryna indiki gezek nobat ýeteninde pul nagtlaşdyrmagy maslahat berýärler.
Pullaryny doly nagtlaşdyryp bilmedik daýhan ýüzüni aşak sallap gidýär diýip, habarçy aýtdy.
Noýabr we dekabr aýlyklary bilen bir hatarda sebitde daýhanlar bilen pagta üçin hasaplaşyk işleri hem alnyp barylýar.
Habarçymyza görä, öz etrabynda pul nagtlaşdyrmak synanyşygy netije bermedik ýerli ýaşaýjylar şol bir maksat bilen şähere gatnap başlaýar. Daýhanlar pul nagtlaşdyrmak üçin bir gün öňünden şähere baryp, nobata ýazylýarlar.
Etraplardan şähere süýşýän jemende, habarçymyza görä, şäher bankomatlarynda hem uly nobatlaryň emele gelmegine getirýär.
“Nobata durýan daýhanlaryň köpüsine bankomatdaky pul ýetmeýär. Olaryň käbir ýene-de obalaryna pulsuz gaýdýar” diýip, şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýüzlerçe kilometr ýol söküp, etraplardan şäherlere barýan daýhanlar, ýene-de ýüzlerçe kilometr ýol söküp yzlaryna, obalaryna gaýdýarlar. Barybam ýene etraplardaky “Daýhanbanklara” nobata ýazylýarlar.
“Banklarda-da şol öňki düzgün. Daňdan baryp nobata durmaly. 7-de pul goýberip başlaýarlar, 8-e çenli pul gutarýar” diýip, bir etrap ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär. Ýerli banklar nobatlaryň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.