Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestçiler Gürjüstanyň parlament binasyna ýumurtga zyňdylar


Protestçiler
Protestçiler

Moskwa bilen dostluk aragatnaşygynda bolan “Gürjüstan arzuwy” partiýasy geçen aý geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanaly bäri Gürjüstanyň täze parlamenti ilkinji mejlisine ýygnanyp, ses berişligiň galplaşdyrylandygy baradaky aýyplamalaryň arasynda, täze ses berişligiň geçirilmegi baradaky çagyryşlary güýçlendirdi. Protestçiler parlament binasyna ýumurtga zyňdylar.

Oppozisiýadaky kanun çykaryjylar 25-nji noýabrda geçirilýän ilkinji sessiýany boýkot etdiler we, daşary ýurt diplomatlaryny ilkinji mejlise gatnaşyp, täze parlamenti kanunlaşdyrmazlyga çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşigi we beýleki günbatar resmileri “Gürjüstan arzuwynyň” 26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlarda resmi taýdan 53,9 göterim ses alandygyna çynlakaý şübhe bildirdiler.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň gatnaşmagynda geçirilýän açylyş mejlisiniň gün tertibindäki ilkinji mesele parlamentiň 150 agzasynyň ählisiniň häkimiýetini ykrar etmekden ybarat. Emma muňa garamazdan, Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwili Merkezi saýlaw komissiýasynyň tassyklan netijesini ykrar etmekden ýüz öwürdi.

Zurabişwili "saýlaw netijeleriniň konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýdyp, olaryň ýatyrylmagy baradaky talap bilen" konstitusiýa kazyýetine ýüz tutdy.

Protestçiler saýlaw kampaniýasy we ses berişlik wagtynda giň ýaýran galplyklara ýol berlendigini, 2012-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan “Gürjüstan arzuwynyň” peýdasyna bolan netijelere Russiýanyň düýpli täsir edendigini öňe sürýärler. Protestçiler parliament binasynyň daşynda ýygnandylar, ýöne polisiýa işgärleri köp bolansoň, girelgäniň öňüni baglap bilmediler.

Zurabişwili X-daky ýazgysynda "Gürjüstanda gara duşenbe: Polisiýa ... ‘Gürjüstan arzuwy’ gullarynyň aňyrsynda "konstitusiýamyzy öldürýän we parlamentimizi masgaralaýan gapylaryny goraýar" diýdi.

Polisiýa öňki demonstrasiýalary dargatmak üçin, käte zorluk ulanyp, tiz hereket etdi, ýöne 25-nji noýabrda hiç hili dawa-jenjel habary bolmady.

“Gürjüstan arzuwynyň” milliarder esaslandyryjysy we “hormatly başlygy” Bidzina Iwanişwili hem sessiýa gatnaşdy we onuň premýer-ministr hödürlemek hukugy bar.

Resmi wezipesi bolmasa-da, hökümete agalyk edýär diýip bilinýän Iwanişwiliniň häzirki premýer-ministr Irakli Kobahidzäniň hökümet başlygy wezipesinde galmagynyň tassyklanmagy üçin, deputatlara itergi bermegine garaşylýar.

Gürjüstan geçen ýyldan bäri ÝB-ne agza bolmak üçin kandidat bolup durýar, emma “Gürjüstan arzuwynyň” ýolbaşçylygynda kabul edilen “daşary ýurt täsiri” kanuny we LGBT azlyklaryna garşy görlen çäreler bu tagallalaryň badyny gaçyrdy.

Birleşen Ştatlar iýul aýynda Gürjüstanyň hökümetine demokratiýadan yza çekilýändigini duýduryp, Tbilisä berilmeli 95 million dollardan gowrak kömegi bermän saklaýandygyny mälim etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG