Ýurtda alnyp barylýan milliardlarça dollarlyk gurluşyklaryň fonunda, adamlara ýeterlik ýer, jaý berilmezligi we aýlyklaryň azlygy, gurluşyk materiallarynyň gymmatlygy sebäpli, ilatyň jaý bilen üpjünçiligi soňky otuz ýylda hem uly mesele bolmagynda galýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanda gurulýan we öň gurlan jaýlaryň amatlylygy we abadançylygy hem, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ilatda ullakan rahatsyzlyk döredýär.
Azatlygyň habarçylary mundan öňem jaý kynçylyklary, şol sanda suw basan ýerzeminler, ýykylýan çagalar meýdançalary barada az habar bermändiler. Bu ýagdaýlar baradaky soňky howsalaly maglumatlar Türkmenabat şäherinden geldi.
Habarçy bilen gürleşen ýaşaýjylar şäherde köp gatly jaýlaryň gurulmagyny goldaýarlar, sebäbi köp adam jaýsyz kösenýär we häzirlikçe, jaý salmak üçin ýer alyp bilmeýän we jaý gurmaga gurbaty ýetmeýän maşgalalar üçin şundan gowy çykalga ýa mümkinçilik görünmeýär.
Ýöne şäherliler bu hili jaýlaryň käte juda oýlanyşyksyz, gyssanmaç ýa-da bikanun ýagdaýda gurulýandygyny we soň ýaşaýjylar üçin uly kynçylyk, alada döredýändigini öňe sürýärler. Bu kynçylyklaryň biri, paýtagt Aşgabatda hem bolşy ýaly, köp gatly jaýlaryň arasyndaky çagalar meýdançalarynyň, ýaşaýjylaryň dili bilen aýdylsa, häkimiýetler tarapyndan “basylyp alynmagy” bilen bagly.
Türkmenabat şäheriniň “Mikroraýon” diýilýän ýerindäki köp gatly jaýlar 1969-njy ýylyň sowuk gyşyndan soň, Amyderýa doňup, Çärjew şäheriniň ýarysyny diýen ýaly suw basmagy netijesinde guruldy diýip, şäherlileriň biri aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol döwürde gyssagly baş plan düzülip, jaýlaryny suw basan adamlar mugt jaý bilen üpjün edildi.
1970-1973-nji ýyllar aralygynda gurlan köp gatly jaýlaryň aralarynda çagalar üçin meýdança gurmaga niýetlenen ýörite ýerler goýuldy. Gynançly ýeri, bu ýerler soň ‘satylyp’, demir-beton jaýlaryň gurulýan ýerlerine öwrüldi diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmenabat şäheriniň “Merkez” etrapçasynyň ýaşaýjylary çagalar üçin goýlan meýdançalaryň ýerinden täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna garşy çykyp, şäher häkimligine, prokuratura köpçülikleýin ýüz tutdular, emma olaryň arzyny diňlän bolmady diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Täze salynýan jaýlaryň gapdalyndaky jaýlar baryp 1971-nji ýylda, aşaky binýady köp galdyrylman, gyssanmaç gurlan jaýlar, emma häzirki jaýlaryň binýady beýik we bu ýagdaý täze jaýlaryň üstüne ýagan ýagyş suwlarynyň köne, pesdäki jaýlaryň ýerzeminlerine akmagyna, hatda ol jaýlaryň girelgeleriniň öňünde kiçiräk kölçeleriň döremegine sebäp bolýar.
Jaýlarynyň ýerzeminlerini we girelgesini suw basan ýaşaýjylar bu ýagdaýlary surata düşürip, köpçülikleýin kazyýete ýüz tutdular, emma olara “Türkmenistanda jaý ýykmak gadagan, ozal salynypdyr, indi hiç zat edip bolanok” diýip, başdansowma jogap berdiler diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan adamlar aýdýar.
Resmi taýdan tassykladyp bolmadyk maglumatlara görä, köne jaýlaryň arasynda çagalar meýdançasy üçin goýlan ýerlerde gurulýan jaýlara rugsat almak üçin degişli ýolbaşçylara para berilýär we bu ýagdaý diňe çagalar meýdançasynyň ýeriniň ýitirilmegine sebäp bolmaýar.
Täze jaýlar käte öň gurlan jaýlaryň gaty golaýyndan gurulýar we köne jaýlarda ýaşap ýören adamlar öz otaglaryna indi “gün düşmeýändigini” aýdyp, gaty nägile bolýarlar.
Emma muňa garamazdan, ýaşaýjylaryň arz-şikaýatlaryny diňlemäge derek, köne jaýlaryň arasyndaky boşrak ýerlerde gurulýan, ulanmaga berilýän köp gatly jaýlar barha köpelýär we, täze jaýlaryň lagym suwlarynyň baryp 1971-nji ýylda ulanmaga berlen jaýlaryň lagym geçirijilerine akdyrylýan halatlary hem bolýar diýip, habarçy bilen anonim şertde gürleşen hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý käte beýikde gurlan täze jaýlaryň lagym suwlarynyň pesde gurlan köne jaýlaryň birinji gatlaryndaky otaglardan çykmagyna hem alyp gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.