"Talybanyň" wekilleri, Owganystandaky ähli adamlar üçin umumy “amnistiýa” yglan etdi, Kabulyň halkara aeroporty bolsa, bulagaýlyk sebäpli ewakuasiýa işleriniň kesilmeginden bir gün soň söweşijilerden gorkup gaçmaga synanyşýan raýatlary we diplomatlary ewakuasiýa edýän harby uçuşlary dikeltdi.
Kabulyň içinde köçeler 17-nji awgustda asuda boldy, howa menzilindäki ýagdaý gowulaşdy. Bir gün öň müňlerçe gorkuly owganystanly "Talyban" paýtagty basyp alandan soň ýurtdan gaçmak üçin umytsyz howa menzilini gurşap alypdy.
Aeroportda dörän bulagaýlykda azyndan ýedi adamyň öldürilendigi habar berildi, ýöne olaryň atylyp öldürlendigi ýa-da basa-baslykda ýenjilendigi belli däl.
Bulam-bujar sahnalar ABŞ-nyň harbylarynyň we halkara güýçleriniň howa meýdançasyny arassalamak üçin uçuşlary wagtlaýyn togtatmagyna sebäp boldy.
"Düýn bu ýere gelenleriň köpüsi öýlerine gaýdyp bardy" - diýip, Günbatar güýçleriniň howpsuzlyk işgäri 17-nji awgustda Reuters habar gullugyna aýtdy.
Şeýle-de bolsa habar gullugy şaýatlara salgylanyp, wagtal-wagtal ýarag sesiniň aeroportyň ugrundan eşidilýändigini habr berýär. Kabulyň aeroporty häzirki wagtda Günbatar güýçleriniň Owganystandan çykmagy üçin ýeke-täk açyk nokady bolup durýar.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri ewakuasiýa planlary we umuman Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 17-nji awgustda Brusselde gyssagly ýygnak geçirerler.