Mary welaýatynda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler ýokary derejede bolmagyna galýar. Welaýatyň käbir etraplarynda ilat ölenlere mazar gazyp ýetişmeýär. Hassahanalar näsaglardan dolýan mahaly, raýatlaryň öz öýlerinde saglygyna seretdirmäge mätäçligi artýar. Bu mätäçligiň arasynda, welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri - öýlere baryp, näsaglara saglyk bejergisini berýän - lukmanlary "awlaýarlar". Bu aralykda, welaýatyň polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri heniz-de ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.
"Şu günler welaýatyň Baýramaly we Garagum etraplarynda ölüm köpeldi. Bu etraplarda her gün 10-15 adam ölýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly saglyk işgäri 27-nji sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Bu etraplarda ölen adamlaryň jesetleri indi gijelerine hem jaýlanyp başlandy. Habarçymyz munuň ölýän adamlaryň köpdügi bilen baglanyşyklydygyny belläp, "adamlar haçan mazar gazdyryp ýetişse, jesetleri şol pursat jaýlaýarlar" diýdi.
"Şu günler Baýramaly şäherinde gonamçylykda jaý gazýan adamlar tapdyrmaýar. Käbir ölen adamlar üç günden soň jaýlanýar. Käbir hojalyklarda jaý gazýanlara bermäge pullary ýokdugy sebäpli, olar gonamçylyklarda mazarlary özleri gazýarlar" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Şu günler, habarçymyzyň maglumatyna görä, näsaglardan doly hassahanalarda diňe gurply ýa-da ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan syrkawlar üçin ýer tapylýar. Ençeme saglyk işgäriniň habarçymyza aýtmagyna görä, hassahanalaryň ýolbaşçylary lukmanlara maddy mümkinçiligi gowşak näsaglary kabul etmezligi tabşyrýarlar.
"Soňky günlerde lukmanlaryň arasynda "dik 100-lik" diýlen degişme ýa termin peýda boldy. Sebäbi häzir hassahanadaky lukmanlar näsaga birje ukol ursa, şol syrkawyň hossarlary olara 100 manat berýärler. Mundan öň lukmanlara "el aklyk" diýlip, 5-10 manat berilýärdi. Indi hassahana 100 manat berip biläýjek hojalyklary kabul edýärler" diýip, maryly saglyk işgäri aýtdy.
Azatlygyň bu aýdylanlar barada welaýatyň ýokanç keseller hassahanalaryndan we Saglyk müdirliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Hassahanalardaky bu ýagdaýlaryň arasynda, ýönekeý raýatlaryň öz öýlerinde saglygyna seretdirmäge mätäçligi artýar. Bu aralykda, welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri - öýlere baryp, näsaglara saglyk bejergisini berýän, sanjym edýän - lukmanlary yzarlaýarlar.
Bu yzarlamalara sezewar bolan lukmanlaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, kanun goraýjylar saglyk işgärlerine "näsaglara öýlerde bejergi bermegiň bikanundygyny" aýdyp, olara garşy jenaýat işini gozgamak bilen haýbat atýarlar we olary para bermäge mejbur edýärler.
"Prokuraturada lukmanlara "Öýde bejergi bermek üçin ýörite rugsatnamaň bolmaly. Rugsatnamasy ýok lukmanlara garşy jenaýat işi gozgalýar. Işiňi ýitirersiň, özüňem basylarsyň" diýip gorkuzýarlar. Öýde bejergi beremok diýseň, onda näsagyň öýüniň öňünde düşürilen suratyňy çykaryp görkezýärler. "Biz näme etmeli? Syrkawlary hassahana kabul edenok. Olar bize ýüz tutýarlar. Ol hojalyklaryň elinde 1 manat pullaram ýok. Biz adamlara ýokdan bar edip bejergi berjek bolýarys" diýsek, gözlerini bäş köpük ýaly edip, jübiňe seredýärler. Lukmanlary prokuratura gatnadýarlar" diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly lukmanlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Ol ahyrsoňy lukmanlaryň para berip sypmaga mejbur bolýandygyny aýdyp, kanun goraýjylaryň olardan 8000-24000 manat aralygynda para alýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Bu aralykda, welaýatyň polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini aýdýarlar.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, "gündelik plan borçnamany" ýerine ýetirmediklere işden kowuljakdygy ýa-da ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçiriljekdigi barada haýbat atylýar.
"Köp adamyň maska satyn almana mümkinçiligi bolmansoň, adamlar ýüzüne köne, hapa maska dakynyp çykýarlar. Biz şol adamlara "maskaň juda köne ýa-da ýüzüňe kiçi bolýar" diýlen bahanalar bilen, jerime ýazmaly bolýarys. Adamlara edilýän zulum meniň öz ýüregime düşdi, halkyň iýmäne çöregi gaýgy. Halka mugt maska bermekden geçen, gaýta olaryň özleriniň satyn alan maskalaryndan bahana tapyp jerime ýazdyrýarlar" diýip, bir polisiýa işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Käbir synçylar häkimiýetleriň kanun goraýjylaryň, şol sanda polisiýa işgärleriniň boýnuna dakýan bu "plan borçnamasyny - býujete pul ýygnamak tagallalary" diýip düşündirýärler.
Bu habarlaryň arasynda, maska düzgünini berjaý etmändigi sebäpli jerime salnan raýatlaryň kärende ýerlerinde mejbury işledilmegi bilen bagly ýagdaý hem dowam edýär.
"50 manat möçberindäki jerimäni töläp bilmeýän hojalyklar sanardan kän. Olara pagta ýygdyrýarlar. Ýygara pagta bolmasa, ot ýygdyrýarlar" diýip, polisiýa işgäri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginden, prokuraturasyndan, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi. Türkmen häkimiýetleri heniz-de ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.