"Uzakdan gümmürdi, takyrdy sesleri eşidilýär... Tamyň üçegindäki it doňan ýaly bolup, şol ýerden bize garaýar. Wagt hem doňup dur. Aýylganç şuwwuldylary eşidip bolýar. Ilki başda ýuwaş, soňra gaty güýçlenýär, has güýçli... Beýni ol şuwwuldynyň hut biziň üstümize gaýdýandygyny, indi hiç zat bize bagly däl, hiç zady üýtgedilip bolmaz diýen pikiri kabul etmek islemeýär”.
Uruş suratçysy Anatoliý Stepanow bu sözleri 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Debalsewo şäherine surata düşmek üçin baranynda ýazypdy. Şol wagt ol şäher ukrain goşunynyň gözegçiligindedi, ýöne soň ykrar edilmeýän rus tarapdar güýçleri tarapyndan basylyp alyndy.
Anatoliý Stepanow Donbass söweşini ençeme ýyl bäri surata düşürýär. Russiýa Krymy anneksiýa edeninden soň, rus güýçleri Harkow şäher häkimligini ele geçirmäge synanyşanda, yzyna gaýdyp alyndy. Şol wakadan soňra Stepanow söweşiň öňdäki hataryna gitdi. Onuň soňky suratlar tapgyry ýaş ukrain harbylaryna bagyşlanýar, olaryň ýaşy doglan ýurdunyň garaşsyzlygyndan has kiçi. Ol suratlar tapgyryna "Garaşsyzlar" diýilýär, sebäbi ondaky gahrymanlar SSSR-i bilmeýärler.
– Siz "Garaşsyzlar" toplumyny Ukraina şu ýyl ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýänligi üçin tapdyňyzmy ýa-da öň hatarda, esasanam ýaşlaryň ol ýerde söweşýän hakykatynyň beýanymy?
– Ol ýerde diňe ýaşlar söweşmeýärler, dürli ýaşdakylar söweşýär. 2016-njy ýylda Swetlodar aýlawynda duşman yza çekilende, surata düşürmäge bardym, şonda şeýle taslamany döretmek pikiri hyýalyma geldi. Ol ýerde ýagdaý gaty çylşyrymlydy: tokaýyň ýarysyny biziňkiler eýeledi, tokaýyň beýleki ýarysy şol wagtda azat däldi. Bir esger keselledi, onuň gyzgyny ýokarlandy. Men onuň näçe ýaşyndadygyny soradym. Ol bolsa: “Maňa hiç zat bolasy ýok, çydaryn. Ýaşlary goramaly. Bular biziň ýurdumyzyň geljegi” diýdi. Men muny söweşiň öňdäki hataryndaky garymda eşitdim. Şonda bu hakykatdanam özüne çekiji mowzuk diýip oýlandym – biziň ýurdumyz üçin söweşýänleri görkezmeli. Aslynda olara tapawut goýamok, bar adamy surata düşürýärin, Garrylar, orta ýaşlylar we ýaşlar bar, hatda ýaş gyzlar bilen uly aýallar – ähli ýaşdakylar söweşýärler.
– 30 ýaşdan kiçi ýaşlylaryň näme üçin urşa gidendigi soralanda, näme jogap berýärler?
– Bular dürli sebäpler bilen urşa gelenler, ýöne köpüsinde bir sebäp – esasy äheň bar; Watany goramaga gidenler. Muny men sözme-söz aýdýan. Ýagny ene-atalar bu ýaşlary şeýle bir terbiýeläpdir welin, Watanyny goramak üçin goşunda söweşe gitmegiň möhümdigine ynanýarlar.
– Sowet Soýuzynda ýaşamadyk, diňe garaşsyz Ukrainany bilýän ýaşlaryň näçe göterimi iň öňdäki hatarda söweşýär?
– Meniň pikirimçe, takmynan 25%, hatda 30% töweregi bolmagy mümkin. Soňky birnäçe ýylda goşun has ýaş boldy. Agressiýa başlanynda, ýaşuly adamlar köpdi, hatda pensiýa ýaşyna ýetenlerem duşýardy, meýletinçiler köplükdi. Indi olardan gaty az galdy. Goşunda, meniň pikirimçe, ýaş çäkleri 55 ýa-da 60. Olaryň ýerine ýaş ýigitler gelýär, hatda harby gullukdan soňam gelýänler bar: derrew şertnama baglaşyp, söweşe gidýärler.
– Siz öň hatarda nämeleriň bolup geçýändigini synlaýarsyň, ol ýerde häzir nämeler bolup geçýär? Atyşyk nähili ýygylykda bolýar? Gadagan edilen ýaraglar ulanylýarmy?
– Irden, 4-5-de başlanýar, islendik ýagdaý ýüze çykyp bilýär – islendik atyşyk, bu – uruş. Men öň Piwdenno şäherinde ýaşadym, gijelerine öňdäki hatara gidenimde, artilleriýa zarbasyny eşitdim. Bu duşmanyň tarapyndan boldy. Atylýan oklar oba düşýärdi, ol ýerdäki bir külbäni ýumurdy, soňra biziň goranyş zonamyza düşdi. 29 ýaşyndaky bir ýigidiň teni ýanyp, bir hepdeden ýogaldy. Harbylaryň maglumatyna görä, artilleriýa oky öň hatarlarda däl, frontuň arkasyna – yzdaky parahat ýerlere-de köp düşýär. Söweşiň arkasyndaky tylda ýedi adam ýaralandy, olaryň üçüsi aýal, harby işgärler. Degişli ýarag atyşyklary yzygiderli işleýär, esasanam gijesine, mergenler yzygiderli atýarlar. Iş ýüzünde, öň hatarda gowşamak gadagan, sebäbi oka duçar bolarsyňyz, esasanam gijelikde.
– Ukrain tarapy gadagan ýaraglary ulanýarmy? Men artilleriýa atyşygyny göz öňünde tutýaryn.
– Men oňa şaýat bolmadym. Öň hatarda bolanymda, top sesini eşitdim. Ýöne şaýat bolmasam-da, beýle mümkinçiligi aradan aýyrmaýaryn.
– Siziň synçylygyňyza görä, orsýetçi separatistler urşy dowam etdirmek isleýärmi?
– Olar bir zada karar berýändirler, nähilidir netijä gelýändirler diýmek samsyklyk bolar. Olar hiç zady çözenok, bar zat Kremlde çözülýär. Beýleki tarap: "Indi besdir!" diýýänçä söweşerler. “Hüjüme geçmeli” diýilse, hüjüme geçerler-de, top okunyň nyşanyna öwrülerler. Bu faktor olara bagly däl. Geçen ýyl hem şu ýyl beýleki tarapdan, Donetskde harby mekdebi gutaran uçurymlar bardy – olar 3-4 ýyl okap, ofiser bolup gutaran ýaşlar. Urşa taýynlanýarlar. Şonuň üçin biz hem taýýarlanmalydyrys.
– Siziň pikiriňizçe, bu täze hüjümiň islendik pursatda başlap biljekdiginiň alamatymy?
– Hüjümi taýýarlyksyz başlamak mümkin däl. Hüjüm – ençeme wagtyň dowamynda ýaraglary, ok-därileri, ýangyçlary, hatda çalgy materiallaryny ýuwaş-ýuwaşdan daşalýandygyna garamazdan, çynlakaý taýýarlygy talap edýär. Bu ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlanýar, ýöne barlag-razwedka işleri dowam edýärkä, ol hüjümiň boljak wagty belli edilýär. Emma ar almak maksady bilen başga faktorlar, prowokasiýalar bolup biler. Soň bolsa "Kiýew başbozarynyň" ýa-da başga bir zadyň jenaýaty hökmünde yglan edilip bilner. Emma arka tarapdan oka tutulmagy tötänlik däl.
– Siz Minsk şertnamasyna ýa-da konfliktiň haýsydyr bir syýasy çözgüdine ynanýarsyňyzmy?
– Hakykat ýüzünde ýagdaý şeýle; häzirki Russiýany dolandyryjy ýokarky gatlagyň garaýşyna laýyklykda, Ukraina bolmaly däl. Bu Russiýanyň bir bölegi, bir halk, ýitip azaşan halk, goýun. Aslynda, urşy duruzmak üçin hiç kim Minsk şertnamalaryna gol çekmäge synanyşmady. Bu diňe aldawdy. Ol bize demimizi dürsemek üçin gerekdi. Olara bolsa öz şertlerini biziň boýnumyza atmak üçin, her halda, nähili-de bolsa, gurçuk ýaly Ukrainany boýun egdiris diýen pikirde. Minsk şertnamasynda örän köp gapma-garşylyk bar. Meniň ynanmaýandygymyň sebäbi, munuň diňe bir dem almak üçin edilendigi ýüzugra belli boldy. Uruş Russiýa biziň aýry-aýry halklardygymyza düşünýänçä dowam eder. Hawa, käbir umumy köklerimiz bolsa-da, bizi umumy agyla sürmeli däl.
– Ýerli ilat siziň bu aýdýanlaryňyza we şeýle köp ýyl bäri uruş ýagdaýynda ýaşandyklaryna nähili garaýar?
– Olar köp ejir çekýärler. Dürli garaýyşlara öwrenişdiler. Meniň aýdanlarym olara täsir eder öýdemok. Olar henizem öz akymynda bolup, düşünjelerine laýyk pikir ederler. Gaty köp adam diňe şertleriň zamuny bolup ýaşaýar. Olaryň gitjek ýeri ýok, gidenlerinde-de kimdir biriniň boýnunda oturmaly bolýarlar, bu bolsa agyr ýük diýip duýýarlar. Pully adamlar bireýýäm gidip mesgen tutdular, galanlary ýa-ha ol ýerde ýeter-ýetmez ýagdaýda, ýa-da şu ýerde ölmez-ödi ýagdaýda, bu gynasak-da şeýle. Öň hatardan 30-50 kilometr uzaklykda uruş ýok ýaly duýulýar. Aslynda ol diňe salgym, ýöne islendik pursatda ýakyp-ýandyryp bilýär.
– Siz näme üçin urşy surata düşürip başladyňyz?
– Men Ukrainanyň Kiýew şäherinde doguldym, şol ýerde ösüp-ulaldym, özümiň söweşe girjekdigimi göz öňüne getirip bilmändim. Bizde asuda durmuş bardy. Russiýa başga bir ýerde – Çeçenistanda söweşe başlanynda, urşuň öz öýümize geljekdigini göz öňüne-de getirip bilmezdim. Meniň üçin uruş Harkowda – Harkowyň administrasiýasyny ele almak synanyşygy bolanda başlandy, soň bolsa Donetskä gitdim. 2014-nji ýylyň 12-nji aprelinde oblast polisiýa bölümi basylyp alnandan dört sagat soň Slawýanskide boldum we şol ýerleri surata düşdüm. Şeýdip, ondan-oňa düşüp, sekiz ýyl bäri dowam edýän urşa aralaşdym. Ilki başda ýönekeý fotoreportýor hökmünde surata düşürdim, soň söweş barýan ýerlere gitdim, häzirem bu işi dowam etdirýän.
– Siz, meselem, şol güýçli ýarag – “Grad” bilen oka tutulanyny gördüňizmi?
– 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Debalsewoda artilleriýa zarbasyna düşdüm. Şonda şäheri artilleriýa okuna tutdular. Belki, olar Debalsewonyň golaýyndaky soldatlary nyşana alandyrlar, ýöne top oklary öýlere düşdi. Şonda top zarbasyna uçradym, hatda bu hakda hekaýa hem ýazdym. Ikinji gezek men “Butowka” kömür känindäki ukrain esgerleriniň ýanynda bolanymda, tankyň oduna düşdüm. Garyma girdim-de, surata düşürip başladym. Şol wagtam: "Hemmeler, çukura!" diýen buýruk boldy. Snarýad bary-ýogy 20 metr golaýymyza düşdi. Biziň duran ýerimizden 20 metr aňyrda, ýöne biz garymdadyk. Bular meniň hakykatda iki gezek doglan günüm. Ownuk zatlaryň her biri bolýar, ýöne olar beýle çynlakaý däl.
– Uruş sizi üýtgetdimi?
– Uruş bu ýere düşen islendik adamy üýtgedýär, adam hemişelik üýtgeýär.
– Siz şeýle agyr ýagdaýy başdan geçirseňiz-de, bu howply işiňizi bes etmek islemeýärsiňizmi?
– Men indi saklanyp bilemok. Men muny ýedi ýyl bäri dowam etdirýän. Indi ondan saplanmak kyn, muny dowam etdirmeli. Bu raýat borjy ýaly bir zat. Islendik uruşda, nähili gahryman bolaýanyňda-da, nirä gidäýeniňde-de, elmydama parahat ilat ejir çekýär. Bu kanun. Elmydama ilkinji olar oduň aşagynda galýarlar hem ölýärler. Uruş – bu aýylgançlyk, bu ýaramaz hapaçylyk, göçme manyda-da, dogry manysynda-da ol şeýle. Uruş adamy düýbünden başgaça edýär. Uruşdan ozal nähili bolsaňyzam, uruşdan soň beýle bolup bilmersiň.
– Siz ölmekden gorkýarsyňyzmy?
– Ölüm däl, ölmek ýagdaýynyň özi gorkunç. Islendik ýagdaý ýüze çykyp biler, esasy zat maýyp bolmaly däl, iň erbedi şol. Biziň barymyz eýleräk ýa-da başgaçarak ýagdaýda ölýäris.