“Talyban” söweşijileri ýurduň beýleki ýerleriniň köpüsini ele geçirip, owgan paýtagtynyň etegine gelensoň, günbatar ýurtlary Kabuldaky ilçihana işgärlerini howpsuzlyga çykarmak ugrundaky tagallalaryny çaltlaşdyrýar. Şu aralykda mediada owgan prezidenti Aşraf Ganiniň ýurduny terk edip, Täjigistana gidendigi habar berildi.
Owganystanyň Milli barlyşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah Facebookda çap eden wideo habarynda tassyklamagyna görä, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurdy terk etdi, bu habar "Talyban" hökümetiň elinde galan ýeke-täk uly şäheriň, owgan paýtagtynyň etegine gelip, ony parahat ýagdaýda almak üçin gepleşik geçirýändigini aýdanyndan soň ýaýrady.
Birnäçe resminiň metbugata anonimlik şertinde aýtmagyna görä, Gani goňşy Täjigistana uçdy.
Şu aralykda ABŞ resmileriniň diplomatlaryň daş-töweregi berkidilen Wazir Akbar Han etrabynda ýerleşýän ABŞ ilçihanasyndan dikuçar bilen howa menziline çykarylýandyg barada aýdan sözleri sitirlendi.
Habarlarda dikuçarlaryň ABŞ-nyň missiýasyna sowutly ulaglar bilen utgaşykly gatnaýandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärlerine ynjyk materiallary, şeýle hem ilçihana ýa-da edara nyşanlaryny, amerikan baýdaklaryny ýa-da "propaganda işlerinde hyýanatçylykly peýdalanyp boljak" zatlary ýok etmek tabşyryldy diýip, CNN ilçihananyň işgärlerine iberilen görkezmä salgylanyp aýtdy.
Ewakuasiýa işlerine kömekleşmek we şäheriň howa menzilini goramak üçin iberilen 3000 adamlyk ABŞ goşunynyň ilkinji tapgyry Kabula 13-nji awgustda geldi.
Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi goşmaça iberilýän goşun birlikleriniň aglabasynyň 15-nji awgustda öz bolmaly ýerinde boljakdygyny we "günde müňlerçe adamy çykaryp biljekdigini" aýtdy.
Angliýa, Germaniýa, Italiýa we beýleki ýewropa ýurtlary hem diplomatlaryny we beýleki ilçihana işgärlerini ewakuasiýa etmek tagallalaryny çaltlaşdyrýar, emma Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Zamir Kabulow Moskwanyň beýle planynyň ýokdugyny aýdýar.
Kabulow Russiýanyň TASS habar gullugyna Moskwanyň Kabuldaky ilçisi bilen "göni aragatnaşykda" bolandygyny we ilçihananyň işgärleriniň "asuda" işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.
TASS-yň habaryna görä, “Talyban” Kabuldaky rus missiýasynyň howpsuzlygyny kepillendirmek wadasyny beripdir.
Russiýanyň döwlet habar gullugy “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat sekretaryna salgylanyp, bu gurama "Russiýa bilen gowy gatnaşykda" we "umuman, Russiýanyň we beýleki ilçihanalaryň işlemegi üçin howpsuz şertleri üpjün etmek syýasaty" bar diýendigini habar berdi.
Şu aralykda iňlis metbugaty ýurduň Owganystandaky ilçisiniň, "Talybanyň" basym howa menzilini basyp almak ähtimallygy sebäpli, 16-njy awgusta çenli ýurtdan çykaryljakdygyny habar berdi.