Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow TASS-a häkimiýeti 'ýokary jogapkärçilik' hasaplaýandygyny aýtdy


TASS habar agentliginiň wideoasyndan alnan surat
TASS habar agentliginiň wideoasyndan alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti 1-nji oktýabrda Aşgabatda Orsýetiň TASS habar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana interwiýu berip, hemme zatdan ozal Türkmenistanyň halkyna buýsanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol häkimiýet başynda bolmagy halkyň sadyk hyzmatkäri bolmak, öz watanyňa imanly we dürs hyzmat etmek hasaplaýandygyny aýtdy; rus-türkmen gatnaşyklaryna we prezident Putine ýokary baha berdi, sport endikleri we döredijiligi, kakasy we çagalary, Türkmensitanyň Owganystana berýän "ulgamlaýyn ynsanperwer kömekleri" barada gürrüň berdi.

Ozal, garaşsyzlyk baýramyndan öň gelende, näme üçindir ýurda goýberilmän, Aşgabat aeroportundan yzyna gaýtarylandygy habar berlen rus žurnalisti bir sagada golaý dowam eden söhbetdeşlikde prezidente ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik, saglyk ýagdaýlary, azyk ýetmezçilikleri we adam hukuklary barada hiç bir sorag bermedi.

Berdimuhamedow jogaplaryny TASS habar agentligine goýýan hormaty, Gusmanyň “Häkimiýet formulasy” gepleşigi baradaky öwgüli sözlerden başlap, GDA-ny SSSR dargaly bäri “medeni aýrylyşmak” wezipesini öz üstüne alan, Aziýa bilen Ýewropa aralygyny baglanyşdyrýan, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm roly oýnaýan gurama hökmünde häsiýetlendirdi.

Prezident türkmen-rus gatnaşyklarynyň daşky konýunktura bagly däldigini, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy we maýa goýmak boýunça Orsýetiň öňde barýandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabat bilen Moskwa ýangyç we energiýa toplumynda, gämileriň, howa ulag gämileriniň, ýollaryň, oba hojalygynyň we dokma senagatynyň gurluşygynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle-de ol rus prezidenti Wladimir Putin bilen 2002-nji ýyldan bäri tanyşdygyny, onuň “beýik, ýönekeý häsiýetli we giň göwünli adamdygyny” nygtady.

Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, olaryň arasyndaky gepleşikler ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň ählisi boýunça “hemişe gönümel we açyk” häsiýete eýe bolýar. Ol rus lideriniň Türkmenistanyň saýlap alan ugruna hormat goýýandygyny, yzygiderli geçirilýän gepleşiklerde esasan iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň nazarda tutulýandygyny hem sözüne goşdy.

Gusman Türkmenistanyň koronawirus ýokuşmalarynyň öňüni almagy belli bir derejede başaran az sanly ýurtlaryň biridigini belledi we Berdimuhamedow bu öwgä Aşgabadyň “Sputnik V”, "Epiwakkoron” waksinalaryny ilkinjileriň hatarynda tassyklan ýurtlaryň biri bolandygyny aýdyp, rus waksinalarynyň kesele garşy göreşmekdäki netijeliligini aýdyňlaşdyrman öwmek bilen jogap berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, pandemiýa Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynyň ilatyň saglygy bilen bagly synaglara düýpden taýýar däldigini görkezdi; türkmen häkimiýetleri syzyp çykýan ölüm, keselçilik, derman we azyk ýetmezligi baradaky habarlara düşündiriş bermeýär we umumylykda ýurduň koronawirusdan sapdygyny tassyklamagyny dowam etdirýär.

Berdimuhamedow üstünlikler baradaky soraga “hemme zatdan ozal Türkmenistanyň halkyna buýsanýandygyny” aýdyp jogap berdi. Onuň sözlerine görä, halk onuň başlangyçlaryny goldaýar we durmuşa geçirýär.

Şeýle-de ol Gusmanyň "ajaýyp sport keşbi" baradaky öwgüsine jogap berip, ýaşlykdan ok atmak bilen meşgullanandygyny, poeziýa, saza bolan höwesiniň bolsa ata-babasyndan geçendigini, sebäbi atasynyň hem, kakasynyň goşgy, hekaýa ýazandygyny gürrüň berdi.

Şonuň bilen bir wagtda, 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli 60-dan gowrak kitap ýazandygy aýdylýan prezident aýdym aýtmak, saz ýazmak ýaly, özüni dünýä has giň tanadan döredijilik aýratynlyklaryna “hobbi” hökmünde garaýar.

Ikinji tarapdan, ol birbada üç dilde çap edilýän kitaplaryna türkmen halkyna hyzmat etmegiň wajyp düzümleriniň biri hökmünde garaýar we hemişe ynamdar maglumatlara, hünärmenleriň pikirlerine esaslanyp, bu işe örän çynlakaý çemeleşýär.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedowyň döredijiliginde edebi ogurlyga ýüz urýan halatlarynyň hem bardygy, şeýle-de onuň eserlerini ýaşlaryň köpüsiniň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň goşgulary ýaly gowy görmeýändigi aýdylýar.

Prezident “degişme” diýip, öz iş grafiginde maşgala agzalary bilen gürleşmek üçin wagt goýulmandygyny aýtdy we muny çagalarynyň eýýäm uly adamlar bolandygy, oglunyň syýasat, uly gyzynyň medisina, kiçi gyzynyň ykdysadyýet bilen meşgullanmagy, agtyklarynyň sanlylaşdyrma döwrüniň çagalary bolmagy bilen düşündirdi.

Ýöne ol aýaly, üç çagasynyň ejesi hakynda hiç bir zat aýtmady. Adatça, türkmen mediasy hem prezidentiň maşgalasy bilen bagly habarlarda, onuň kakasyny we ejesini, ogluny we gyzlaryny, agtyklaryny görkezýän fotosuratlarda, sýužetlerde bu meseleden sowlup geçýär.

Berdimuhamedow Owganystan meselesinde öňden tanyş bolan pikir-garaýyşlaryny gaýtaldy we Türkmenistanyň bu ýurda yzygiderli kömek iberýändigini nygtady.

Türkmenistanyň prezidenti adatça garaşsyz žurnalistlerden we metbugat üçin guralýan ýygnaklardan gaça durýar, halkara hukuk toparlary tarapyndan internetiň we metbugat azatlygynyň "duşmany' hökmünde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG