Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar Özbegistanyň prezidentlik saýlawlaryndan lapykeç boldy


Şawkat Mirziýoýew 
Şawkat Mirziýoýew 

Özbegistanda Şawkat Mirziýoýewiň gaýtadan saýlanmagy bilen tamamlanan prezidentlik saýlawlary türkmenistanlylar tarapyndan lapykeçlik bilen kabul edildi. 24-nji oktýabrda geçirlen saýlawlarda Mirziýoýewiň sesleriň 80,1%-ni almagy başarandygy yglan edildi. Goňşy ýurt bilen serhetleşýän Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz ýerli ilatyň özbek saýlawlaryna garaýyşlary barada habar berýär.

Türkmenabadyň ýaşaýjylary Özbegistandaky saýlawlarda häzirki prezident 80 prosentden gowrak ses alyp, ýeňiji yglan edilensoň Özbegistandaky syýasy özgerişe bildiren umytlaryny elden berip, lapykeç boldylar diýip habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýerli ilat Özbegistandaky syýasy dolandyryşyň Türkmenistandan uly bir tapawutlanmaýandygyny bilseler-de, goňşy ýurdaky proseslere umyt bilen garapdyr.

"Şawkat Mirziýoýewiň hem Berdimuhamedow, Rahmon we Lukaşenka ýaly awtoritar GDA prezidentleriniň ýoluny saýlandygyny bilýäris. Emam ol hiç bolmanda 60 prosent ses toplady diýilip, demokratik pozisiýasyny dünýä görkezjegine umyt edipdik" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

24-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda 64 ýaşly Mirziýoýew kop tanalmaýan bäsdeşlerinden aňsatlyk bilen üstün çykdy. Prezident wezipesine Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasyndan Mirziýoýewden başga bäş kandidat gatnaşdy: Adolat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow, Halk demokratik partiýasyndan Maksuda Borisowa, Ekologiýa partiýasyndan Narzullo Oblomuradow, Milli galkynyş partiýasyndan Alişer Kodirow.

Hasaba alynmadyk üç oppozisiýa partiýasynyň, Erk Demokratik partiýasynyň, Hakykat we ösüş partiýasynyň, Halk bähbidi partiýasynyň hasaba durmak synanyşyklary hiç bir netije bermedi we ahyrynda, resmi basyşlar sebäpli, olar saýlawa dalaşgär ibermek tagallalaryny bes etmeli boldular.

Türkmenabadyň we Farap etrabynyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz esasan milleti özbek ýerli raýatlaryň Özbegistandaky ýagdaýlara üns bilen syn edýändigini gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelen ilkinji ýyllary bilen deňeşdirilende onuň lebaply özbekleriň arasyndaky meşhurlygy esli azalypdyr.

2016-njy ýylda Özbegistanda prezidentlik wezipesini eýelän Şawkat Mirziýoýew reformaçy çykyşlary bilen tanaldy. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde özbek liderine bolan hormatlarynyň artýandygyny aýdyp, Mirziýoýewiň bitirýän işleri we öz halkyna berýän wadalary bilen telewizion kanallary arkaly gaýybana tanyşýandygyny habar beripdi.

Ýene bir habarçymyzyň bellemegine görä, şonda Özbegistanda Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden soň ykdysadyýetiň janlanmagy, hususy telekeçiligiň we gurluşygyň artmagy, kiçi we orta biznesiň hereketlenmegi goňşy Türkmenistanyň serhetýaka ilatyna hem öz täsirini ýetiripdi we gazanç mümkinçiligini döredipdi.

Habarçymyz koronawirus çäklendirmelerine we serhetleriň ýapylmagyna çenli türkmen raýatlarynyň Özbegistana gidip işländigini, ol ýerden ýurduna pul iberip durandygyny, azyk we beýleki harytlary getirendigini aýdýar. Özbegistandaky ykdysady ösüşiň Türkmenistana hem täsir ýetirendigini habarçy belleýär.

Lebapdaky habarçylarymyzyň 26-njy oktýabrda habar bermegine görä, häzirki wagtda ýerli özbekleriň Mirziýoýewiň goňşy Özbegistany özgerişe eltmegine umydyň azalandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, lebaplylar Özbegistanda internetiň petiklenmegi, prezidentiň maşgalasynyň korrupsiýa baş goşmagy we baýamagy, şeýle-de halkyň durmuş derejesiniň ýaramazlaşmagy ýaly problemalary agzap geçipdir.

Şol bir wagtda-da, Özbegistan bilen serhetleşýän türkmen welaýatlarynyň ýaşaýjylary goňşy ýurtda gazanç üçin gitmek umydyndan doly el çekmeýärler. Köpçülik serhetleriň açylmagyna garaşýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar esli gowulaşypdy. Prezidentler soňky ýyllarda ençeme gezek duşuşypdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň göz-görtele ösýändigini yglan edipdi. Emma Türkmenistanda ýaşaýan özbekleriň problemalary resmi taýdan gozgalmady. Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýaşaýan etniki özbekler pasport almakdaky kynçylyklar, işe ýerleşmekde duş bolýan meseleler, şeýle-de özbek dilinde bilim berýän mekdepleriň we metbugatyň ýokdugy bilen bagly problemalara uzak wagtlap duçar bolýarlar.

Özbek tarapynyň beren resmi maglumatyna görä, Özbegistanda 200 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň sany resmi derejede yglan edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG