Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylary çagalar meýdançasyny saklap galmak ugrunda göreşýär


Aşgabat, çagalar meýdançasy
Aşgabat, çagalar meýdançasy

11-nji mikroraýonda, Oguzhan (ozalky Aýtakow) köçesiniň ugrundaky14/1we 14/2 belgili jaýlarda ýaşaýan ýaşaýjylar, şeýle-de olaryň goňşulary bu ýerdäki çagalar meýdançasyny saklap galmak ugrunda göreşýär.

Çagalar üçin gurlan meýdança uzak wagt bäri bar we çagalaryň oýnamagy üçin gurlan konstruksiýalar demirden bolansoň, çagalar üçin howpsuz däl. Bu ýagdaý howply çagalar meýdançasynda oýnan çagalaryň köp şikes almagyna sebäp bolýar.

Emma ene-atalaryň edýän şikaýatlary jogapsyz galýar. Haçanda şäherde plastmassadan edilen çagalar meýdançalary gurlup başlanda, ozaldan bar bolan demir konstruksiýalary dürli reňkler bilen reňkläp, ýokardan täze we plastmmasadan edilen bolup görner ýaly etdiler. Netijede, çagalaryň olardan şikes tapmasy we ene-atalaryň şikaýatlary has-da köpeldi.

Praktika esasynda, ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleri döwletiň, telekeçileriň hasabyna geçirilýär. Resmiler çagalar meýdançasynyň golaýyndaky hususy dükanyň eýesini (suratda) çagalar meýdançasyny plastmassadan edilen konstruksiýalar bilen enjamlaşdyrmaga borçly etdiler. Emma bu iş bir typawaç bilen tamam boldy.

Töwerekdäki jaýlaryň çagalary bir ýarym ýyllap bu typawaçdan typyp, hiç bir şikes alman oýnadylar. Emma 3-nji aprelde öý edarasynyň işgärleri geldiler we birnäçe oturgyjy goparyp, ýagalare typançagynyň üçeginiň bir bölegini gopardylar. Şeýle-de, meýdançanyň daşyndaky demir bloklar, haýatlar äkidildi.

Muňa geň galyp, typalganyň sökülmeginiň öňüne almaga çalşan ene-atalara işçiler bu ýerde, çagalar meýdançasynyň ornunda gapdaldaky hususy dükanyň täze binasynyň guruljakdygyny düşündirdiler.

Çagalar meýdançasynyň bolsa, transformator podstansiýasynyň ýanyndaky darajyk ýere göçüriljekdilerini aýtdylar. Çagalaryň ejeleriniň biri öý edarasyna telefon edende, ol ýerden oňa “Seniň näme işiň? Nirä sokulýaň? Mesele bireýýäm çözüldi” diýip, gaharly jogap berdiler. Emma ol ene hem kem oturmady, “Döwlet hususy dükan däl, çagalaryň bähbitlerini kommersiýa bähbitlerine we döwlet emeldarlarynyň arasyndatanşy bolan bir aýalyň bähbitlerine çalyşmaga ýol berip bolmaz” diýdi.

Aktiw graždan pozisiýasy bolan ene-atlar topary bolsa, goldaw üçin gol ýygnap, 4-nji aprel güni irden ýaşaýjylaryň köpüsiniň gol çeken arza-şikaýatlaryny üç adrese – Prezidente, Baş prokuratura we şäher häkimligine ugratdylar. Olara hatyň şol günüň özünde iberilen ýerine gowşuryljakdygyny, olaryň bir aý ýa-da on gün garaşman, hatlarynyň barandygyny derrew biljekdiklerini aýtdylar.

Işçiler, gurluşyk haýatyny galdyrmak üçin, çagalar meýdançasynyň territoriýasyny ölçmeklerini dowam etdirýärler. Emma ýaşaýjylar hususy telekeçi aýalyň işdäsiniň çäklendirilmegine, çagalar meýdançasynyň ozalky ýerinde saklanyp galynmagyna, çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna umyt baglaýarlar.Belki, “Döwlet adam üçin” diýen şygar çagalaryň peýdasyna reallyga öwrüler. Raýat aktwistlerine bolsa, organlar tarapyndan reperessiw basyş görkezilmez diýip, umyt edýaris.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG