Dilden berlen görkezmä laýyklykda, her bir býujet işgäri garaşsyzlyk baýramynyň bezeg işleri üçin nagt görnüşinde öz edara ýolbaşçylaryna 100 manat möçberinde pul bermeli.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleriniň sözlerine görä, garaşsyzlyk baýramynyň plakatlaryndan we bezeg işlerinden daşary, bu aýyň dowamynda pagta ýygymy üçin hem býujet işgärlerinden pul çöplenipdir.
Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli amal edilýän pul ýygnamak işleri üçin býujet işgärlerine bir hepde wagt berlipdir.
“Plakat üçin ýygnalýan pullar şu hepdäniň içinde hökmany suratda edaralarda jemlenip, häkimlige eltip berilmeli” diýip, bir maryly býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Şol bir wagtda, pul ýygnalmagyndan nägile bolýan işgärlerden düşündiriş hatyny ýazmak talap edilýär. Hatyň mazmunynda onuň awtory özüne garşy görkezme bermeli. Býujet işgärleriniň sözlerine görä, häkimlik resmileri garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ilatdan pul ýygnamak işlerine jemgyýetçilik işi hökmünde garaýarlar.
“Bu düşündiriş hatynda býujet işgärleri döwlete degişli jemgyýetçilik işlerinden özleriniň ýüz öwürýändiklerini boýun almaly” diýip, býujet işgäri aýtdy.
Býujetden aýlyk alýan işgärler şeýle düşündiriş hatlaryny ýazýan adamlara soňy bilen işden kowulmak howpunyň abanýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda häkimiýetler mundan ozal hem ýyllarboýy, yzygiderli ýagdaýda, elmydama býujet işgärlerinden dürli bahanalar bilen pul ýygnap gelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal “tebigaty goramak üçin”, edara-kärhanalarda “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin”, “welosiped satyn almak üçin”, “pagta ýygymy üçin” we beýleki maksatlar bilen býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada habar berdiler.
Hökümet ýurtda işli hasaplanýan adamlaryň näçe göteriminiň döwlet edara-kärhanalarynda, näçe göteriminiň bolsa hususy pudakda iş bilen üpjün edilýändikleri barada hakyky statistiki sanlary hödürlemeýär. Synçylara görä, giň ýaýran işsizlik ýurduň iň esasy problemalarynyň biri bolup durýar.
Işsiz galmakdan gorkýan býujet işgärleri özlerinden pul ýygnalmagy, pagta ýygmak ýaly mejbury talaplary gyşarnyksyz berjaý etmäge boýun bolmaly bolýarlar.
Türkmenistanda býujet işgärleri köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine hem köplenç mejbury tomaşaçy hökmünde ýa-da çäräniň dowamynda häkimiýetleriň özlerinden talap edýän islendik roluny ýerine ýetiriji hökmünde gatnaşmaly bolýarlar.
Döwlet mediasyna görä, “her güni baýramçylyklara beslenýän Türkmenistanyň” döwlet durmuşynda möhüm orun eýeleýän mejbury baýramçylyk çäreleri raýatlara goşmaça agram salýar.
“Bu ýygnalýan pul işgärler üçin gaty artykmaç” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Üstesine, býujet işgärleri ýol berilýän bikanunçylyklara arz-şikaýat bildirmek üçin iş ýüzünde hiç hili mehanizmiň ýokdugyny aýdýarlar.
“Eger-de başlygyň üstünden prokuratura arza ýazjak diýseň, başlyk ‘ruçkaň gutarýança arza ýazyp bilersiň’ diýip, gorkuzyp, kabinetinden kowup goýberýär” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.
“Iň soňunda işgäri pul bermäge mejbur edýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy işleýän adamlaryň aýlyk haklarynyň onsuz hem gün-güzeran aýlamaga ýetmeýändigini habar berýär.
“Gerek däl zatlara pul ýygnamagy bes etmeýärler, gaýtam, edara-kärhanalardan öňküden-de beter has köp pul çöpleýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.