50 ýaşlaryndaky dört Lebap zenany – Gurbansoltan, Oguljeren, Gültäç we Nargiz (atlary üýtgedildi – red.) dowam edýän azyk ýetmezçiliginden we giň ýaýran işsizlikden halys irip, ahyrsoňy, bu problemalar barada prezidente hat ýazmak kararyna gelýär. Ýöne olaryň ýazan haty problemanyň çözülmeginden geçen, gaýtam, goşmaça kelle agyry döredýär.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy prezidente arz eden dört aýalyň tas iki hepde bäri ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, dört zenan 15 gün bäri Milli Howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasyna çagyrylýarlar we her gün şol bir soraga jogap bermäge mejbur edilýärler:
“Näme üçin prezidentden un we ýag soradyň?”
Türkmenistanda ykdysady krizisden lagar düşen ilat ýaramaz azyk üpjünçiliginden, giň ýaýran işsizlikden, nagt ýetmezçiliginden we şulara meňzeş beýleki durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekip gelýär.
Obalarda we etraplarda wagtal-wagtal ýerli ýaşaýjylar bu problemalardan, belki-de, prezident bihabardyr öýdüp, oňa hat ýazmaga, derdini düşündirmäge çalyşýan halatlary bolýar. Şeýle ýagdaý, golaýda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda bolup geçdi.
50 ýaşlaryndaky Gurbansoltan, Oguljeren, Gültäç we Nargiz prezidente hat ýazyp, “azyk ýetmezçiligi, giň ýaýran işsizlik ýaly problemalar” barada prezidente arz-şikaýat bilen ýüz tutup, ondan dowam edýän problemalara çözgüt tapylmagyny haýyş edipdirler.
Prezidente iberilen hat ýerli Milli howpsuzlyk edaralarynyň eline geçipdir. Howpsuzlyk işgärleri şikaýatçylary hatyň mazmuny boýunça soraga çekýär.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ol aýallaryň käbir ýakyn garyndaşlaryna işden boşadylmak bilen haýbat atylypdyr. Olaryň özlerine bolsa aç-açan türme haýbaty atylypdyr.
Milli howpsuzlygyň hem-de ýerli häkimligiň işgärleri sorag edişlikde aýallara “näme üçin prezidentden un we ýag soradyňyz, bizden sorasaňyz özümiz hem bererdik” diýýärler. Resmiler ilatyň azyk ýetmezçiligini we işsizligini "şujagaz problema" atlandyrýarlar.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, dört aýal häkimiýetleriň özlerine edýän ruhy basyşlaryna sezewar bolýarlar.
“Şujagaz mesele üçin, Arkadagy birahat etmelimi? Siziň psihiki saglygyňyzy barladarys” diýip, häkimiýetler haýbat atýar. “Däli bolsaňyz ruhy keseller hassahanasyna ýatyrarys sizi” diýip, häkimiýetler dört raýata azar berýär, haýbat atýar.
Azatlygyň habarçysyna görä, ýerli häkimiýetler prezidente arz-şikaýat bilen ýüz tutan dört aýaly alaçsyz goýýar.
“Häzir halkyň arz-şikaýatynyň diňlenýän döwri däl. Häzir arz edeniň arzyny däl-de arzaçynyň özüni bitirmeli diýen syýasat höküm sürýär” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, maglumat üçin aýdylsa, Azatlyk Radiosynyň “Hormatly Arkadag” rubrikasynda okyjylardan gelen hatlar çap edilýär. Okyjylaryň Türkmenistanyň ýolbaşçysyna iberen hatlary ýeri gelende efirde-de eşitdirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.