Lebabyň poçta bölümlerinde prezidentiň adyna, şol sanda paýtagtdaky dürli ministrliklere ýazylan arzalaryň sebitiň daşyna çykmagynyň öňi alynýar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar ýerli edaralaryň üsti bilen meselelerine oňyn çözgüt tapyp bilmän Aşgabada ýazan arza-hatlaryny “Türkmenpoçta” tabşyranlaryndan birnäçe günden soň, ýaşaýan şäheriniň ýa etrabynyň häkimliklerine çagyrylandyklaryny gürrüň berdiler.
“Mundan iki hepde ozal wi-fi çekdirmek boýunça ençeme ýyl bäri nobatda durandygym barada şikaýat edip, Aşgabada hat ýazdym. Hatymy poçtada hasaba hem aldylar. Emma aradan üç gün geçenden soň, Türkmenabat şäher häkimligine çagyrdylar" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny we şahsyýetini aýan edip biljek beýleki jikme-jikleriň äşgär edilmezligini soran Türkmenabadyň ýaşaýjysy 20-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol sözüni dowam etdirip: "Gürrüňdeşlik geçiren resmi eýýäm arzamyň mazmuny bilen tanyşypdyr. Görnüşinden, hat Aşgabada ugradylmandyr. Resmi maňa: ‘Näme prezidente arza ýazýarsyň?! Ýazma! Bize [şäher häkimligine] hem arza tabşyrsaň, oňa seredilýär’ diýdi. Ol meseläme garaljakdygyny ynandyryp, yzyma goýberdi” diýip, belledi.
Ol bu ýagdaýlardan bir hepdeden hem aşa wagtyň geçendigine garamazdan, gozgan meselesiniň heniz hem çözülmändigini sözüne goşdy.
“Wi-fi çekdirmek boýunça mundan iki ýyl ozal arza bilen ýüz tutdum. Häkimligiň resmisi bilen gürrüňdeşlikden soň hem hiç hili netije bolmady. ‘Türkmentelekoma’ gaýtadan baranymda, entegem nobatymyň ýetmändigini aýtdylar. Emma 2 müň manat para berseň, üç günüň dowamynda çekip berýärler. Bu mukdarda pul bermäge ýagdaýym ýok. Häkimligiň resmisi hem gaýtadan Aşgabada hat ýazsam, çäre görjekdigi bilen haýbat atdy” diýip, türkmenabadyň ýaşaýjysy belledi.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy prezidentiň adyna hat ýazandan soň häkimlige gürrüňdeşlige çagyrylan başga-da birnäçe raýat bilen söhbetdeş bolmagy başardy. Ol sebitdäki sosial kynçylyklar, giň ýaýran korrupsiýa we beýleki meseleler barada Aşgabada ýazylýan şikaýatlaryň, aglaba ýagdaýda, ýerli poçta bölümlerinden çykarylmaýandygyny belledi.
“Prezidentiň adyna ýazylan hiç bir arza welaýatyň çäginden çykmaly däl. Her bir şikaýaty diňe welaýatyň özünde çözmeli diýen dilden görkezme bar” diýip, häkimligiň ýerli resmileriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň Türkmenabat boýunça bölümi bilen habarlaşanymyzda, edaranyň degişli wekili prezidentiň adyna ýazylan hatlaryň ugradylmagy boýunça hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol bular ýaly ýagdaýlary başdan geçiren raýatlar baradaky maglumatlary kommentirlemekden ýüz öwürdi. Türkmenabadyň häkimliginden maglumat almak başartmady.
Galyberse-de, mundan iki aý töweregi ozal “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Marynyň Baýramaly şäherindäki poçta bölümleriniň raýatlaryň prezidentiň adyna ýazan arzalaryny, umuman, düýbünden kabul etmeýändigini habar beripdi.
Neşir iýundan bäri raýatlaryň prezidentiň diwanyna, şeýle-de Aşgabatda ýerleşýän ministrliklere, beýleki edaralara ýazan hatlarynyň kabul edilmeýändigini we munuň sebäbiniň hem düşündirilmeýändigini belledi.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, seslerini eşitdirmek isleýän raýatlar, hatlaryny we maglumatlaryny Azatlyk Radiosynyň başladan “Hormatly Arkadag” atly ýörite bölümine ugradyp bilerler. Biz bu rubrika astynda Sizden gelen hatlary saýtymyzda çap ederis we Siziň Türkmenistanyň ýolbaşçysyna ýüzlenýän hatyňyzy efirde hem okarys. Azatlyk siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.