Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda we Farapda elektrik üpjünçiligi yzygiderli kesilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň suw we elektrik üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler dowam edýär. Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Farap etrabynda elektrik we suw üpjünçiligi kadaly ýola goýulmaýar. Munuň bilen bagly ilat dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bular barada sebitden maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu bökdençlikleriň indi 15 gün bäri dowam edýändigini aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabadyň 1,2 we 3-nji etrapçalarynda hem-de şäheriň golaýyndaky etrapçalarda ilata elektrik günüň dowamynda birnäçe sagat berilmeýär.

"Türkmenabatda öýlere berilýän elektrigiň kuwwaty 180 wolta golaý bolsa-da, her gün bir ýarym ýa-da iki sagat togy kesýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Elektrik üpjünçiliginiň kadaly berilmezligi bilen bagly problema welaýatyň Farap etrabynda hem dowam edýär. Etrabyň aglaba bölegine her gün irden sagat 10-dan öýlän sagat 1-e çenli tok berilmeýär.

"Öýlere tok berlende, onuň kuwwaty 100-135 woltdan geçmeýär. Toguň güýji gaty pes. Sowadyjylary kadaly işledip bolmansoň, azyk önümleri zaýalanýar. Howanyň temperaturasy 35 gradusdan geçýän şu günlerde ilat kondisionerlerini-de kadaly işledip bilmeýär" diýip, faraply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, ýerli elektrik edaralarynyň resmileri toguň yzygiderli kesilmeginiň sebäplerini elektrik geçirijilerde abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen düşündirýärler.

Ýöne ýaşaýjylar elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen bagly problemanyň maý aýyndan bäri wagtal-wagtal dowam edýändigini aýdyp, abatlaýyş işleriniň ençeme aýlap alnyp barylmagyna düşünmeýändiklerini hem belleýärler.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan şäheriň elektrik edarasynyň bir işgäri toguň yzygiderli kesilmeginiň sebäplerini hatardan çykýan köne elektrik geçirijileri abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmazlygy bilen düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, şu günler ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak we elektrik geçirijileri, hususan-da transformatorlary abatlamak üçin elektrik edaralarynyň işgärleriniň her birinden 1000 manat möçberinde pul ýygnalýar.

"Iýul aýyndan bäri şäheriň we etraplaryň elektrik edaralarynyň ýolbaşçylary tapgyrlaýyn esasda pul ýygnaýarlar. Işgärler elektrik geçirijileri öz hasaplaryna bejermeli bolýarlar. Pul bermekden ýüz öwürýän işgärlere işden kowuljakdygy barada haýbat atylýar" diýip, elektrik edaranyň işgäri aýtdy.

Bellesek, sebitiň ilaty kadasyz elektrik üpjünçiliginden başga-da, suw üpjünçiligindäki problemalar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Habarçymyz şu günler Türkmenabat şäheriniň 1,2 we 3-nji etrapçalaryna irden we gije degişlilikde iki sagat suw berilýändigini aýdýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden, Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň elektrik edaralarynda goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilat maý aýyndan bäri kadasyz elektrik we suw üpjünçiliginden ejir çekýär. Türkmenistanda şu ýyl aşa yssy bolan tomus paslynda ýaşaýjylar elektrigiň güýjüniň pesligi ýa-da yzygiderli kesilmegi sebäpli elektrik enjamlaryny, şol sanda sowadyjylaryny we kondisionerlerini işledip bilmeýändiklerini aýdyp gelýärler.

Ýurt raýatlary bu bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek tagallalaryny güýçlendirdiler.

Şu ýylyň tomus aýlarynda Türkmenistan goňşy Owganystandan başga-da, iýunda Eýrana we awgustda Gyrgyzystana hem elektrik energiýasyny eksport edip başlady.

Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat gullugyna görä, 2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyzystany 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri daşary döwletlere eksport edilýän elektrik energiýasy barada habar berseler-de, ýerli ilatyň elektrik we suw üpjünçiligindäki problemalary agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG