Hindistan Kabuldaky ilçihanasyny ewakuasiýa eden iň soňky ýurt boldy, Owganystanyň paýtagtynda işleýän global we sebit güýçlerinden diňe sanlyja ilçihana galdy, ABŞ-nyň Kabuldaky ýokary derejeli diplomaty bolsa bu ýurtdan çykandygy baradaky habarlary ret etdi.
Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň ilçihanalary Kabulda öňki tertipde işleýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda galdy, daşary ýurt hökümetleri iki gün ozal Kabuly ele salan "Talyban" toparynyň hökümdarlygynda howp astyna düşjek raýatlary, özleri bilen bile işlän owganlary we beýlekileri ewakuasiýa etmek üçin tagalla edýärler.
"Talybandan" gorkýan diplomatlary we raýatlary ewakuasiýa edýän harby uçuşlar 17-nji awgustda gaýtadan başlandy. Bu işler bir gün öň aeroportda dörän bulam-bujarlyk zerarly togtadylypdy.
Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Arimdam Bagçi 17-nji awgustda twit ýazyp, "Bar bolan ýagdaýlary göz öňünde tutup, Kabuldaky ilçimiziň we onuň hindi işgärleriniň derrew Hindistana göçmegi karar edildi" -diýdi.
Media serişdeleriniň habaryna görä, diplomatik işgärleri alyp barýan hindi uçary gündiziň dowamynda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat welaýatyna gondy.
Şol bir wagtda ABŞ-nyň Kabuldaky baş diplomaty bu ýurtdan çykandygy baradaky habarlary ret edýär. ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan Ross Uilson Twitterde ýazan habarynda: "ýalan habarlaryň tersine, 1000-den gowrak ABŞ raýatyna we ejiz owganlylara kömek etmek we bu ýerdäki işleri dowam etdirmek üçin @USEmbassyKabul işgärleri we men # Kabulda galýarys" diýip ýazdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Eýranyň ilçihanasynyň işgärleriniň sanynyň düýpgöter azalandygyny, ýöne gündelik işleriň bozulmajakdygyny aýtdy.
16-njy awgustda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Owganystandaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaldandygyny, ýöne işiniň dowam etjekdigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Şeýle hem Özbegistan Kabuldaky ilçihanasyny ýapmak meýilnamasynyň ýokdugyny mälim etdi.
Russiýanyň ilçihanasy işgärlerini diňe bölekleýin ewakuasiýa etjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Pakistanda, Russiýada, Britaniýada, Ýewropa Bileleşiginde, Türkiýede we NATO-nyň agzalary bilen Owganystan barada we "özgerýän ýagdaý we raýatlarymyzy howpsuzlyga çykarmak hem ejiz owganlara kömek etmek baradaky tagallalar" barada aýratyn gürleşdi. Bu barada Döwlet departamenti habar berdi.
Rus ilçihanasynyň işgärleriniň diňe bölekleýin ewakuasiýa ediljekdigini aýdan ilçi Dmitriý Žirnow 17-nji awgustda "Talyban" toparynyň wekilleri bilen rus raýatlarynyň hem ilçihananyň işgärleriniň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler geçirer.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 17-nji awgustda Brýusselde gyssagly ýygnak geçirip, ewakuasiýa planlary we Owganystandaky umumy ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmakçy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.