Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda soňky üç aýda bäş gezek bankomat talandy


Maňlaýyna pul sylýan adam. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alyndy.
Maňlaýyna pul sylýan adam. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alyndy.

Tutuş dünýäde häzirki zaman maliýe ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bankomatlar ýokary derejede howpsuzlyk bilen üpjün edilýär. Ýöne maliýe ulgamyny digitallaşdyrýandygyny öňe sürýän Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Kerki etraplarynda soňky üç aýda bäş gezek bankomatlar talandy. Bu barada biri-birinden habarsyz iki çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralaryndaky iki çeşmäniň sözlerinde görä, deslapky derňewler talaňçylaryň bankomatlardan pul ogurlamakda ýönekeý usullardan peýdalanýandyklaryny görkezýär; olar ilki bankomatlaryň elektrik toguny kesip, bankomatlaryň arka tarapyndaky demir gutulary “otwýortka” bilen açýarlar. Soňra bankomatlaryň içindäki pullary ogurlaýarlar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, talanýan bankomatlara bank işgärleri tarapyndan pul salynmagynyň yz ýany, bir ýa iki adam kartlaryndan pul nagtlaşdyrýar, ýöne soňra bankomatlaryň elektrik üpjünçiligi kesilýär.

“Bankomat tokdan aýrylansoň, onuň kamerasy hem işlemeýär. Onsoň, ogrular bankomatlaryň arka ýüzündäki demir gutulary “otwýrotka” bilen aňsat açyp, gutulardaky pullary aňsatlyk bilen alyp bilýärler” diýip, çeşme aýdýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri heniz jenaýatçylary anyklap bilmeýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň maliýe ulgamyny yzygiderli digitallaşdyrýandygyny gaýtalaýar, ýöne ýurt raýatlary bankomatlarda uly nobatlaryň yzynyň üzülmeýändigini, söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, Lebapda bolup geçýän bankomat talaňçylygy boýunça onlarça raýat jenaýatda güman edilip 5 gije-gündiz tussaghanada saklanypdyr, ýöne soňra olar boşadylypdyr.

Çeşme bankomat talaňçylygynda güman edilip, tussag astyna alnan adamlaryň “ýeterlik delil tapylmansoň” boşadylandyklaryny aýdýar.

Talaňçylygyň fonunda, sebitdäki habarçymyz Farap etrabynyň Magtymguly, Bitik we ýene-de bir obasyndaky, şeýle-de awtoduralgadaky hem-de tehnikalara hyzmat ediş kärhanasyndaky bankomatlaryň mekdeplere göçürilendigini habar berýär.

Mekdeplere göçürilen bankomatlaryň howpsuzlygyndan mekdep garawullary jogapkär edilipdir.

Tas elmydama diýen ýaly pulsuz galýan bankomatlaryň talanyp başlanmagy, çeşmeleriň sözlerine görä, häkimiýetlerde gorky döredýär.

“Adamlaryň mätäçlikden, işsizlikden dürli jenaýatlara baş goşmaklary ýokardaky emeldarlary birahat edýär” diýip, Içeri işler ministrliginiň bir anonim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda bankomatlaryň “otwýortka” bilen sökülip, olardaky pullaryň talanmagy bilen bagly waka barada ilkinji gezek habar berilýär. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ilatyň nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada yzygiderli habar berip gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1-nji awgustda täzelenen hasabatyna görä, ýurduň çäginde jemi 2157 sany bankomat bar. Iň köp bankomat “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna degişli bolup, bankyň garamagynda jemi 1034 bankomat bar.

Ýurtda iň köp bankomat Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bankomatlaryň sany boýunça ikinji orunda Mary welaýaty gelýär. Aşgabatda 452, Mary welaýatynda 451, Lebapda 445, Daşoguzda 283, Balkanda 278 we Ahal welaýatynda jemi 248 bankomat bar ekeni.

Hasabata görä, ýanwar aýynda ýurt boýunça 2160 bankomat bar ekeni, ýöne näbelli sebäplere görä, iýul aýyna çenli ýurt boýunça üç bankomat azalyp, olaryň jemi sany 2157-ä düşüpdir.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, ýurduň dürli künjeklerinde bankomatlaryň sökülmegi barada habar berip gelýär.

Galyberse-de, Azatlyk bankomatlaryň “otwýortka” bilen talanmagy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

XS
SM
MD
LG